Akyl berkligi Akyl berkligi gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Bir adamyň nädip gowy türgen bolýandygy barada oýlanyp gördüňizmi? Ýa-da gowy lider, ýa bolmasa gowy hossar? Nämüçin käbir adamlar maksatlaryna ýetýär emma käbirleri ýykylýar?
Tapawut nämede?
Bu soraglary biz köplenç olaryň talantlary barada aýdyp jogaplaýarys. “Ol laboratoriýadaky iň akylly oglan bolmaly. Ol toparyndakylaryň ählisinden çalt ylgaýar. Onuň bet biznes strategiýalary bar.”
- Emma ondan (talantdan) başga-da aýdylmaly zat bar.
Dogrusy, talant we zehinlilik pikir edişiňiz ýaly uly rol oýnanok. Käbir barlaglar zehin üstünligiň 30%-ini tutýar diýýär – özem gaty gitse 30%.
- Onda akyl we talantdan kän täsir edýän zat näme? Akyl berkligi.
Maksatlaryňyza ýetmek üçin iň gerekli zat şu. Begendiriji zat bolsa, genetikaňy üýtgedip bolmaýar, ýagny örän talantly doglan bolmasaň ol soň känbir üýtgemeýär, emma akyl berkligini bolsa ösdürip bolýar.
Nädip?
Gysgaça aýtsak, berklik = dowamlylyk.
Akyl taýdan berk bolan türgenler beýlekiler ýaly däl. Olar türgenleşikleri sypdyrmaýarlar.
Akyl taýdan berk liderler deň-duşlary ýaly däl. Olaryň aýdyň maksatlary bar we onuň üçin her gün işleýärler. Olar gysga wagtlyk girdeji, negatiw teswirler, ýa-da başagaý gün tertipler üçin işlerini äsgermän gezmeýärler. Daş-töweregindäki adamlary ýokary galdyrmagy endik edinýärler – bir gezek däl, gaýta-gaýta şeýdýärler.
Akyl taýdan berk sungat işgärleri, ýazyjylar, işçiler köp adamdan has dowamly iş çykarýarlar. Olar belli bir tertipde işleýärler, diňe höwesiniň bolan wagty däl. Olar jogapkärçilikden gaçmaýarlar.
Şu 3 strategiýa size akyl taýdan berk bolmaga kömek eder:
1. Berklik siziň üçin nämedigini kesgitläň
- Siziň üçin şular bolup biler:
- Bir aý sport zalyna gün sypdyrman gitmek
- Bir hepde gaplanan iýmitler ýaly saglyga peýdaly bolmadyk zat iýmän gezmek
- Iki günläp yzly-yzyna işiňi tabşyrylmaly möhletiňden öň tabşyrmak
- Şu hepde her gün irden meditasiýa etmek
- Dostuňa jaň edip şu aý her hepdäniň 6-njy güni görşeli diýmek
- Şu hepde her agşam bir kreatiw iş edip geçirmek
2. Berklik kiçi fiziki ýeňişler bilen döredilýär
Köplenç biz akyl berkligini uly situasiýalara nähili reaksiýa berşimiz bilen baglanyşdyrýarys. Çempionlyk oýnunda nähili çykyş etdiň? Maşgala agzalaryň biri ýogalanda durmuşy durnukly saklap bilýäňmi? Biznesiň bankrot bolansoň çalt aýaga galyp bildiňmi?
- Uly ýagdaýlaryň biziň batyrlygymyzy, erjelligimizi we berkligimizi synajakdygy şübhesiz, hawa. Emma günlük ýagdaýlar näme?
Akyl berkligi edil myşsa ýaly, onuň hem güýçlendirilmegi üçin işledilmegi gerek. Eger özüňi müň dürli kiçi ýagdaýlarda iteklemedik bolsaň, elbetde ýagdaýlar kynlaşanda güýçden düşersiň.
- Emma beýle bolmaly diýen zat ýok.
9 gezek etmek aňsadrak boljak bolsa hem 10 gezek et. Gutartmak, sarp etmek aňsat boljak bolsa hem döretmegi saýla. Ýagdaýy şeýle kabul etmek aňsat bolsa-da artykmaç sorag soramagy saýla. Ringa girip durmuş bilen çaknyşyga çykyp biljekligiňi özüňe müň dürli kiçijik ýoldan subut et.
- Akyl berkligi kiçi ýeňişler bilen bolýar. Biziň günlük edýän saýlawlarymyz “akyl berkligi myşsamyzy” güýçlendirýär.
3. Akyl berkligi siziň motiwasiýaňyza däl-de endikleriňize görä bolýar
Motiwasiýa çalt üýtgäp durýar. Erk gelýär we gidýär.
Akyl berkligi uly bir ylhamyň ýa-da ýürekliligiň gelmegi däl. Ol biziň günlük tertibiň bolmagyna we ýolda ýüze çykýan päsgelçilikleri we kynçylyklary ýeňip geçmäge ýol berjek endikleri döretmegiňdir.
Berk adamlaryň has talantly, has akylly, ýa-da has ýürekli bolmagy gerek däl. Olara dowamlylyk gerek.
Durmuşda ýürekli hem gaýduwsyz bolmagy talap edýän ýagdaýlar mydama-da bolar… emma durmuşdaky ýagdaýlaryň 95%-i üçin dowamlylyk gerek.
Çeşme: jamesclear.com
0 Teswir