Erkekleriň dowamly barlatmaly 9 zady Erkekleriň dowamly barlatmaly 9 zady gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Erkekleriň aýallara garanda lukmana görünmekden has köp boýun gaçyrýandygyny bilmek üçin statistikalara seretmek gerek däl. Aýallar erkekler bilen deňeşdirilende synaglar, barlaglar we öňüni alyş saglyk maslahatlary üçin lukmana gitmäge 100% has ýakyn.
Lesli Şlaçter “Çaga lukmanyna görünmek bilen 50 ýaşlarynda ilkinji gezek saglyk gorkusy bolmak aralygynda (ýagny çagalykdan 50 ýaş aralygynda) gaty köp erkek aradan çykýar” diýýär.
Keselleriň öňüni almak üçin test etirip durmak saglyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Barlaglar howply rak keselleriniň ir wagtlarynda anyklanmagyna hem getirip bilýär.
Ine siziň dowamly etdirmeli barlaglaryňyz:
Her ýyl:
1. Gan şekeri barlagy – ýürek keseliniň riskini azaltmak üçin, glýukoza derejesini barlatmak erkekler üçin hökmany, süýji keselleriniň başlangyjynda bolanlaryň köpsini berhiz we maşk bilen ýola goýup bolýar.
2. Deri barlagy – maşgalasynda deri rak keseli bolan erkekler ýa-da ýaş wagty gün ýanyklary bolanlaryň deri rak keseli riski uly we ol her ýaşdaky erkege täsir edip bilýär. Güneş kremini dowamly ulanmak birinji orunda bolmaly.
3. Prostat keseli barlagy – erkekleriň 7-den birinde prostat keseli bolýar, şonuň üçin 50-70 ýaş aralygyndaky hemme erkek her ýyl test etdirmeli, test 40 ýaşda başlamaly.
Her 3 ýyldan:
4. Kolonoskopiýa – 50 ýaşdan ýokary erkek hem aýallarda içegäniň düwnük keseli riski artýar. Çişme içege keseli bolanlar ýa-da berhizinde köp haýwan ýagy bolanlaryň hem riski uly.
Her 4 ýyldan:
5. Gan basyşy we holesterin barlagy – gan basyşynyň ýokary bolmagy erkeklerde insulta iň uly sebäp. 20 ýaşdan ýokarylar holesterin barlagyny her 3-5 ýyldan, 50 ýaşdan soň bolsa her ýyl etmeli.
Her mümkinçilik bolan wagty:
6. Ekokardiogramma – ölüme sebäp bolup bilýän köp ýürek risk faktorlary ýönekeý holesterin testi we gan basyşy barlagy bilen anyklap bolýar. Ýöne eger maşgalada ýürek keseli bar bolsa, ýa-da ýokary holesterin ýa gan basyşynyň ýokarydygyny bilseňiz, ýürek stres testleri ýürekde ýaranyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklap bilýär.
7. Bagyr ferment testi – erkekler ortaça aýallardan köp alkogolly içgileri içýärler, bu test hem bagyra zyýan ýetip-ýetmändigini kesgitleýär.
8. Tiroid testi – tiroidiň näsazlygynyň alamatlaryna erkekler gynansakda “durmuşyň bir bölegi” diýip pikir edýär, ýöne test bir adatdan daşary ýagdaýyň bardygyny görkezse, ol köplenç dermanyň kömegi bilen bejerip bolýar.
9. Öýken barlagy – rak keselleriniň iň öňüni alyp bolýany öýken ragy diýip bilinýär. 90% ýagdaýda, ol çilim çekýän adamlarda duş gelýär. Ýyllyk döş rentgeni maslahat berlenok.
Elbetde diňe testler bilenem çäklenmän, aýal-erkek tapawudy ýok, maşk etmeli, saglyga peýdaly iýmitlerden iýmeli, köpräk suw içmeli we ukymyzy gowy almaly. Saglyk – baýlyk.
Çeşme: www.healthline.com
0 Teswir