Ertirlik edinmegiň 5 ähmiýetli tarapy wiki. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Käwagt giç oýanmak ýada oýanan wagtymyz özümizi aç duýmazlygymyz, käwagt bolsa işe gijä galmak gorkysy bilen hiç hili wagt tapmazlyk ýaly sebäplerden, ertirlik edinmegi goýbolsun edýäris. Emma ertirlik, uzak wagtlyk açlykdan soň, bedenimiziň energiýa üpjünçiligini sazlamak üçin esasy iýmitdir. Bedenimiz biz ýatyrka hem işlemegini dowam etdirýär. Agşam nahary bilen ertirligiň arasynda ortaça 12 sagatlyk wagt bar. Şol wagtyň içinde bedenimiz bütin gerekli maddalaryny ulanýar. Säher wagty ertirlik edinilmese, beýne ýeterlik energiýa barmaz. Şunlukda ýadawlyk, kellagyry, üns bozuklygy ýaly meseleler dörär.
Üstesinede geçirilen barlaglar hem ertirlik edinmegiň, sagdyn durmuş üçin örän ähmiýetlidigini görkezýär. Ine onuň 5 ähmiýetli, peýdaly tarapy:
Infakt ähtimallygyny azaldýar
Garward uniwersitetinde geçirilen barlaglara göre, ertirlik edinmeýän adamlarda, infakt bolmak howpy 27% ýokary. Infakta sebäp bolýan faktorlaryň emele gelmezliginde ertirlik edinmegiň ähmiýeti örän uludyr.
Diýabetden (süýji keselinden) goraýar
2013-nji ýylda Garward uniwersitetinde geçirilen başga bir barlagda, 46 müň 289 zenan derňewden geçirilip, ertirlik edinýän zenanlaryň 2.derejeli diýabete duçar bolmak ähtimallygynyň azdygynyň üsti açyldy. Ertirlik edinmeýän kişilerde insulin we glýukoz has köpelip, insulin bozuklygy howpy döreýär. Şol bir wagtyň özünde ertirlik edinmeýändikleri sebäpli, gündizine has köp iýip-içýärler. Bu ýagdaý bolsa süýji metabolizmasyny bozýar. Bu bozulmalaryň netijesinde süýji keseli emele gelýär.
Horlanmagyňyza peýda berýär
Agram- harjan energiýaňyz bilen alan energiýaňyzyň arasyndaky deňagramlyk. Harjan energiýamyz, alýan energiýamyzdan ýokary bolanda, horlanýarys. “Käwagt näçe az iýsem şonça gowy, onsuzam irden açygamok ahyry” diýip pikir edýäris. Şeýlelikde ertirlik edinmekden ýüz döndirýäris. Ertirlik edinmezlik bilen energiýany azaltmagymyz, näme üçin bizi semrämäge mejbur edýär?
Munuň iki sebäbi bar: Ilki bilen, ertirlik edinmeýän kişilerde güniň dowamynda fiziki işjeňlik azalýar. Elbetde munuň bilen birlikde energiýa harjanmagy hem azalýar. Harjan energiýamyz az boldugyça, horlanmagymyz kynlaşýar. Ikinjiden bolsa, aç galyp, bedenimizi “gytlyk signaly” ýagdaýyna geçirýäris. Uzak wagtlap aç galan beden, alan iýmitlerini hem ýag görnüşinde ýygnamak bilen bolýar. Şol sebäpden, bu oňaýsyz ýagdaýlary başdan geçirmezlik üçin oýanyňyzdan soň, 1 sagadyň içinde ertirlik ediniň!
Ýatkeşligi güýçlendirýär, ünsi artdyrýar
Geçirilen 45-e golaý barlaglar, ertirlik etmegiň ünsi artdyrýandygyny. Ünsi dargamagynyň öňüni alýandygyny we ýatkeşligi güýçlendirýändiginiň üstüni açdy. Ertirlik edinmek beýin üçin gerek bolan energiýany berip, öwrenmäni güýçlendirýär. Gandaky glýukozanyň adaty derejede saklanylmagy, öwrenmek ýaly beýin işini işjeňleşdirýär. Ertirlik edinmezlik netijesinde, ganda glýukoza pes derejä gaçyp, beýniniň işjeňligini peseltýär. Bu ýagdaý ünsüň dargamagyna, öwrenilýän zatlaryň netijeliliginiň peselmegine getirýär.
Bulardan başgada, insulin, seratonin, kortizol ýaly garmonlaryň bölüp çykyş proseslerine hem täsirini ýetirýär. Ertirlik edinilmedik ýagdaýynda garmonlaryň deňagramlygy bozulýar.
Güniň dowamyna ýeterlik energiýa berýär
Oýanan wagtymyz ertirlik edinmek, bize gerek bolan energiýany berýär, hemde fiziki we psihologiki taýdan özümizi gowy duýmagymyza täsir edýär. Ertirlik edinmedik kişi ýadawlyk, güýçsüzlik, üns bozuklygy, ganda glýukozanyň az bolmagy we ukusyzlyk ýaly zatlary başdan geçirýär. Ertirlik edinenler bolsa has çakgan bolýarlar. Mundan başgada ertirlik edinmedik kişiler açygan wagtlary ýagly zatlary iýmäge ýykgyn bolýarlar. Ertirlik edinenler bolsa işdälerini özleri dolandyrýar.
Saglyga peýdaly ertirlik nähili bolmaly?
Ertirligiň peýdaly taraplaryndan ýokary derejede peýdalanmak üçin, ýagly we çalt ajykdyrýan iýmitlerden daşda durmaly. Onuň ýerine bugdaý çöregi, peýnir, ýumurtga, hyýar, zeýtun ýada hoz bolsa has gowy bolar. Eger has ýeňil ertirlik edinmek isleýän bolsaňyz, onda 1 bulgur süýt, 1 porsiýa miwe bilen ertirlik edinip bilersiňiz.
0 Teswir