Jeňňeliň şasy Ýolbarsdan öwrenip bilinjek sapak Jeňňeliň şasy Ýolbarsdan öwrenip bilinjek sapak wiki. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veýa onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. Veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa,
Ýolbarslar bilen bagly dokumentalnyý filmler gördüňizmi? Eger gören bolsaňyz, olaryň öz töwereklerinde hökümdarlyk edýändiklerini, güýçli awçydyklaryny hem görensiňiz. Ýolbarslar dünýädäki iň güýçli haýwanlaryň biridir. Olara “jeňňeliň şasy” diýilmegi ýöne ýere däldir. Olaryň her bir hereketlerinde patyşalara mahsus häsiýet görmek mümkin. Meselem olaryň durmuşyna ser salsak, liderlik häsiýetleriniň olarda jemlenendigini görmek bolar.
Ýöne olaryň durmuşy kynçylyklar we böwetlerden dolydyr. Şol kynçylyklary ýeňmek üçin hüşgär bolup, az ýalňyşlyk etmeli bolýarlar. Çünki kiçijik ýalňyşlyk olaryň öz ömrüni, maşgalasyny, hökümdarlygyny ýitirmäge eltip biler.
Mundan başgada awlanmak aňsat iş däldir. Üstünlik awlamak ähtimallygy 17-19 göterimdir. Adamzatdan tapawutlylykda has şüpheçi hereket edýärler, sebäbi olarda ikinji pursat ýok. Depressiýa düşen ýolbars gördüňizmi? Ýolbarslar elmydama toprak gazanyp, onda höküm ýöretmek üçin hereket edýärler. Üstesinede hiç wagt bu maksatlaryndan yza gaýtmaýarlar. Beýle bolsa olaryň bu häsiýetine itergi berýän güýç, motiwasiýa näme?
Diri galmak. Olaryň hereket etmegine, söweşmegine sebäp diňe diri galmakdyr. Birnäçe ýolbars öz çagalaryny, öz dolandyrýan ýerlerini beýleki ýolbarslara ýitirýärler, şonda-da olar durmuşdan umydyny üzmeýär. Ine “jeňňeliň şasyndan” öwrenilmeli 6 sapak:
1. Maksat edinmek durmuşy dowam etdirmek üçin iň gowy ýoldyr.
Bir maksat goýuň öňüňizde. Muny başarmak üçin işläň. Başga çykalgasynyň ýokdygyna ynanyň. Ýolbars awlanmak we dolandyrmak üçin dogulýar. Maksadyňyza ýetmek üçin dogulandygyňyzy kabul ediň. Maksadyňyz barada pikir edip, ony itergi güýç, motiwasiýa hökmünde ulanyň.
2. Aram-aram ýalňyş, ýalňyşlyklar seni terbiýelesin!
Ýolbarslar on awynyň sekizinde üstünlik gazanyp bilmeýär. Ýöne bu ýalňyşlyklar olaryň has hem ösmegine peýda berýär. Şeýdip, maşgalalary üçin gerek bolan has uly awy awlap bilýärler. Üstünlige ýetmek üçin “ös we diri gal” prinsibini ýerine ýetirmelidiris.
3. Ünsli bolmak ähmiýetlidir.
Ýolbarslar aw awlamaga başlanlarynda has sessiz we ünsli bolýar. Birden hereket etmek bilen awyny aňsatlyk bilen awlaýar. Şol sebäpli örän ünsli hereket edýär. Mundan näme sapak alyp bileris?
Az gürlemek, ses çykarman, ünsümizi jemlemeli. Herkime maksatlarymyzdan, hyýallarymyzdan gürrüň bermeli däl. Ünsimizi diňe maksadymyza jemlemeli.
4. Elmydama birek-birege ynanyň!
Ýolbarslaryň has üns çekiji tarapy, agyr ýagdaýlarda birek-birege goldaw bolýarlar. Ýekelikde agyr zatlary başdan geçirselerde, özleriniň üstünligini ýitirmeýärler. Güýjüň içimizdedigini unutmaly däldiris. Gysga wagtlaýyn girdejiler üçin hiç kimiň göwnüne degmäň. Agyr ýagdaýlarda bolsa birek-birege kömek ediň.
5. Öz töweregiňizi goraň!
Ýolbarslar hiç kime sebäpsiz degmeýär. Ýöne kimdir biri topragyna girip, maşgalasyna ýakynlaşsa, onda söweşmekden gaçmaýarlar.
Biz hem öz durmuşymyza üns bermelidiris. Eger kimdir biri biziň durmuşymyza girip, biziň gazananlarymyzy bozmak islese, onda gyra çekilip seretmän, olar bilen söweşmelidiris.
6. Gyzykly wagt geçirmegi hem unutmaly däl!
Ýolbarslaryň durmuşy kynçylyklar bilen doludyr. Ýöne bu kynçylyklaryň öz durmuşlaryna zyýan bermekligine göz ýummaýarlar. Dostlary bilen geçiren bütin wagtlaryndan lezzet alýarlar. Edil ýolbarslar ýaly siz hem durmuşyňyzy gyzykly geçirmäge çalyşmalydyrsyňyz. Stresi we aladalary öýe alyp barmaň. Maşgalaňyz bilen gyzykly wagt geçiriň.
Ýolbarslar bize durmuşdaky kynçylyklardan baş alyp çykmagy, hakyky ýeňiş gazanan adam bolup ýaşamagy öwredýär. Köneleriň aýdyşy ýaly “Ululyk hakykatdanam ähmiýetli bolsady, pil jeňňeliň şasy bolardy”.
0 Teswir