Çagalardan 7 ugry öwrenmegimiz gerek Çagalardan 7 ugry öwrenmegimiz gerek wiki. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Çagalary gowy görýäris, edip bilmeýän zatlarymyzy edýärler, aýdyp bilmeýän zatlarymyzy aýdýarlar. Päsgelçiliksiz we çäksizdirler. Erkindirler we bagtlydyrlar. Käwagt bize sebäpsiz ýaly görünýän şadyýanlyklary bar, kiçijik bir göz gyrpma bilen hem gülmäge başlaýarlar. Bagtly bolmak üçin biz ýaly mätäçlik çekmeýärler. Bagtly bolmak olar üçin aňsat biz üçin bolsa kyn. Her näçe kiçijik zatlar bilen bagtly bolýan bolsalar hem bu bagta ýetmek üçin hereket edýärler. Şeýlelikde biz, olaryň bu gaýratlaryndan ýolumyzda we durmuşymyzda nämäni görelde alyp bileris?
1. Dünýäni görşüň ýaly gör!
Çagalar ýöremänkäler ellerini uzadyp bir zatlary ellemäge başlarlar. Analizleýärler, gyzyklanýarlar we öwrenýärler. Risk alýarlar, ýykylýarlar, ýaralanýarlar, emma gözleglerini we barlaglaryny hiç wagt goýmaýarlar. Barlamaýan we gyzyklanmaýan biri hiç wagt hiç zat öwrenmeýär.
2. Isle we agla
Çagalar aglaýarkalar öz talaplaryny aýdýarlar. Aglamak bir zady habar bermek we bir zady islemekdir. Isleýän zatlary ýok wagty hem şerraýlap aglaýarlar. Ahyry isleýän zatlaryna ýakynlaşýarlar. Edil şunuň üçin hem isle, talap et, we şerraý bol (agla)!
3. Her hili ýagdaýda hem gül…
Çagalar oýunjagyň, şokoladyň hat-da nätanyş biriniň öňünde gülýärler. Gülmeklik olar üçin täze bir bagtlylyk pursadyny döredýär. Adamyň esasy meselelerinden biri hem goranyş refleksiniň netijesinde bir zadyň otrisatel taraplaryny görüp položitel taraplaryny görüp bilmezligidir. Şunuň netijesinde gülmekligi unudýar, hat-da bu ýagdaýy gowşaklyk diýip düşünýär. Emma iň uly güýç gülmekdir. Gülmeklik her hili ýagdaýda täze gapylary, täze mümkinçilikleri hödürleýär!
4. Hereket etmek seni durmuşuň bir bölegine öwürer!
Çagalar bir ýerde durup bilmeýärler. Energiýasy köp bolan çagalary bir saklamak dünýäniň iň kyn işleriniň biridir. Hereket etmek çagalary bu durmuşyň bir bölegidigine ynandyrýar. Hereket edip gözegçilik ederler, hereket edip köçä çykarlar, hereket edip gyzykly wagt geçirerler. Iş we okuw durmuşynyň bir bölegi bolan biz ulular üçin hereketsizlik iň uly meselelerimiziň biridir. Hereketsizlik dowam etdigiçe, durmuşuň bir bölegidigimiz hakyndaky ynanç takyksyzlaşýar. Bu hem bagtsyzlyga sebäp bolýar.
5. Sorag sora!
Çagalar yzygiderli sorag soraýarlar. Bu näme? Näme ähmiýeti bar? Näme üçin? Ýaly soraglary gutarmaýar. Elmydama soraljak soraglary bardyr, hat-da soraglara sorag bilen jogap berip bilýärler. Sen bolsa ulaldygyňça sorag soramaklygy ýatdan çykarýaň. Hat-da käwagt bir soragyň saňa täze dert açjakdygy barada pikir edersiň. Emma her hili ýagdaýda “näme üçin?” diýip bilmelisiň, soraglaryň jogapsyz galmaly däldir. Sorag berdigiňçe uzak ýol geçersiň.
6. Arzuw et!
Çagalaryň arzuwlary çäksizdir. Bir kofe bişirilýän gaby ýük ulagy edip biler, jübilerinde ýok pullary çykaryp bilerler. Olar şuny bilýärler, görünýän zat däl, pikir edilýän zat bagtly eder. Çagalar arzuw edýärler we bagtly bolýarlar. Ulaldygyňça arzuw etmekligiň kynlaşýar. Oýunlar öwredijidir we oýun oýnamagy goýan wagtyň öwrenmekligi hem ýatdan çykaryp başlarsyň. Hemmämiz üçin bu şeýle bolmadymy? Ýoluňy bir oýun ýaly hasap et, öwrenmegi ýatdan çykarma. Gyzyklanyp öwren, gyzyklanmagy başar!
0 Teswir