Uky bozulmalary beýnini ir garratýar! Uky bozulmalary beýnini ir garratýar! gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Soňky ýyllarda geçirilen ylmy gözlegler, Alsgeýmer we Parkinson keseli ýaly döwrüň gorkunç newrodegeneratiw keselleri bilen ukunyň arasynda iki taraplaýyn baglanyşygyň bardygyny görkezýär; Başgaça aýdylanda, ukynyň bozulmagy bu iki möhüm keseliň döremek howpuny ýokarlandyryp biler we Alsgeýmer, Parkinson keseliniň ilkinji alamatlaryndan biri bolup biler!

Newrologiýa lukmany Dr. Mustafa Seçkin hilsiz ukynyň beýni garratýandygyny, şol sebäpli sagdyn garramak üçin ukynyň örän ähmiýetlidigini belläp geçýär. Ol bu babatda maslahatlar berdi. 

Ukynyň ähmiýeti köp adamlar tarapyndan bilnip, köp ýerlerde düşündirilsede, gynansakda muny gündelik durmuşda ýerine ýetirýän gaty az. Häzirki döwürde howply keselleriň başynda gelýän Alsgeýmar we Parkinson keseli hem ýaş wagty dogry we hilli ukynyň ýoklugyndan esaslanýar. 

Beýin saglygyna üns çekmek üçin her ýylyň mart aýynyň üçünji hepdesinde Dünýä beýin hepdeligi bellenilýär. Dr. Seçkin uky bozuklygynyň bu iki keseliň çeşmesi bolşy ýaly alamaty hem bolup biljekdigini aýtýar. 

Alsgeýmer keselindäki ýatdan çykarma hadysasy, Parkinson keselindäki el titremesi, hereketleriň haýallamagy, 10-20 ýyl öňki uky bozulmalarynda bildirip başlaýar. 


Beýni toksiki maddalardan arassalaýar!

Saglyga peýdaly ukuda adamyň beýnisinde Alsgeýmeriň ýüze çykmagynda rol oýnaýan toksiki beloklar tämizlenýär. Dr. Seçkin bu babatda şeýle diýýär: “Eýýäm ýylyň başynda çap edilen makalada ýaşlaryň ukusyz galansoňlar, beýinlerinde toksiki beloklaryň köpelendigi anyklanyldy. Alsgeýmer keselinde hem ilki beýin funksiýalary bozulýar, wagtyň geçmegi bilen beýindäki öýjükler ölýär we beýin kiçelmek bilen bolýar. Eger alsgeýmer hassasy wagtly wagtynda ukusyny alyp dursa, onda bu proses hem haýallaýar. Çünki sagdyn ukynyň dowamlylygynda amiloidiň kömegi bilen beýindäki toksiki beloklar arassalanýar. Şol sebäpli hem eýýäm kiçi ýaşlarda sagdyn uky örän ähmiýetlidir”.


Stresse, gaharjaňlyga, alada we depressiýa sebäp bolup biler!



Uky ilki bilen adamyň duýgy ýagdaýyna täsir edýär. Uky bozulmalary bolsa depressiýa, sosial izolasiýa, stres, gaýgy, gaharlylyk ýaly duýgy bozulmalaryny emele getirýär. Dr. Seçkin bu babatda şeýle diýýär: “Mundan başgada uky bozulmalarynyň beýin damar keselleri bilen baglanyşygy anyklanyldy.”

Ukynyň dowamlylygy dälde hili ähmiýetli!



Ukynyň hili gowy bolmadyk ýagdaýynda uzak wagtlap uklamagyň peýdaly däldigini, iň oňat uky wagtynyň adama görä üýtgeýändigini, ýöne ortaça 7-8 sagat uky ýeterlik boljakdygyna üns çekýänMustafa Seçkin: “Uky bilen genetikanyň arasyndaky baglanyşygy öwrenýän gözleglerde, ADRB1 ýa-da DEC2 genlerinde mutasiýa bolan adamlaryň 4-6 sagat uky bilen oýanyp biljekdigi görkezildi. Uky pudagyndaky bu ösüşleriň netijesinde ukynyň dowamlylygy däl-de, “ukynyň hili” düşünjesi nygtaldy. Beýleki tarapdan, gaty giç uklamak we günortan oýanmak dynç almak bilen deň däldigi mälimdir.”diýip belleýär.

ÝOKARY HILLI UKUNYŇ 6 KADASY:

30 minutda uklamak

Bir gezekden köp oýanmazlyk

Gije oýanaňda 20 minudyň içinde ýatmak

Düşekdäki wagtyň 85%-i ukyda geçirmek

Ukynyň ýeterli mukdarda bolmagy

Esasanam melatoniniň önýän wagty, ýagny 23:00-dan 6:00-a çenli ukyda bolmak

Uky dermanlaryny içmäň!

Uky dermany meselesinde lukman Seçkin, olaryň ýaşlara garanyňda garrylarda has täsirlidigini, üstesinede käbir howplary döretýändigini belleýär. Şol sebäpli hem uky dermanlaryndan mümkin boldugyça daş durmalydyr. Uky dermanlarynyň käbiri el titreme we beýleki käbir zyýanly täsirleri bildirip biler. Şol sebäpli hem newrologiýa lukmanyna maslahatlaşmazdan uky dermany içmek dogry däldir.


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir