“Kitap okamagy nädip söýmeli?” “Kitap okamagy nädip söýmeli?” gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veýa onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. Veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa.
Döwrümiziň meselesi:
Kitap okamazlyk!
Köp wagt oturyp pikirlenýärin, wagtymyzy beter boş geçirýäris. Elimizde telefon, öňümizde kompýuter… Sosial medýanyň wagtymyzy almagy…
Wagtyň nähili gymmatly zatdygyny düşündirmek gerek däl, bu hemmelere mälim. Her kim arzuw etmegi, pikirlenmegi, düşünilmegi, gürrüň etmegi halaýar. Ýada halaýan ýaly görünýär. Çünki pikirlenmek, düşünilmek, gürrüň etmek üçin bir zatlar okamak gerek. Gynansakda bizde kitap okamak endigi az. Hatda kitaba ähmiýet berlenegom. Geliň biz özümizi düzetmek üçin nädip kitap okamak endigi edineris şony öwreneliň.
1. Ilki bilen “haýsy görnüş kitap ünsümi çekýär?” diýen soraga jogap beriň!
Okamaga başlamazdan haýsy ugura isleg bildirýändigiňizi anyklaň. Töweregiňizde kitap okaýan bar bolsa maslahat soraň. Ondan soň okajak kitabyňyzy saýlaň!
Mysal üçin:
Maşgala, ýatlama, gözleg, biýografiýa, dessan, roman…
2. Galyň kitap okap başlamaň!
Kitap okamaga inçe kitaplardan başlaň!
3. Okamak üçin ýer saýlaň!
Kitap okanyňyzda ünsüňiziň bozulmazlygy üçin sessiz ýer saýlaň. Yşyk, oturan ýeriňiziň rahatlygy hem ähmiýetlidir.
4. Her gün hökman okaň!
Her gün kitap okamak üçin 1 sagat aýryň. Başda kyn düşmegi mümkin, emma wagtyň geçmegi bilen endik bolar.
5. Kitap, elmydama ýanyňyzda bolsun!
Boş wagtlaryňyzda telefona gümenip biderek wagt geçireniňizden, boş wagt tapylan halatynda kitap okaň. Täze zatlary öwrenersiňiz.
6. Ýazyjy saýlaň!
Okajak kitabyňyzyň görnüşi ähmiýetli bolşy ýaly, ýazyjysy hem ähmiýetlidir. Käbir ýazyjylaryň dili, hekaýany gürrüň beriji adamlara özüne çekýär. Halan kitaplaryňyzyň ýazyjylaryny biliň we olaryň kitaplaryndan okaň. Emma diňe bir adamyň pikiri bilen hem kanagatlanmaň, täze pikirler üçin başga ýazyjylaryň eserlerini hem barlap görüň.
7. Aşagyny çyzyp okaň!
Kitap okalanda ünsüňi jemlemek ähmiýetli. Käbir ýerlerini halan bolsaňyz onda onuň aşagyny çyzyň. Bu siziň oňa has üns bermegiňizi üpjün eder.
8. Elimizde kitap barka, täze kitaba başlamaň!
Kitap okamagy endik etmegiň bir ýoly hem bir kitaby ýarysynda taşlamazlyk. Bir kitaby başlap, ony taşlamak soň ýene şeýle etmek bilen siz hiç hili üstünlik gazanyp bilmersiňiz.
Ünsüňizi çekmejek kitaby okamak sizi ýadadyp biler. Şol sebäpli birinji madda üns bermek gerek.
9. Okanlaryňyzy şol ugurda ökde biri bilen paýlaşyň, pikir alyşyň!
Okan kitaplarymyz barada gürrüňdeşlik etmek bizde täze kitap okamaga höwes döreder. Şol sebäpli käwagt ýakynlaryňyz bilen meňzeş kitaby okaň!
10. Kitap sergilerine aýlanyň!
Dostlaryňyz bilen kitap sergilerine gidiň. Kitaplar barada gürrüň ediň. Şeýlelik bilen kitabyň durmuşyňyzda uly orny bolar.
Çeşme: www.kooplog.com
0 Teswir