Küşt oýnap horlanyp bolarmy? Küşt oýnap horlanyp bolarmy? gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa.
Küşt oýnap horlanyp bolarmyka? Geliň muny bilelikde öwreneliň!
Bir adam size diňe oturyp, maraton ylgan türgenden köp kaloriýa ýakarsyňyz diýse nähili pikir edersiňiz?
Küşt bilen gyzyklanýan köp adam, 1984-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Karpowyň, 2000-nji ýylda Wladimir Kramnigiň ýitiren agramyndan habarlydyr. Edil şonuň ýaly-da, küşt sportçylarynyň köpüsiniň özüne laýyk agramda görünýändigi mälim. Ýöne diňe pikirlenmek bilen artykmaç agramdan dynmak mümkinmi? Geliň bilelikde gözden geçireliň:
Ynsan beýnisi bedeniň 2-2.5 göterimi tutsada, sarp etýän energiýasy 20-25 göterimdir (Duke uniwersitetinde geçirilen barlaga görä çaga ýaşlarda bu 60 göterim). Ulagyň hereket etmegi üçin benzin gerek bolşy ýaly, beýniniň işlemegi üçin hem glukoza mätäçligi bar. Şol sebäpli beýni gerek ýerinde gandaky glukozany çalt gutarýar. Şol sebäpli täze energiýa çeşmesine mätäçlik emele gelýär. Bu sebäpden hem küşt oýnamak ylgamakdanam has köp kaloriýa ýakmaga kömek edip biler.
Onda arkaýyn iýip, oturyp horlanaryn!
Gynansakda bu mümkin däl. Belli bir galyplardan çykanda beýni köp energiýa sarp edýär. Öýde oturmak beýnini bütin gün ýatlamalaryňyz hakda pikirlenmäge mejbur etmeýär. Kynçylyk çekmeýän beýni ýokary kaloriýany sarp etmeýär. Ýokary kaloriýany sarp etmegiň syry: beýnini ozal tanyş däl bir meselä gönükdirmek we ony çözmäge synanyşmak. Meselem: gitara çalmagy öwrenmek isleýärsiňiz. Adaty bolmadyk bu hereketde, beýni neýronlaryň arasynda täze sinapslary döreder, şonuň üçin sarp edilýän energiýanyň mukdary ýokary bolar. Ýöne birneme wagt geçenden soň, gitara çalmak häsiýetine çydamly beýni gitara çalmagy “adaty” diýip kabul eder we ony psiho-motor hereketine goşar. Bu ýagdaýdan soň beýni ýokary kaloriýa ýakmagy bes eder.
Küştiň beýlekilerden tapawudy näme?
Küşt oýnunda, iki oýunçy bir gezek hereket edensoň, tagtada 400, iki hereketden soň 72.084, üç hereketden soň 9.000.000, dört hereketden soň 288.000.000.000, alternatiw hereket bar. Şeýlelikde beýni täze hereketler babatda köp pikir etmäge başlar. Alternatiw hereketleriň köp bolmagy, köp kaloriýanyň ýakylmagyna peýda berýär.
Ylmy taýdan tassyklananmy?
2009-njy ýylda nerw ulgamy boýunça lukman professor Robert Sapolski geçiren barlaglary netijesinde ýokary derejeli küştçiniň günde 6000 kaloriýa ýakýandygyny aýdypdyr. Hem-de 2004-nji ýylda özbek ussat Rustam Kasymşanowyň ýaryş tamamlanandan soň 7 kg horlanandygyny mysal görkezipdir.
Bu barlaga haýran galan amerikan kompaniýalardan biri hem bu babatda 2018-nji ýylda barlag geçirip, rus küştçi Mihail Antipowyň küşt oýnan mahaly 2 sagatda 560 kaloriýa ýakandygyny anyklapdyr.
Bu kaloriýa 1 sagat tennis oýnamak we 55 minutda 10.8 km ylgamakda ýakylýan kaloriýa bilen deňdir.
Umuman, küşt oýnap hem beýnimizi hemde saglygymyzy berkidip bileris.
Çeşme: seyler.eksisozluk.com
0 Teswir