Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň! Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň! gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Özüňizi käwagt ýeke duýýaňyzmy? Elbetde bu köp adamda bolýan zat. Iň sosial adamlar hem arasynda beýle ýagdaýa duçar bolýar. Ine biz size bu makalamyzda özüňi ýeke duýaňda ýatlamaly on iki zat barada gürrüň bereris.

1) Munuň ýaly duýmagyň ýalňyş däldigini kabul ediň!

Her kim wagtal-wagtal ýeke bolmaly. Elbetde, bize bu zerur. Elbetde, adamlar bilen hemişe aragatnaşyk saklamaga öwrenişen bolsaňyz, bu döwürler siziň üçin kyn günler bolup biler. Şeýle-de bolsa, ýeke bolmak, özüňe bolan ynamyňy artdyrar.

2) Ýekeligi öz bähbidiňize öwrüň!

Şu sözi eşiden bolsaňyz gerek: “Nirä gitýändigiňi bilmek üçin nirdedigini bilmek gerek”. Ýekelik siziň bir zatlara göz ýetirmek üçin etýän aladaňyzyň netijesidir. Ýekelikde özüňize beren jogaplaryňyz ýalansyzdyr. Unutmaň durmuşda siziň duýýanlaryňyzdan artykmajy bardyr.

3) Ýekeligiň özüňizi tanamagyň bir ýoludygyny ýatdan çykarmaň!

Sizi rahatlandyrýanam bolsa, başga birine derdiňi paýlaşmak käwagt peýdasyz bolup biler. Hemde beýniňiziň bir meselede jemlenmeginiň öňüni alyp biler. Şol sebäpli ýekeligiň size berlen nygmatdygyny ýatdan çykarmaň.

4) Pikirlenseňiz köp zady dolandyryp bilersiňiz!
Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň!

Ýekelikde köplenç adam erbet pikirlenmäge ýykgyn bolýar. Şol sebäpli hamana özümizi ezilen ýaly duýup bileris. Ýagdaýlary doly seljerip, dogry pikirlenmegi başaryň!

5) Ýekelikde size taýýarlanan azatlyk bardyr!

Köplenç adamlar ýeke galmak bilen özüňe ýüregiň awamagyny bir hasaplaýar. Emma bu başgaça. Siz ýekeligi kiçilik bilmän, azatlygyň ýoludygyny unutmaň! Köplenç biz başgalarynyň bize baha bermegini isleýäris. Emma ýekelikde beýle ýagdaý bolmaz. Siz karar bermekde azat bolarsyňyz. Ýeke boluň ýada bolmaň, siz başgalaryň baha bermegine mätäç däl!

6) Özüňizi bolşy ýaly kabul ediň!
Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň!

Ýekelik we bir netijä gelip bilmezlik, siziň aslyňyzdan uzaklaşmagyň netijesinde emele gelýär. Belkide bu iki ýagdaý yzly-yzlyna dowam etýän ýagdaýdyr. Belkide täze häsiýetimiz öňkiden gowudyr. Üýtgeşme hökmanydyr. Täzelige açyk boluň! Öz boluşyňyzy hem kabul ediň.

7) Eliňizde baryny ediň!

Köplenç bu ýagdaýa düşem adamlar, özlerini pes duýýarlar. Şeýle ýagdaýda eliňde baryny edip, özüňe bolan ynamy güýçlendirmeli.

8) Unutmaň! Eger göreşseňiz bu döwür örän ähmiýetli!
Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň!

Ýekelikde wagtyňyz eden etmişleriňiz ýada düşüp biler. Şol wagt olary dogry bahalandyrmak gerek. Olardan diňe negatiw düşünje çykarmak dogry däl. Puşmanlyga çümmezden dogry eden hereketleriňiz barada pikirleniň!

9) Hemme zadyň bir sebäbi bardyr!

Size durmuşda bolan zatlaryň hemmesi bir zatlar öwretmek üçin boldy. Eger güýçli bolsak olary ýeňip geçeris. Ýekelik hem belli bir derejede şeýledir. Belkide bizi täzeliklere taýýarlaýandyr.

10) Gündelik ediniň!
Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň!

Ýekelik duýgusyny başdan geçireniňizde gündelik tutmak örän peýdalydyr. Gerek bolan ýagdaýda geçmişe seredip bu ýagdaýlary nähili ýeňendigiňizi öwrenip bilersiňiz.

11) Bu ýagdaý diňe sizde bolanok!

Bu ýagdaýy diňe siz başdan geçireňizok. Ýekelige düşen adamlar köplenç bu ýagdaýy başdan geçirýär. Töwerekdäkileriň hemmesine özenýär. Olar hem şu ýagdaýda bolup biler. Emma aýtmaýan bolup biler, edil seniň aýtmaýşyň ýaly. Ýakyn dostuňyz bilen bu pikirleri paýlaşyp, bir zatlar öwrenip bilersiňiz.

12) Bu ýagdaý uzak dowam etse, kömek soramakdan çekinmäň!
Özüňizi ýeke duýan wagtyňyz şu ýatlaň!

Her kim özüni ýitiren we ýalňyz duýýan ýagdaýlary başdan geçirýär, ýöne köp adam tiz wagtdan bu duýgulary ýeňip geçýär. Kynçylyklaryňyz pikir edişiňizden has uzak dowam etse, kömek soramaga çekinmäň. Başdan geçirýän ýagdaýlaryňyzy rasional seljermek ukybyňyzyň ýitip başlandygyny we ýeňip

bilmejek duýgularyňyzyň sizi gurşap alýandygyny duýsaňyz, lukmançylyk kömegini almak iň gowy ädimdir we hiç haçan ýalňyş däldir.

Çeşme: ceotudent.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir