Dyrnak görnüşleri we kesel alamatlary haýsylar? Dyrnak görnüşleri we kesel alamatlary haýsylar? gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Iýmitlerden alýan witaminlerimiz we minerallar bedeni saklamak üçin organlara gidýär. Soňra deri, saç we dyrnaklar iýmitlenýär. Organlarda ýüze çykýan näsazlyklar belli bir wagtdan soň daşky keşbe täsir edip başlaýar. Muňa hem keseliň alamatlary diýýäris. Biz bu makalada şol keselleriň dyrnakdaky täsirini gürrüň bereris. Haýsy witaminler we minerallar dyrnagyň üýtgemegi, inçelmegi ýa-da deformasiýa bilen baglanyşykly? Dyrnaklara nädip ideg etmeli?
Deformasiýa, dyrnagyň reňklenmegi we dyrnagyň galyňlaşmagy ýaly meseleler adatça dyrnak kömelekleriniň(gribok) alamatlarydyr. Bu kesel örän howply keseldir. Ýagny dyrnagyň doly bozulmagyna eltip biler.
Dyrnak kömelegi bejerilmeli möhüm mesele. Şonuň üçin dyrnaklaryňyzyň ýoýulandygyny, reňkiniň üýtgändigini we gaty galyň ýada aşa ýuka bolýandygyny duýsaňyz, lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär. Şeýle hem, çaý agajynyň ýagy dyrnak kömeleklerini bejermekde örän täsirli maddadyr. Arassalanan we ýuwulan dyrnaklara her gün 1-2 damja çaý agajynyň ýagyny damdyryp bilersiňiz.
Dyrnak şekilleri we olaryň manysy
Uly dyrnaklar: Uly dyrnaklar, barmaklaryň ujunda çişen ýaly görünýän dyrnak gurluşydyr.
Bu gurluş: Bagyr keseli, içegäniň çiş keseli, AIDS, öýken keseli (esasanam dem alyş problemalaryňyz bar bolsa) ýaly keselleriň alamatydyr.
Gury we döwük dyrnaklar: Adatça döwük dyrnaklar bakteriýa ýokançlygy we gormon deňagramsyzlygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem, tiroid keseli döwük we gury dyrnaklara sebäp bolup biler. Kömelek dyrnaklary hem guradýar we dyrnaklar çöküp başlaýar. Dyrnaklaryňyz çalt döwülse ýa-da ýarylsa ýa-da umuman gowşak bolsa, kozmetiki önümleri çalmak maslahat berilmeýär.
Dik çyzyklar: Sagdyn dyrnaklarda göze görünmeýän çyzyklar bolmaly. Dyrnaklardaky çyzyklar käbir meseleleriň alamaty bolup biler: demir ýetmezçiligi, garrylyk.
Dyrnak çukurlary / düwünleri: Sink ýetmezçiligi, Alopekiýa areata (saç dökülmegine sebäp bolýan awtoimmun bozulmasy), birleşdiriji dokumanyň bozulmagy bu çukurlara sebäp bolup biler.
Çemçe dyrnaklary: egrilen ýumşak dyrnaklara çemçe dyrnaklary diýilýär. Bu ýagdaý Ganazlyk, gipotireoz, ýürek keseli, gemohromatoz (bedeniňiziň aşa köp demir siňdirýän bagyr keseli) demir ýetmezçiliginiň alamaty bolup biler. C witaminiň ýetmezçiligi hem sebäpli çemçe dyrnaklar döräp bilýär.
Bölünýän dyrnaklar: Bu görnüşli dyrnaklar köplenç keselden soň duş gelýär. Bu dyrnaklar, köplenç dyrnaga çalynýan kozmetiki önümler çalynyp, döwüler, bölüner öýdülse-de, aslynda käbir keselleriň alamatydyr. Olara dowamly iýmitlenmezlik, C witamini we belok ýetmezçiligi sebäp bolup biler.
Galyň dyrnaklar: Güýçli dyrnaklar gowy zat hökmünde garalsada, galyň dyrnaklaryň bolmagy adaty zat däl. Bu ýagdaý öýken keseli, aýlanyş problemalary, kömelek, tiroid problemalary sebäpli ýüze çykyp biler.
Gara dyrnaklar: Dyrnaklardaky gara çyzyklar gara derili adamlarda adaty zat bolsa-da, deriniň garalmagy ýürek keseliniň alamaty bolup biler. Bu ýagdaýda Melanoma töwekgelçiligi hem döräp biler, şonuň üçin lukmanyňyz bilen maslahatlaşmagyňyz maslahat berilýär.
Dyrnaklaryň reňkiniň üýtgemegi: Dyrnaklaryňyzyň içki bölegine ýakyn bölekleri gülgüne bolmaly. Bu sagdyn dyrnagyň gurluşyny görkezýär. Dyrnaklaryňyz reňki üýtgäp başlasa, onda bedende käbir näsazlyklar bar bolup biler.
Ak dyrnaklar: Dyrnaklaryňyz adaty reňkden tapawutly ak reňkde bolsa, bu gepatit ýaly bagyr meselesini görkezip biler.
Gök dyrnaklar: Gök dyrnaklar gandaky kislorodyň pesliginiň görkezijisidir. Operasiýa ýaly saglyk amallarynda dyrnaklara lak çalmazlyk düzgüniniň sebäbi, operasiýa wagtynda kislorod ýagdaýyna dyrnaklar arkaly düşünip bolýar.
Gyzyl / goňur çyzyklar: Dyrnak düşegindäki gyzyl çyzyklar ýürek klapan kesellerinden biriniň alamatydyr.
Ýaşyl dyrnaklar: Ýaşyl reňkli dyrnaklar bakteriýa ýokançlygynyň alamatydyr.
Ak tegmiller: Köp adamda görüp boljak bu aklar nesil yzarlamasy, şikes, aşa köp kozmetiki önümleri ulanmak ýa-da belok we sink ýetmezçiligi, ýürek ýetmezçiligi, süňk döwükleri, inçekesel we B-12 ýetmezçiligi sebäpli döräp biler.
Dyrnagyň batmagy: Aýratynam başam barmaklarda görnüp bilýän bu ýagdaý dyrnagyň nädogry kesilmegi, aýakgabyň nädogry saýlanmagy ýa-da galyň dyrnaklaryň bolmagy sebäpli döräp biler.
Gorizontal çyzyklar: dyrnakdaky keseligine çyzyklar, sink ýetmezçiligi ýa-da süýji keseli sebäpli ýüze çykýar.
Gysgyç dyrnaklar: Bu egrilen dyrnaklar aşa köp manikýur ýa-da nesil yzarlamagy, aýakgap ýalňyş saýlanmagy sebäpli ýüze çykyp biler.
Ýumşak dyrnaklar: Aýrylan, boş dyrnaklar gipertiroidizmiň alamaty bolup biler.
Dyrnagy dişlemek: Dyrnagy dişlemek köplenç aladanyň we stresiň alamatydyr.
Dyrnaklara nädip ideg etmeli?
- Dyrnaklara ýalňyş manikur-pedikur etdirmek, dyrnaklarda şekil bozulmalaryna getirip biler. Şol sebäpli bulary dogry ýagdaýda etmegi öwrenmeli ýada işini başarýan birine etdirmeli.
- Aýak dyrnaklaryny düz ýagdaýda, el dyrnaklaryny owal ýagdaýda kesmegi özüňize endik ediniň
- Beter düýpden kesilen dyrnaklar, goparylan dyrnak etleri, infeksiýa alyp, şekil bozulmalyryny başdan geçirer.
- Dyrnaga ideg edýän ýeriňiz hem arassa bolmalydyr.
- Esasanam dyrnaga seretmek üçin özüňiziň enjamlaryňyz bolsun.
Çeşme: www.ntv.com.tr
0 Teswir