Mifomaniýa näme diýmek? Mifomaniýa näme diýmek? gurrun . Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Halk arasynda ýalan sözlemek keseli hökmünde bilinýän mifomaniýa keseli, psihologiki keseldir. Geliň bu babatda käbir maglumatlary öwreneliň:

Çagalykdan ýalan sözlemegiň dogry däldigi öwredilen hem bolsa, her bir adam ýalan sözläp biler. Geçirilen gözlegler adaty adamlaryň günde azyndan 1-2 gezek ýalan sözleýändigini görkezýär.

Ýalançylygy jikme-jik gözden geçiren gözlegçi Braýant (2008), niýetine, netijesine, peýdasyna, takyklygyna we kabul ederlikliligine görä olary toparlara böldi. Braýantyň gözlegine görä ýalan:

Hakyky ýalan: erbet niýetli we ýalançydyr. Ol ýalan sözlemekde özüne peýda görýär. Beýleki adamlara zyýan ýetirýänligi sebäpli, bu howply ýalan hökmünde görülýär.

Ak ýalan: hilesiz we gowy niýet bilen aýdylan ýalandyr. Başga bir adamy gynançdan, dertlerden halas etmek maksady bilen aýdylýar. Netije zyýanly däldir.

Çal ýalan: niýet belli däl, gowy ýada erbet niýet bilen aýdylyp bilner. Netijesi belli däl. Käwagt gowy käwagt erbet netije berip biler.

Patologiki ýalan sözlemek endigi, Psihiatriýada mifomaniýa hökmünde kesgitlenilýär. Bu  keseli bolan adamlara mitomanas diýilýär. Mifomaniýa grek sözleriniň muthos (rowaýat) we latyn mania (däli) sözleriniň utgaşmasydyr. Psihiatriýada pseudologia fantastica hem diýilýär. Mifomaniýa näsaglary ýeterlik derejede öwrenilmeýär we bu babatda ylmy işler taýýarlanylmaýar.

Bu keseliň alamatlary näme?

Mifomaniýa hassalary ýalan sözleýärler. Olaryň pikirleniş usulyna ‘jadyly pikirlenmek’ diýilýär. Hyýaly pikirleriniň hakykatdygyna ynanýarlar. Çagalarda adaty hasaplanýan bu ýagdaý ulular üçin patologiki ýagdaýdyr.

  • Adaty adamlar ýalan sözlänlerinde utanç we günäkärlik duýup bilerler, ýöne mifomalar beýle däl.
  • Köplenç owadan we täsirli fantastiki ýalanlary aýdýarlar.
  • Ýalan sözläp özlerini möhüm adam ýa-da gahryman ýaly görkezýärler.
  • Köplenç öz ýalanlaryna ynanýarlar.
  • Köne ýalanlaryny goldamak üçin yzygiderli täze ýalan oýlap tapýarlar.
  • Köplenç ýalan sözlänlerinde bähbit gözlänoklar.
  • Käwagt öz-özüni günäkärläp we zyýan berip biler.
  • Ilatyň arasynda ýüze çykma derejesi 1000 adamdan 1-dir. Erkeklerde we aýallarda deň derejede ýüze çykýar.
  • Ösüşi 15-16 ýaşdan başlaýar we bejerilmese uly ýaşa çenli dowam edýär.
  • Mifomaniýa hassalarynyň sözleýiş ukyby gaty ýokary.
  • Mifomaniýa näsaglary stresli ýagdaýlardan gaçmak üçin ýalan ulanyp bilerler. Mifomlar hakykatlaryndan üzňe adamlar. Ýokary aladaly ýagdaýlarda has köp ýatýarlar.
  • Ogurlyk, kezzapçylyk, galplyk edenleriň arasynda mifomaniýa keselli adamlar ýüze çykaryldy. Esasanam telefon aldawçylary bu toparda hasaplanýar.
  • Özlerini bolşy ýaly kabul edip bilmeýän adamlar.
  • Ýalanlaryny geçmişiň ýatlamalary ýaly aýdyp bilerler.
  • Maşgala gatnaşyklary wagtyň geçmegi bilen ýaramazlaşýar.
  • Sosial izolýasiýa, özlerini öwrenilmedik zehin hökmünde görmegine sebäp bolýar.
  • Käwagt ýalan detektorynda tutulmazlygy mümkin. Sebäbi olar beýleki adamlaryň ýalan detektoryna berýän fiziki reaksiýalaryny bermeýärler.
  • Mitoman adamlar elmydama hyýaly ssenariýalary, hyýaly wakalary we adamlary oýlap tapýarlar we aýdýan bu ýalanlaryna ynanýarlar. Bu görnüşdäki adamlar bütin ömrüni ýalana esaslandyrýarlar.
  • Mifomaniýa hassalary özleriniň kesellerinden bihabar. Şol sebäpli özbaşdak lukmana ýüz tutmaýarlar. Ýaşaýan adamlary oňaýsyz bolup, lukmana äkidýärler.

MIFOMANIÝA NÄHILI ÝÜZE ÇYKÝAR?

Psihiatrik keselleriň klassifikasiýasynda mifomaniýa aýratyn diagnoz hökmünde agzalmaýar. Şeýle-de bolsa, bu käbir keselleriň alamaty bolup biler. Bu keseller:

  • Bipolýar bozulmalar
  • Üns ýetmezçiligi sindromy
  • Impuls dolandyryş problemalary
  • Neşekeşlik
  • Narkistik şahsyýetiň bozulmagy
  • Gynanç bozulmalary

Mifomaniýa näsaglaryna geçirilen gözegçiliklerde olaryň käbirinde epilepsiýa ýa-da EEG keselleriniň, öňki kelle şikesleriniň we maşgaladaky psihiatrik näsaglaryň bardygy ýüze çykaryldy. Mifomaniýa, adatça ýetginjeklik döwründe şahsyýetiň ösüşi iň çalt bolanda başlaýar. Diagnoz, adatça 21-22 ýaş aralygynda edilýär.

Bu keseli nähili bejermeli?

Bejergi alýan adam ilki bilen öz ýagdaýyny bilmelidir. Eger ol zor bilen äkidilse bejergi peýdasyz bolup biler.

Çünki ol özüni dogry hasaplaýar we aýdýan ýalanlaryna ynanýar.

Bu keseliň zyýanyny 3 usul bilen azaldyp bolar:

Biliş terapiýasy: Biliş terapiýasynyň maksady, mifomalarda özüni pes hasaplamagyň we özüňe ynamsyzlygyň köküni tapmak. Soň bolsa şol wakalara degişli maslahatlar bilen bejergi etmek. Aýry-aýry ýa-da toparlaýyn bejergini saýlap bolýar. Jübütleriň bilelikde bejergisi oňyn netijeleri berýär.

Aragatnaşyk: Mifomaniýa bejergisi orta we uzak möhletli iş. Näsag terapewtine ynanmalydyr. Psihiatrlar we ýakyn maşgala agzalary sabyrlylygy, rehimdarlygy we erjelligi görkezmelidirler.

Derman bejergisi.

Çeşme: www.ntv.com.tr


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir