Ýaponlaryň pul tygşytlamak sungaty: Kakeibo! Ýaponlaryň pul tygşytlamak sungaty: Kakeibo! gurrun . Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Pul tygşytlamak kyn. Hakykatdanam kyn. Näçe taýýarlykly bolsaňyzam, aýyň ahyrynda hasabyňyzda birnäçe dollardan başga zat galmaýar, şeýlemi? Aýlygyňyzyň köpüsi öý tölegine gidýär, soň bolsa garaşylmadyk ýerlerden çykdajy çykýar. Kelläňiziň aňyrsyndaky kiçijik ses: “Näme üçin biynjalyk bolýarsyň? Her niçigem bolsa jaý satyn almaga pulum bolmaz. Bu aýlyk bilen nädip alaýyn?” diýýär. Soň bolsa gysga wagtlaýyn keýp etmek üçin galanja puly hem sarp edýäris.
Ýaponiýanyň durmuş ýörelgesi bolan Kakeibo-a göz aýlaň. Kakeibo, 1904-nji ýylda Ýaponiýanyň ilkinji zenan žurnalisti Hani Motoko tarapyndan oýlanyp tapyldy we iş bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň maliýe ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin döredildi. Fumiko Çiba bu usuly gollanma üçin “Kakeibo: Ýaponiýanyň pul ýygnamak usuly” ady bilen kitap hökmünde neşir etdi.
Bu ýörelge şeýle: her aýyň başynda Kakeiboňyzyň başyna geçýärsiňiz we näçe mukdarda pul sarp etmeli, näçe mukdarda saklamaly, maksada ýetmek üçin nämeler etmeli, şony meýilleşdirýärsiňiz.
1) Ünsümizi tygşytlamakdan çykdajylara geçirmeli
Ýazyjy Çiba puly dolandyrmak meselesinde özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli diýip belleýär. Ol “Gowy tygşytmalak üçin gowy sarp etmeli” diýip belleýär. Munuň tersi hem mümkin.
Çiba “Ýaşamak we bir zatlardan lezzet almak üçin köp işleýäris” diýýär. “Pul ýygnan wagtymyz bu hakykaty ýatdan çykarmaly däl”.
2) Bir zatlar ýazmak peýdaly bolar
Kakeibo usulyny ulanmak, çykdajylaryňyzy ýazmak bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, bellemek üçin telefonlary ýada kompýuterleri ulanmak maslahat berilmeýär. Kagyzy we ruçkany ulanmak amalyýetiň möhüm bölegi. Ýazyjy Çiba: “Ömrümiziň köp bölegi telefonlarymyzda ýa-da kompýuterimiziň ekranlarynda bolýar. Maliýe hasabymyzy ýazga almak, pul harçlamagymyzdaky duýguny berýär. Kagyz ýüzüne ýazmak, bu imitasiýadan halas edýär we çykdajylarymyza jikme-jik seretmek üçin wagt we giňişlik berýär” diýip belleýär.
Çiba, Kakeibo-ny bu manyda ulanmagyň birkemsiz pikirleniş maşkyna öwrülendigini aýdýar. “Dünýämiz şeýle bir çalt hereket edýär welin, köp zady satyn alyp we gaty çalt töläp bolýar. Kakeibo satyn alýan zatlarymyzy haýallatmaga we asuda, ölçegli pikirlenmäge kömek edýär.
“Şonuň üçin aýyň başynda hakykatda näçeräk puluňyzyň bardygyna bilmeli we ýazmaly. Aýlygyňyzdan başlap, ejeňizden sowgat alan 20 dollaryňyza çenli ýazyň. Soňra “kesgitlenen çykdajylaryňyzy”, ýagny kärende tölegi we şuňa meňzeş aýyň dowamynda sarp edilmeli zatlary bir ýere ýazyň. Soňra bar bolan puldan aýryň. Bu siziň tygşytlan pul mukdaryňyzy görkezer. Belki başky aýlarda az mukdar bolup biler. Emma bu entek başy ahyry.
3) “Zerur zatlar” we “Isleýän zatlarymyz” meselesine çynlakaý çemeleşmeli
Kakeibo ulanmak, maddy ýagdaýy tertibe salmakdyr. Ýokarky aýdylan zatlary eden bolsaňyz, näçe pul gelýär, näçe pul gidýär hasaplap bilersiňiz. Indi bolsa galan puly nähili sarp etmeli şony öwreneli. Sarp etmeli zatlary kategoriýalara bölüp bilersiňiz.
Bu ýerde ýazan zatlaryňyz, halan pizzaňyz, ýada içýän içgileriňiz bolup biler. “zerur zatlar” we “isleýän zatlarymyz” diýip iki kategoriýa döredip bilersiňiz.
Elbetde hemmelere zerur bolan zatlar bar. Emma gymmat bahaly marka eşikler bize zerur däl ahyry.
4) Nagt kartdan gowydyr
Nagt deregine, şu günler sumkalarymyzda köp kart saklaýarys. Çibanyň pikiriçe, bu uly ýalňyşlyk bolup biler. Kart ulananymyzda pul harçlan ýaly duýmaýarys. Emma fiziki taýdan nagt tölegler etmek, zerur däl çykdajylar hakda iki gezek pikirlenmäge mejbur edip biler.
Çiba hatda bankdan nagt pul almagy we belli bir mukdarda pul sarp etmek üçin bellikli konwertlere bölmegi maslahat berýär. “Meniň üçin konwertlere pul goýmak, içgi içmek ýaly biderek beýleki zatlara sarp etmek mümkinçiligini peseldýär” diýip belleýär. “Kiçijik hereketler, tygşytlamak maksatlaryňyza uly üýtgeşiklik girizip biler. Sabyrlylyk we yzygiderlilik Kakeibo-ny has hem güýçlendirýär.”
5) Gazanan üstünliklerimizi bellemek ähmiýetli
Her aýyň soňunda Kakeibo-ňyzy hasaba çekiň. Kemçilikleriňizi, ýalňyşlyklaryňyzy belläp, indiki aýa şolary düzeltmegi maksat ediniň. Çiba yzygiderli hasaba almagyň, nirde ýalňyşlyk goýberendigiňizi görmäge kömek edýär diýip belleýär.
Çeşme: ceotudent.com
0 Teswir