Angliýanyň ýakyn wagtda waksina başlamagy mümkin! Angliýanyň ýakyn wagtda waksina başlamagy mümkin! gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Financial times gazediniň berýän habaryna görä BioNtech we Pfizeriň taýýarlan waksinasy ilkinji gezek Angliýa tarapyndan tassyklandy. Habara görä bu waksinanyň sanjymyna 7-nji dekabrdan başlanar.
Gazetdäki habarda ABŞ-nyň Azyk we derman senagaty ministrliginiň bolsa 10-nji dekabrda bu waksinany tassyklajakdygy nygtalýar.
Germaniýanyň Saglyk ministri Jens Spahn hem Bawýera radiosynda beren gürrüňdeşliginde: “BioNtech we Pfizer waksinasynyň dekabr aýynyň ortalarynda tassyklanmagyna garaşýarys” diýip belledi.
Beýleki bir tarapdan Angliýanyň waksinany tassyklamagyna Germaniýanyň saglyk ministri Jens Spahn närazylyk bildirdi. Ol şeýle diýdi:
“Esasy zat waksinany ilkinji sanjym edip başlamak dälde, waksinanyň ynamly we täsirlidigini anyklamakdyr”.
BioNtech we Pfizer kompaniýasynyň eýeleri Prof. Ugur Şahyn we Dr. Özlem Türeji jübüdi bilen Sean Marett öz internet arkaly eden çykyşlarynda Angliýanyň waksinany tassyklan ilkinji ýewropa ýurdudygyny, EMA-nyň (Ýewropa derman agentligi) hem 29-njy dekabra çenli tassyklajakdygyny nygtadylar.
Angliýa waksinanyň iberilmegi gysga wagtda başlar. Prof. Türeji waksinanyň satyn almak babatda 10 döwlet bilen ylalaşyk gazanylandygyna, birnäçe döwletler bilen hem bu babatda gürrüňdeşlikleriň geçirilýändigini belläp geçdi. Onuň berýän maglumatlaryna görä Angliýa jemi 40 milýon waksina satyn alar. Dekabr aýynyň içinde bolsa 10 milýon waksina doly iberiler.
Angliýanyň Saglyk ministri Mat Hankok öz çykyşynda indiki hepde 800 müň waksinanyň ýurda geljekdigini aýdypdy.
BioNtech we Pfizer kompaniýasynyň dolandyryjysy Sean Marett hem waksinanyň ilknji bolup Angliýa iberilmeginiň hiç kime zeper ýetirmejekdigini, beýleki döwletlerde hem tassyklanan wagty deň derejede paýlanjakdygy nygtaýar.
EMA-nyň dolandyryjysy bolan EMER Kuk hem waksinanyň bütin ýewropa ýurtlaryna ýaýradylyp, sanjym ediljekdigine, şol sebäpli uly jogapkärçilik alýandyklaryny belleýär.
Financial Times gazediniň anyklan gizlin maglumatlaryna görä Ýewropa derman agentligi (EMA) Moderna we BioNtech/Pfizeri waksinalaryny tassyklamak üçin indiki aý herekete geçer.
Emma EMA tarapyndan tassyklanmak üçin köp sanly tapgyrlar bar. Eger islendik tapgyrda näsazlyk ýüze çyksa, waksinanyň tassyklanmagy has soňralara süýşüriler.
Angliýa üçin Breksidiň tamamlanmagy 1-nji ýanwara çenli dowam edýär. Şol wagta çenli Angliýa EMA-nyň gözgeçiliginde. Emma 2012-nji ýylda kabul edilen kanun esasynda Angliýa gyssagly ýagdaýlarda EMA-dan garaşsyz hereket edip bilýär.
EMA (Ýewropa derman agentligi) öň beren maglumatlarynda täze ýyla çenli waksina tassyklama işlerini tamamlajakdygyny belläpdi. Häzirki wagtda hem Angliýa we ABŞ-nyň tassyklamada tiz hereket edýändikleri üçin, EMA hem işlerini çaltlaşdyrdy. Emma olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren maglumatlarynda “biz hiç bir syýasy güýjüň täsirinde däl” diýip bellediler.
Çeşme: www.bbc.com, Amerikaninsesi.com
0 Teswir