13 näme betbagtçylyk getirer diýlip ynanylýar? 13 näme betbagtçylyk getirer diýlip ynanylýar? gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Bizde bolmasada esasan Ýewropa we Amerika ýurtlarynda 13 sany betbagtçylyk getirýär diýen yrym bar. Käbir ýurtlarda şeýle ýaýran welin, 13-nji öý ýok. 12-den soň göni 14-nji öý başlaýar. Uçarlarda, myhmanhanalarda 13 sany ulanylmazlyga çalyşylýar. Eger 13-nji otag bar hem bolsa, adamlar şol otaglarda ýaşamaz.

Hatda käbir adamlar aýyň 13-ne ähmiýetli işlerini etmeýärler. 13-ne  ABŞ-da söwda peselip, uçarlarda uçýan adamlaryň sany has azalýar. Bu sana bolan fobiýa “triskaidekafobiýa” ady berlendir.

Käbiri bu ynanjyň Hz.Isanyň soňky agşamlyk naharynda bolan hawarylaryň sanyndan gelýändigini öňe sürýär. Emma asyl gözbaşyny mifologiki taňrylaryň ýaşan döwründen, Iskandinaw topraklaryndan alyp gaýdýar. Şol döwürlerde yşyk we owadanlyk taňrysy Balder bir oturylyşyk gurnaýar. Balder Winkingleriň meşhur taňrysy Odin we Frigganyň ogly bolup, aý şazenany Nannanyň ýoldaşydyr.

Bu oturylyşyga 12 adam çagyrylsada, ýalanlaryň we hileleriň taňrysy Loki çagyrylmasada, 13-nji bolup gatnaşmak isleýär. Emma bu meselede dawa ýüze çykyp, Loki Balderi öldürýär. Bu mifologiki hekaýat Iskandinaw ýurtlaryndan günorta ýewropa çenli ýaýraýar. Hristiýan ruhanylary bu hekaýadan ylhamlanyp, muny Hz.Isanyň soňky agşamlyk naharynda ulanýarlar. Bu hekaýada Lokiniň deregine Ýuhanna bolýar. Bu agşamlykdan 24 sagatdan soň Hz.Isa haça çüýlenýär.

Şol sebäpli käbir hristiýanlar oturylyşyga 13 adam üýşse, şolardan birine betbagtçylyk geler diýip ynanýar. Bu ynanyşa görä 13 gowy san däl, emma eger şol aýyň 13-i anna gününe düşse, has beter betbagtçylyk getirer diýlip ynanylýar. Emma şol gün dogan bolsaňyz, 13 siziň sanyňyz bolup galýar.

Bularda anna gününiň gowy hasap edilmezliginde, How enäniň Adam ata şol gün alma iýdirip jennetden çykarylandygy, Nuh döwründe siliň şol günde gelendigine ynanylýar. Musulmanlarda bolsa munuň tersine anna güni Adam atanyň ýaradylan güni bolandygy sebäpli mukaddes hasap edilýär.

13 sanynyň halanmazlygynyň gözbaşynda ýylda 13 dolunaý bolýandygy sebäbi hem nygtalýar.

Çeşme: “Luzumsuz bilgiler ansiklopedisinden”


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir