Gabanjaňlygy nädip aýryp bolar Gabanjaňlygy nädip aýryp bolar gurrun

Gabanjaňlyk duýgusy adamda dogluşdan bolmaýan, wagtyň geçmegi bilen öwrenilýän duýgudyr. Gabanjaňlyk belli bir möçberde bolup, adamlary rahatsyz etmejek derejede bolsa kesel hökmünde kabul edilmeýär. Eger gereginden artykmaç derejede bolsa hökman bejerilmelidir. Bu makalamyzda gabajaňlykdan halas bolmagyň ýollaryny öwrederis.

Gabanjaňlyk bir adamyň ýa-da gatnaşygyň ýitirilmeginden gorkulýan, çylşyrymly ruhy durmuş we otrisatel özüňi alyp baryş bolup, başgalarda bar bolan zadyň özüňde bolmagyny isledýän duýgudyr. Gysgaça aýtsak elde bar bolan zady ýitirmezlik islegidir.

Gabanjaňlyk bilen şu duýgular bile gelýär:

  • Gahar
  • Gymmatsyzlyk
  • Bagtlylyk
  • Agyry
  • Ynamsyzlyk
  • Gaýgy-alada
  • Kiçelme duýgusy
  • Gynanç

Gabanjaňlyk gatnaşyklar üçin howpludyr. Käbir adamlar bu duýguny daşyndan belli etse, käbirleri içinde saklar. Bu otrisatel duýgulary içiňde saklamak fiziki şikesleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Gabanjaňlygyň fiziýalogiki täsirleri:

  • Titremek
  • Ýadawlyk
  • Aşa derlemek
  • Aşgazan agyrylaryň ýüze çykmagy
  • Damar çekmesi
  • Ýüregiň çalt urmagy
  • Ukusyzlyk

Gabanjaňlyk köplenç romantiki gatnaşyklarda üçünji şahslaryň gatnaşmagynda ýüze çykýar. Eger aşa bolmadyk ýagdaýynda gatnaşyga täsirini ýetirmeýär.

Gabanjaňlyk diňe söýgi gatnaşyklarynda däl, eýsem çagalaryny deňeşdirýän ene-atalarda, okuwda üstünlik gazanmak isleýän okuwçylarda, işine özüni beren adamlarda we ş.m. şahslarda ýüze çykyp bilýär.

Gabanjaňlygyň görnüşleri:
  1. Dogan gabanjaňlygy
  2. Çaga ene-ata gabanjaňlygy
  3. Dostluk-iş gabanjaňlygy
  4. Romantiki gabanjaňlyk

Gabanjaňlykdan halas bolup bilerismi?

Gabanjaňlykdan dynmak üçin özüňe bolan ynam gerek. Özüňize bolan ynamy artdyryň. Bu babatda dürli sapaklara gatnaşyp, bu baradaky kitaplary okap bilersiňiz.

Gabanjaňlygy ýeňmek kyn iş, hemde ep-esli wagt gerek bolar. Şol sebäpli gysga wagtda kän bir netije almasaňyz, ruhdan düşmäň.

Mydama sizden üstünlikli adamlar bolar. Şol sebäpli özüňizi biderek hasap etmäň.

Täze endikler gazanyň. Goý täze endikleri sizi öňküňizden has zehinli, has güýçli etsin.

Romantiki gatnaşyklardaky gabanjaňlyk:

Bu gabanjaňlygy aýyrmak üçin ikitaraplaýyn yhlas örän ähmiýetlidir. Bilelikde köpräk wagt geçiriň.

Gatnaşygyňyzda käbir kadalary ýerine ýetirmek, araňyzda belli gadagançylyklar goýmak gabanjaňlygyň peselmegine sebäp bolar. Eger ýokarda agzalan usullary ulanyp, köp wagtyň geçmegine garamazdan gabanjaňlykdan halas bolmadyk bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň.

Ýazan: Jem Kaýa (Psiholog)

Çeşme: www.doktortakvimi.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir