Sabyrly gul dura-bara Stoisizm – Zenon. Sabyrly gul dura-bara Stoisizm – Zenon. gurrun

Üstünden epeslije wagt geçdidä, ýyla takyk ýadyma düşenok. Ýöne şol Aristotel ölensoň özä. Afinada otyrn. Bir ýaş, görmegeýje oglan aljyrap, gynanyp geldi aglap.
-Agam men Kiprden gelýän, özüm söwdegär, adymam Zenon – diýdi. Menem:
-Dur inim, köşeş gel geç, bir demiňi dynjyňy al, nämboldy hany ýuwaşjadan gürrüň ber- diýsem.
Asyl bu söwdegär eken. Kiprden gelipdir, gämisi batypdyr. Şeýdibem şondan gelen halyna kör-köpüksiz galypdyr. Meňem ýagdaýlam owagtlar kän öwerlik däl.

Inim okap, ýazyp bilýän bolsaň hanha kitapmagazyn diýdim. Barýaňda meni Galamkeşus ugratdy diýýäň. Islän zadyňy alda okaber meñä saňa edip biljek kömegim şul diýdim.

Bu gidipdir Sokratdan başlap okap başlapdyr. Owagtlaram näme yzly-yzyna Sokrat, Platon, Aristotel zat gelensoň pelsepe moda. Diogendenem birzatlar okapdyr by. Garaz okaberipdir näme tapsa.
Zehinini gözünden aňyp kitaba ugrukdurypdyrynda. Bu gitdide soň öz ýoluny emele getirdi Stoisizm diýip. Indi seredeli ýigit näme diýýäkä.

Kosmos diýýä, tebigy kanunlar tarapyndan we beýik bir kanungoýujy tarapyndan dolandyrylýar diýýä. Muny öň bu topraklarda Pifagoram aýdypdy. Zenon oturubilmän üstüne öz pikirini goşýa. Adamynyň bu durmuş kanunlaryny üýtgetmäne güýji ýetmeýär, bu kynçylyklar her haçan dowam eder durar diýip pikir edýär. Ýöne “Aý kysmatdyr, maňlaýda bar bolsa nätjek” diýip oturanokda erk barada-da pikirlenýär. Adama rasyonal, ýagny wakalary analiz edip, pikir ýöredip netije çykaryp bilýän ruh berilipdir, diýýä. Onda bu elimizdäki däl zatlara gynanyp oturman, kellejigňi işledip wakalara garşy özüňi sowukganly, sabyrly alyp barmaly diýýä. Muny başarmak üçin 4 sany zady esas hasaplaýar:

1)Paýhas – kynçylykly ýagdaýda kelläňi ulanyp, pikirlenip çözgüt tapjak bolmaly. Ädimleriňi pikirlenip ätmeli.

2)Ölçeg – edýän hereketleriňde aljyrap, howsala girip çenden çykmaly däl. Çakyňy bilmeli. Her zadyň ölçegine üns bermeli.

3)Adalat – nähili kyn ýagdaýa düşenem bolsaň adalatly bolmaly. Bu ýagdaýy başgalaryny kösäp çözjek bolmaly däl.

4)Gaýrat – diňe bir uruş ýa gohda däl-de gündelik işlerde-de gaýratyňy saklamaly. Gündelik işlerde gaýrat nämä gerek diýseňiz, ahlagyňy berk gorap saklamak üçin gerek.

Şeýdip şu zatlary öwredip galyp gitdi bul oglanjyk. Soň bir gün ýanyma geldi. Agam sagbol taňryýalkasyn diýdi. Sen şo kitaba ugratmasaň entägem gämimiň yzyndan aglar oturardym diýip.
Aý inim o zatlara üns berme geçdi gitdi diýdim. Hany pikirleňden maňa-da aýdyp berdä diýsem:

Durmuşyň maksady, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamakdyr.

Menem inim bizde-de bir söz bar şowagt ýene azajyk oturan bolsaň aýdardym diýdim:
“Sabyrly gul dura-bara şat bolar.
Bisabyr gul tiz ýolugar belaga”

-Bäh agam dogry aýtýaňaý, diýip gitdi.

Soň bujagaz oglanyň yzyny Rimde zatda-da ýöretdiler. Hristiýanlar halady muň pikirlerini her ýerde öwretdiler zat etdiler, soňam şöhrady ýöredi muň. Gowja oglandy pahyr. O setirleň Magtymgulyňkydygynam aýtmadym özüne 🙂

Ýazyjy: Galamkesh


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir