Öýde assorti pizza bişirmek Öýde assorti pizza bişirmek gurrun

Näçe adamlyk?

3 sany

Taýýarlamak üçin:

30 minut

Bişirmek üçin:

45 minut

 

Gerekli zatlar:

  • 5 bulgur un
  • 1.5-2 bulgur ýyly suw
  • 1 paket gury maýa
  • 1 çaý çemçe şeker
  • Ýarym çaý çemçe duz
  • 4 nahar çemçe zeýtunýagy

Sousy üçin:

  • 2 bulgur pomidor sousy
  • 2 nahar çemçe zeýtunýagy
  • 1 çaý çemçe kekik

Üsti üçin:

  • 1 bulgur gyrgyçdan geçirilen kedr peýniri
  • 1 käse gyrgyçdan geçirilen mozarella peýniri
  • 120 gram büzmeçe (sosiska)
  • 4 nahar çemçe gaplanan mekgejöwen
  • 100 gram zeýtun (dilimlenen gara zeýtun)
  • 1-2 sany burç
  • 1 diş sarymsak

Taýýarlanylyşy:

1.Bir gabyň içine gury maýany, ýyly suwy we şekeri goşup garyň.

Öýde assorti pizza bişirmek

2. Soňra uny, zeýtunýagyny we duzy goşup garyň. Uny az-azdan goşuň. Hamyr ýaly bolansoň, eliňiz bilen ýugrup başlaň. Ele ýelmeşmeýän hamyr bolýança ýugruň.

Öýde assorti pizza bişirmek

3. Soňra hamyryň üstüne ýörite paket ýapyp, ýarym sagat saklaň.

Öýde assorti pizza bişirmek

4. Soňra hamyry un serpilen ýere alyp, howasyny çykaryň. Soňra 2-3 bölege bölüň. Inçe hamyrly we orta boýda pizza almak isleýän bolsaňyz, 3 bölege bölüň. Has uly we galyň hamyrly etmek isleýän bolsaňyz 2 pizzalyk hamyr üçin ikä bölüň.

Öýde assorti pizza bişirmek

5. Kesen bölekleriňizi oklow bilen ýaýyň. Islän ululygyňyzy alansoň, pişirme kagyzyna ýerleşdiriň.

Öýde assorti pizza bişirmek

6. Wilkanyň kömegi bilen hamyryň üstünde deşikler açyň we ilki gyzdyrylan 200 gradusly peçde 10 minut bişiriň.

7. 10 minutdan soň üstüne çalmaly, goýmaly zatlary ýerleşdiriň.

Öýde assorti pizza bişirmek

8. Pizza sousynyň üstüne köpräk edip, gyrgyçdan geçirilen peýnirleri ýerleşdiriň. Soňra islän zatlaryňyzy ýerleşdiriň.

Öýde assorti pizza bişirmek

9. Soňra ýene 20 minut bişiriň. Peýnirler eräp, içindäki zatlar bişensoň, pizzany peçden çykaryň. Işdäňiz açyk bolsun!

Çeşme: yemek.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir