Ýatkeşligiň gitdigiçe güýçlenýändigini görkezýän 3 delil . Ýatkeşligiň gitdigiçe güýçlenýändigini görkezýän 3 delil . gurrun Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için. Veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa

Gözlegçi Alan Kasteliň aýtmagyna görä, ýatkeşlik umumy alanyňda gitdigiçe peselse-de bu bütinleý beýle hem däl.  Käbir zatlary ýaşulular gowy ýatda saklaýarlar.

Biziň ýatkeşligimiz biziň şahsyýetnamamyzdyr. Labarotoriýamda men bize gerekli zatlary nädip ýatda saklaýanymyza düşünmek üçin işledim. Ýatkeşligiň gitdigiçe peselmegi bizi garramak babatynda esasy gaýgylandyrýan zatlan biri – ol eýýäm 20 ýaşdan soň başlap biler, şol sebäplem 60-70 ýaşlarda unutmak gaty adaty görülýär. Gitdigiçe ýatkeşligimiziň peselýändigini ylmy barlaglar hem tassyklaýar, emma beýle diýdigimiz muny gaty ýönekeýleşdirdigimiz bolar. Ýaşy ulularyň gowy ýadynda galýan zatlar hem bar ahyry. Ine şolaryň birnäçesi:

1. Uly adamlar zerur zatlary ýatda saklaýarlar.

Köp barlaglar köpimiziň gündelik diýip hasaplaýan zatlarymyzyň üstünde durýar. Sözler, adamlaryň ady we ýüzi, suratlar – we bu zatlary näme üçin ýatda saklamagyň möhümdigi bolsa takyk däl. A ýöne zerur we esasy bolan zatlar näme?

Gezelenç üçin zatlaryňy taýýarlaýaň diýeli. Saňa iň esasy zatlaryň bolmagy gerekli, ýatdan çykaran ýagdaýyňda saňa kynçylyk ýa-da oňaýsyzlyk döredip biljek zatlar (meselem, passportyň, kartlaryň).  Biz laborotoriýamyzda barlag geçirdik. 20 sany gezelenje gidilende alyp gidiläýjek zatlary görkezdik (passport, dermanlar, kremlar, diş çotgasy, zarýadnik, dezodorant, şypbyk). Soň şol zatlary ýadyna salmaklaryny soramyzda garrylar (ortaça 68 ýaş) az zatlary ýadynda saklasalar-da, ýaşlara garanda (ortaça 20.4 ýaş) möhüm diýip pikir edýän zatlarynyň köpüsini ýatladylar. Soňraky geçiren barlaglarymyz bolsa garrylaryň ýaşlar bilen deňeşdireniňde dermanlaryň zyýanly täsirlerini has gowy ýatda saklaýandyklaryny görkezdi.

Soň biz ýene sözleri ýatda saklamaly bolan bir barlag geçirdik. Has möhüm bolan sözlere köp bal berdik, ownuk, kän möhüm bolmadyk sözlere bolsa az bal berdik. Şonda biz uly ýaşlylaryň az sözleri ýatda saklandyklaryny, ýöne şonda-da esasy sözleri edil ýaşlar ýaly aňsatlyk bilen ýatda saklandyklaryny gördük.

2. Uly adamlar geljekde etmeli işlerini has gowy ýatda saklaýarlar.

Käwagt bize iň möhüm zatlar biziň geljekde etmeli zatlarymyz. Ertir belli bir wagtda derman içmeli bolup biler, kredit kartymyzyň fakturasyny tölemek, tölemedik ýagdaýymyzda jezasy bar bolsa.

Laborotoriýada geçirilýän barlaglarda ulularyň ýatkeşligi pes bolsa-da olar hakykatda günlük durmuşlarynda iş bitirýändikleri bir hakykat. Uly adamlar bilşimiz ýaly gapjyklaryny gapyň ýanynda goýmak, ýa bolmasa dermanlarynyň äýnekleriniň ýanynda goýmak ýaly usullary ulanýarlar. Käbirleri bolsa köne usullary, ýagny etmeli işlerini kalendara ýazyp goýmagy ulanýarlar.  97 ýaşyndaky pensiýa çykan basketbol tälimçisi Jon Wuden bilen söhbetdeşligimiziň bolan güni ol maňa jaň edip ýatladypdy!

3. Ýaşulular özlerini gyzyklandyrýan zatlary ýatda saklaýarlar.

Adamda bilesigelijilik kiçi ýaşdan döreýär. Biziň bilesigelijiligimiz ulaldygymyzça “gülleýär”, ýöne adatça biz başga zatlara gyzyklanyp başlaýarys. Netijede Zoluşka her bir ýaşulynyň söýgüli hekaýasy däl.

Geçirilen barlaglar hem ulularyň öz gyzyklanýan temalarynda ýatkeşlikleriniň ýitidigini görkezýär.

4. Hawa, ýaşulular näme edip ýörendiklerini unudyp bilerler, emma olar ýatkeşliklerini işjeňleşdirip bilýärler.

Biziň daş-töweregimiz bize täsir edýär. Heýem bir aşhana gidip soň bolsa näme sebäpden geleniň ýadyňa düşmedik wagty boldumy? Ol herkimde bolýan zat, esasanam ýaşulularda. Käbir barlaglar bir gapydan geçmeklik ýatdan çykarmagyňy işjeňleşdirip biljekdigini öňe sürýär. Haçanda bir ýerden indikä gideniňde ol otagyň girişi seni täze gurşawa eltýär. Ýagny seniň daş-töweregiň başga. Bu otagda bolsa saňa gerek bolan görkezmeler bolmansoň seniň näme edip ýörenligiň ýa-da etjekligiň ýadyňdan çykyp bilýär.

Muny ýatlamagyň iň gowy usuly bolsa şol işi pikir eden otagyňa ýöremek. Şol otagdaky zatlar saňa etjek işiňi ýatladyp biler. Şeýle hem, ýöremek ýatkeşligiňi ýiti saklamagyň iň gowy usuly.

P.S. Ýöne nämäniň ýadyňyzda galyp galmaýanlygyna gaty bir kelläňizi agyrdyp oturmaň.

Ýatkeşlik barada pikirlerimiz juda täsirli bolup bilýär. Dogrusy, biziň aglaba bölegimiz ulaldygymyzça ýatkeşligimiz peseler diýen gorkymyz bar. Beýle bolmagy hem biziň şol pikire görä hereket etmegimize getirip biler. Ýagny ýaman pikir etseň ýagdaýyň ýamana gidip bilýär. Aýratyn belläp geçilmeli zatlaryň biri hem adamlaryň ýatkeşlik barlagyna çagyrylmagy  olarda biraz gaýgy ýüze çykaryp bilýär. Şonuň üçinem indiki gezek bir aýdymçynyň ady ýadyňa düşmedik wagty, alada galmaň.

Bellik: Bu agzalyp geçen barlaglara gatnaşan adamlar jany sag adamlar. Eger-de ýygy-ýygydan unutma häsiýetiňiz bar bolsa ýa-da ýagdaýyňyz sizi alada goýýan bolsa newrologa görünmegi göz öňünde tutuň.

Çeşme: ideas.ted.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir