Çaga we ekran Çaga we ekran gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa.

Ene-atalar hökmünde biziň çagalarymyzyň öňünde 3 wezipämiz bar:

  1. Çagany goramak
  2. Mätäçliklerini gidermek
  3. Gowulyga gönükdirmek

Çagany goramak diýilse ilki bilen fiziki goranyş göz öňüne gelýär. Emma häzirki döwürde çagany iň esasy psihologiki manyda goramalydyrys. Psihologiki howplar hem iň esasy medýadan gelýär. Çünki medýa kadaly ulanylmadyk ýagdaýynda çagany zäherleýän ýylan ýalydyr. Eger bir ene-ata çagasynyň görýän filmlerini, oýnaýan oýunlaryny, umuman alanyňda medýa bilen gatnaşygyny dolandyrmaýan bolsa, onda çagany hem dolandyrýan däldir.

Medýanyň zyýany esasan iki görnüşde bolýar: alýan we berýän zatlary.

Medýa çagadan ösmegini alsa, zyýanly endikler, gahar gazap ýaly zatlary hem berýär. Bu bolsa çagada aşakdaky ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna itergi berýär:

  1. Filmlerdäki uruşly sahnalary görelde almak
  2. Uruşly sahnalaryň durmuşda bolmagyna adaty ýaly garamak
  3. Uruşly ýagdaýlara üns bermezlik

Medýa diýilýän diňe telewizor däl, bu ýerde esasy howply zatlardan biri hem internetdir. Ulalmaga başlaýan çagalar, şol bir wagtda internet bilen hem tanyşyp başlaýar. Käbir çagalar youtube ulanyjysy bolup, köp wagtlaryny youtube-da wideo seretmek arkaly geçirýärler. Emma gynansakda youtube hem zyýanly, psihologiki zeper berýän wideolara eýedir. Çagalar onuň ýaly platformalardan uruşly wideolary, jynsy wideolary görüp bilýärler. Bu howplardan çagany uzakda saklamak üçin, çaganyň internet ulanmagyny çäklendiriň, gerek bolsa maşgala bolup youtube bilelikde tomaşa ediň. Ýa-da programma üpjünçilikleriň kömegi bilen kodlaň, görülmeli zatlary saýlaň.

Çagalar günde näçe sagat medýa bilen wagt geçirmeli?

Dünýä alymlarynyň köpsi, galyberselerde köpsanly saglyk guramalary çagalaryň üç ýaşa çenli ekran bilen gatnaşyk saklamazlyklaryny maslahat berýär. 3-6 ýaş arasy günde 20-30 minut, 6-9 ýaş arasy günde 40-50 minut, 9-12 ýaş arasy günde 1 sagat, 12 ýaşlarda bolsa günde 2 sagat ekrana seredip wagt geçirip bilerler.

Çagalara haýsy ýaşda telefon alyp bermeli?

Ene-atalarda esasanam şu sorag ýüze çykýar: “Hemme dostlarynda bar eken, almasam kemsiner, telefon alyp bersemmikäm?”. Çagalaryň ösüş döwrüni göz öňüne tutsak, olara 15 ýaşdan öň telefon alyp bermek maslahat berilmeýär. Esasanam 10 ýaşdan kiçi bolsa, bu örän howpludyr. Eger 15 ýaşdan öň alan bolsaňyz, onda telefon ulanmasyny doly dolandyryň. Çagaňyzyň telefony peýdaly zatlar üçin ulanmagyny gazanyň.

Ýazan: Selin Ýylmaz (Psiholog)

Çeşme: www.doktortakvimi.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir