Parhsyzlyk (Biparhlyk) Parhsyzlyk (Biparhlyk) Parhsyzlyk (Biparhlyk) gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa,
Parh sözüniñ köki aýyrmak, aýrylmak ýaly manyny berýän “frk” arap sözüne daýanýar. Ýagny iki ýada köp zady biri-birinden aýyryp tapawutlandyryp bilmege parhyny bilmek, görmek diýip bileris. Şeýlelik bilen parhsyzlyk diýip ulanýan sözümiz hem tapawudy görüp bilmezlik, tapawutlandyryp bilmezlik ýaly manyny berýär.
Tapawutlandyryp bilmek ukyby akylyñ barlygynyñ iñ esasy nyşanlarynyñ biri bolup durýar. Şol sebäpli akly goýulaşan adama agy-garany saýgaryp bilýär diýilýär. Agy-garany saýgarmak elbetde biziñ ýüzleý ullanýan manymyzdan has çuññur many saklaýan bolmaly. Bu manynyñ çuñlugy her adamyñ ak we gara hasaplaýan zatlarynyn gymmatynda gizlinmika diýýärin.
Adamlaryň ak-gara düşünjesi ýetişdiriliş ýoluna görä biraz üýtgeşik bolup bilýär. Biriniň ak diýen zady başgasy üçin gara bolup biler. Ýöne hiçhili agy garasy bolmadyk adama biparh diýilýär. Bu adamlar üçin özlerinden başga hiç zadyň gadyr gymmaty bolman – hatda käwagt özlerine-de gymmat goýup bilenoklar- olar üçin hemme zat çal bolup görünýär.
Tapawutlandyrmaga gaýdyp gelsek, ilki bilen tapawutlar ýagny parhlar näme sebäpli bar, olaryñ biziñ durmuşymyzdaky orny näme? Olary görüp bilmek ýagny “parhlylyk” düşünjesi bize nämä gerek ýaly soraglary pikirlenmek gerek.
Bizi birek birekden tapawutlandyrýan zatlar aslynda biz baradaky şahsyýet düşünjesini emele getirýän zatlardyr. Has añsat sözler bilen aýtsak özümizi aýratyn bir adamogly, şahsyýet, bir kişi edýän zatlar aslynda bu tapawutlarymyz. Käbirleriniñ “sen uzyn, ol gysga, bu ak, şul gara” diýip synplara aýyrýan düşünjeleri aslynda uly bir hazyna. We olaryñ bu tapawutlary beýle erbet niýet bilen ulanmaklary hem bu hazynanyñ zibile zyñylyp ýakylmagy diýmek. Milletiň iň uly hazynasy bolan dürliligi zibile zyňýan çöpdüýbi jandarlara mysal edip tireparazlary ýa-da welaýatparazlary getirip bolar. Hawa şol şatyr, tat, marruh sözlerini ulanýanlar.
Bu tapawutlary görüp bilmegiň ýene bir peýdasy bar. Olam biri-birimiziň ýetmezçiliklerini, kemçiliklerini görüp birek-birege kömek etmäge çalyşmak. Islendik tapawut adamlarda islendik problemalary emele getirip bilýär. Bu ýagdaýda tapawudyndan ýaňa kösenýän islendik bir ildeşimize gol uzadyp, bu problemany agzybirleşmek üçin bir bahana halyna getirip bolýar. (Gulaga birek-biregiň guýusyny gazmakdan has ýakymly eşdilýär şeýle dälmi?)
Indi biparhlara gaýdyp gelsek. Daş töweregindäki bolup geçýän hadysalara hiçhili täsir görkezip bilmeýän adama biparh diýilýär. Özüni, milleti, maşgalasy, dost-ýary, durmuşy bilen bitewileşdirip bilmedik adam olaryň gynanjynam şatlygynam paýlaşyp deň çekişip bilmeýär. Beýle adamlar barada Kerim aga şeýle diýýär:
Maňlaýy bulutdyr. Nazary demir.
Gülküsi azapdyr. Ýylgyrşy jebir.
Ne-hä roman okar, ne-de bir şygyr,
Gözleriň görende Demigşiň besdir.
Bir maýyp ýykylyp, köçede ýatyr.
Biparhlyk seredip, içerde ýatyr.
Ýürekde rehim ýok, gözde howatyr.
Ýüzüne bakaňda Düwünşiň besdir.
Ili ýagy çapsyn – däldir parhyna,
Bir ýurdy ýer hopsun –däldir parhyna.
Gynanmak, guwanmak ýatdyr ruhuna,
Ony düwnük bilen deňeşim besdir.
Maňa degmedik ýylan müň ýaşasyn sözüni şygar edip ýaşaýan bu adamlar birzatdan habarsyzdyr. Ýylan degmedik bolsa ýa degilmedik hem ýylandyr, ýada entäk degilmeli gezegi gelen däldir.
Biparhlar barada yazanymyza görä, ýüregi gaýgydan, aladadan gyýym-gyýym bolup esgä dönen PARHLY gahrymanlar barada-da belläp geçilmese bolmaz. Beýle adamlar özlerini daşky gurşaw bilen bitewileşdirme ugrunda şeýlebir kämillige ýetendir welin hatda özlerini hem unudup ugrandyrlar.
Beýle adamlar dünýäň başga bir künjegindäki üşeýän adamdan haýa edip ýorgandan düşekden ýüz öwrüp bilerler. Onuň ýaly adamlar ýurduň o çetinde bir çagajyk aç galany üçin öýkenleri ýyrtylýança aglap hem bilerler. Özlerinden şeýlebir geçendirler welin duruzyp atlaryny sorasañyz belki bilmän bilerler.
Aýdýan zatlarym nätanyş, hatda gülkünç hem gelýän bolup biler. Ýöne munyň iň gowy mysalyny görkezen halk gahrymanlarymyz boldy, hatda ony ýüregine sygdyryp bilmän setirlere dökenlerimizem boldy, Ezizowyň aýdyşy ýaly:
Ýöne şum iş gyssanynda,
Basylanda käte sussum,
Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öňe tutdum.
Bu türkmeniň bahary deý
Ýaşlygymyz geçýär basym,
Il başyna düşen işden
Bizi hiç zat goramasyn.
Okanyñyz üçin sagboluň!
Ýazyjy: Galamkesh
0 Teswir