Çagalaryň ene-atalarynyň bilmegini isleýän 4 zady Çagalaryň ene-atalarynyň bilmegini isleýän 4 zady gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Çagalaryň terbiýe meselesinde ene-atalaryna öwredip biljek zatlary bar. Ine şolaryň birnäçesi:
2016-njy ýylda awtor Swati Lodha kitap sergilerinde aýlanyp ýördi. Üýşmeleňleriň birinde gatnaşyjylaryň biri onuň 16 ýaşly gyzyna sorag sorady. “Ejeň kemçiliksiz diýip pikir edýäňmi?”
Ol hem “hiçkimem däl” diýip jogap berdi.
Ol bolsa soragyna dowam etdi, “Onuň nämesi bardygyny aýdyp bilersiňmi?”
Onuň jogaby: “O barada kitap hem ýazyp bilerdim”
Ooou!
Şeýlelikde Swati gyzy bilen kitap ýazmaga başlady. Olar hossarlary barada näme pikirdediklerini we nämeleri başgaça etseler gowy boljakdygyny bilmek niýeti bilen 200 töweregi 8-18 ýaş aralygyndaky çaga bilen söhbetdeşlik geçirdi.
“Näme üçin çagalaryň pikirlerini soramaly?” diýip pikir edýän bolup bilersiňiz. Emma netijede biz durmuşymyzyň her tarapynda adamlaryň pikirlerini soraýarys. Täze önüm öndürilende ulanyjydan ony halap-halamadygy hemem önümde näme bolan bolsa has gowy boljakdygy soralýar.
Swatiniň aýdyşy ýaly, maslahat soramak çagalaryň halyndan habar almakdyr, olary jogapkärçilige çekmek däl.
Ine-de Lodhalaryň barlagyna görä çagalaryň ejeleri we kakalary bilen paýlaşmak isleýän pikirleri:
1. Ylalaşmazlyk bilen sylagsyzlyk deň däl.
Çagalaryň köpsi ene-atalaryň kanunlaryndan sähelçe gyşarnyklygy, hatda ileri tutmalary (предпочтение) sylagsyzlyk diýip kabul edýändiklerini aýtdylar. Swati Lodha öz maşgalasyndan mysal getirýär. Onuň gyzy Sharaa kamerasy we kompýuteri bilen gezelenje gitmegi halaýar. Bir gezekde, onuň kakasy aeroportyň howpsyzlyk bölüminden geçmegiň köp wagta çekýäni üçin Sharaadan enjamlary el goşy hökmünde däl-de çemodana salmagyny sorady. Ol bolsa olary uçarda ýanynda saklasy gelýändigini, hemem bu näzik enjamlara çemodanda zeper ýetip biljekdiginden aladalanýandygyny aýtdy.
Sharaa kakasynyň onuň bu hereketine garşy gitmeklik diýip kabul etdi diýip pikir edýär. Soňky gezek bu ýagdaý bolanda kakasy “sen bu zatlary adamlardan köp sylaýaň” diýdi. Sharaa bolsa “siz boýun egilmegini söýýäňiz, boýun egilmezligini bolsa halaňzok” diýdi.
2. Çagalara “iň gowydyklarynyň”, “deňsiz-taýsyzdyklarynyň” aýdylmagynyň gerekçiligi ýok.
Hossarlaryň çagalaryna garşy duýgulary bar, şonuň üçinem olaryň gözünde her bir eden herekedi ajaýyp bolýar. Şeýlelikde çagalar öz hereketlerine gereginden artyk baha berip başlaýarlar. Emma Swatiniň söhbetdeşlik geçiren çagalary bu herekedi halamaýandyklaryny aýtdylar. Olaryň islegleri ene-atalary tarapyndan realistik göz bilen görülmek. Swati “Biz gorkularymyz bilen hem fantaziýalarymyz bilen hem deň balansda ýüzleşip bilmeli diýýär”
3. Çagalara elmydama pikirler bildirilýär, ene-atalara-da bildirilmeli.
Ulalmak çagadan uly her bir adamdan hereketleriň nähilidigi barda pikirleri eşdilýän döwür – hossarlar, doganlar, mugallymlar, jogapkär adamlar we sany-sajagy bolmadyk adamlar tarapyndan. Çagalar mugallym tarapyndan “iňlis dilinden pes”, ejesi tarapyndan “bezzat”, dogany tarapyndan “diňe özüni bilýär” ýaly sypatlandyrylýar. Hossarlarda bolsa beýle zat ýok.
4. Hossarlar netijelere beýle kän kelle agyrtmaly däl.
Swati “ene-atalar netijeleri söýýärler, diňe netijeler hem däl, olar ölçäp bolýan netijeleri söýýärler” diýip belläp geçýär. Onuň söhbetdeşlik geçiren çagalary özlerini gaty basyş astynda duýýandyklaryny aýtýarlar. Ene-atalar bahalara, medallara, sertifikat we şular ýaly zatlara köp üns berýärler. Olara görä netijeler gowy bolmasa-da olaryň azaplary we niýetleri hem göz öňünde tutulmaly.
Çeşme: blog.ed.ted.com
0 Teswir