Pensiýa çykmak üçin ideal ýaş näçe? Pensiýa çykmak üçin ideal ýaş näçe? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Eger-de gyzykly, uzak ýaşasyň gelýän bolsa, newrolog Daniel Lewitiniň bir maslahaty bar: Işli bol.

Pensiýa çykmak üçin ideal ýaş näçe?

Hiç wagt.

Fiziki tarapdan kemçilikli bolaýaňda-da gowsy işlemäge dowam etmek. Işde bolsun ýa-da meýletinçi hökmünde bolsun. Lamont Dozier, “Heat Wave,” “Stop! In the Name of Love” we “Reach Out, I’ll Be There” ýaly meşhur aýdymlary ýazan aýdymçy/aýdym ýazyjy, şu wagt 78 ýaşynda we entegem aýdym ýazýar.

“Hergün irden turýan we birki sagat aýdym ýazýaryn, men şonuň üçin ýaradyldym” diýýär.

Maksatsyz geçirilen çendenaşa köp wagt bagtsyzlyk bilen baglanyşdyrylýar. Başagaý boluň! Ýöne diňe iş ýa-da ownuk güýmenjeler bilen däl, manyly zatlara güýmeniň. “Unretirement” termini ekonomistlar tarapyndan pensiýa çykyp, soň ony halaman ýene işläp başlaýan adamlar üçin ulanylýar. Pensionerlaryň 25-40%-i täzeden işe başlaýar.

Garward Uniwersitetiniň ekonomisti Nikol Maestas “käbir zatlar köp eşidilýär: maksadyň bolmagy, beýiňi ulanmak, hemem ýene esasy zatlaryň biri hem sosial gatnaşyklar.

Freýdiň diýen sözüni ýatlalyň, “Durmuşda iň esasy iki zat söýgüniň we manyly işiň bolmagydyr”.

Durmuşda bizi nämäniň bagtly edýändigine has gowy düşünmek üçin 70 ýaş bilen 100 ýaş aralygyndaky adamlar bilen köp gürrüňdeşlikler geçirdim. Olaryň her biri işlemäge dowam edipdi. Donald Fegen (71 ýaşynda) we Judy Kolins (80 ýaşynda) ýaly käbirleri işleýän wagtlaryny artdyrdylar. Beýlekiler bolsa, meselem Jorj Şultz (99 ýaşynda)  we Dalai Lama (84 ýaşynda) ýaşlary bilen baglanyşykly bolan bedendäki ýuwaşlamalar bolany üçin iş wagtlaryny azaltdylar. Ýöne olar işleýän günlerinde köp ýaşlardan has kän iş bitirýärler.

Manyly zatlar bilen başagaý bolmak üçin seniň ileri tutýan zatlaryňy üýtgetmegiň, käbir strategiýalary düzmegiň gerek. Awtor Barbara Erenraýk (78 ýaşynda) doktorynyň tabşyrýan käbir testlerini etmekden ýüz öwürýär sebäbi ol ömrüne 3 hepde ýa goşar ýa goşmaz bir zat üçin wagtyny biderek geçiresi gelenok. Näme üçin?

“Sebäbi meniň etmeli başga zatlam bar. Doktoryň penjiresiz ofis otagynda garaşyp oturmak bilen ýöreýşe çykmak, ikisinden birini saýlamaly bolanda elbetde, men ýöreýşe çykmagy saýladym.”

Iş berijileriň köpüsi ýaşy uly işgärleriň iş wagtlaryny üýtgetmäge razy. Amerikada iş berijiler ýaşy uly bolan işgärlere dürli oňaýlyklary döretmäge mejburdyr. Muňa işiň başlaýan we gutarýan wagty, dynç almak üçin otaglar, hatda käbir ýerlerde biraz uky almak üçin düşekçeler hem ornaşdyrylan. Ýaş diskriminasiýasy dünýäniň köp ýurdunda bikanun hasap edilýär.

Hem, pensiýa çykanyňyzdan soň öňki işiňizde işläp bolmasa-da ýa işiňizi belli bir ýaşdan soň edip bilmeseňiz hem manyly işler bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Meýletinçi bolup käbir işleri etmek size görä bolup biler, çagalara bilim bermek ýaly.

Beýlekilere kömek etmegiň haýran galdyryjy efekti bar. Günorta Afrikaly Nobel baýragynyň eýesi ýazyjy J. M. Coetzee kitabynda şeýle diýýär: “Ol okatmaga dowam edýär, sebäbi… beýle etmek oňa pespälligi öwredýär.”

Çeşme: ideas.ted.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir