Empathy — duýgudaşlyk Empathy — duýgudaşlyk gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Pnun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için,

Aýdymyň sesini eştmeýänler tans edýänlere dälidir öýderler.
Friedrich Nietzsche

Nietzscheniň bu sözüni köpüňiz eşiden bolsaňyz gerek. Aslynda durmuşda her adam özüne mahsus aýdymy diňläp özüne mahsus tansy ýerine ýetirýär. Hiç birimiziň diňleýän aýdymymyz deň däl. Bardy-geldi meňzeş aýdymy diňläýen ýagdaýymyzda-da bu aýdymlaryň ritmine görä tans edişimiz deň däl. Durmuş bize näçe meňzeşdir öýtsegem üýtgeşik aýdymlary diňledip üýtgeşik hereketlerde tans etdirýär. Diýjek bolýan zadym, doglan ýerimiz, maşgalamyz, alan terbiýämiz, durmuş şertlerimiz diňe özümize mahsus. Başga hiçkimde edil şu şertler ýok.

Şertler juda meňzeş boluberende-de genlerimiz iň ýakyn adamlarymyzyňkydan hem üýtgeşik. Ene-atamyzdan, jigi-doganlarymyzyň genlerinden üýtgeşik tertipde genlerimiz, şeýlelikde üýtgeşik häsiýetlerimiz bar. Genleri ýüz göterim meňzeş ekiz bolaýan ýagdaýymyzda-da tejribelerimiz üýtgeşik. Hiç bir adamynyň bu durmuşa ýüz göterim meňzeş garamak mümkinçiligi ýok.

Ine şu ýagdaýa düşünen wagtymyz “empathy” ýagny duýgudaşlyk diýilen zadyň nähili möhüm zatdygy ýüze çykýar. Özgeleriň diňleýän aýdymyny eştjek bolup, olaryň edýän tanslaryna düşünjek bolmaga hatda sazlaşykda tans etjek bolmaga “empathy” ýagny duýgudaşlyk diýilýär. Durmuşa bir adam bilen şol bir penjireden seredip bolmaýanyna düşündik. Ýöne sazlaşykda ýaşamak üçin ol adamlaryň gözýetimine girýän zatlary bilmek we hasaba almak gerek. Biz durmuşyň olara nähili aýdym diňledýänini biljek bolmaly.

“Biz şol şertlerde bolan bolsadyk nähili hereket ederdik?” Her adamyň islendik hereketini göreninde özüne şu soragy berip bilýän adam “empathy” meselesinde köp zatlara düşünen adamdyr. Soragyň jogabyna görä adamlar bilen sazlaşykda ýaşap özgeleriňem sazlaşyga girmegine itergi berýän adam “empathy” meselesini çözüp taşlan adamdyr.

Adamlary edýän işlerine görä suda çekmek biziň işimiz däl diýip bilersiňiz. Suda çekmek we hatda üstesine höküm bermek bilen “empathy” arasyndaky tapawuda düşünmek gerek.

Adamlaryň hereketlerinden netije çykaryp doly adalatly höküm bermek diňe her adamynyň hemme şertlerini, tejribelerini bilip, göz öňüne tutup, hasaplap biljek birine mahsusdyr, bize mahsus däldir. Ýöne sazlaşygyň ýerine gelmegi üçin birek-birege düşünjek bolmak, her bir adam bolmak jogapkärçiligini arkasyna atan kişiniň borjudyr.

Hiçkim sizden biriniň aýdymyna görä tans etmegiňize garaşyp bilmez. Bu siziň diňleýän aýdymyňyza, size berlen tans etmek ukybyna sylagsyzlykdyr. Eger birek-birege düşünmegi başarsak üýtgeşik sazlar bilen üýtgeşik tanslar bilen jahana bir ägirt owadan sazlaşyk sungatyny sowgat goýup bileris. Unutmaň hakyky sungatda hersiniň özüne mahsus owadanlygyna garamazdan hiçbir nagyş beýlekiniň sazlaşygyny bozýan däldir.

Tapawutly aslymyz we tejribelerimiz birek-birege düşünmek üçin böwet bolmasyn.

Ýazan: Galamkesh


Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir