Güýji ugrukdyrmak Güýji ugrukdyrmak gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için.
“Ahyry on bäşinji asyrda – däriniň tapylmagyndan 600 ýyl töweregi soň – toplar Afro-aziýa uruşlarynda täsir ediji faktor bolup başlady.”
Yuval Noah Harari “Homo Sapiens” kitabyndan
Kitabyň türkmençe terjimesi bolmanlygy sebäpli ýokarky bölejigi özüm terjime etmeli boldum, kemçilikler üçin bagyşlarsyňyz. Şu sözi okanym bäri şu tema barada ýazasym gelýärdi.
Däri dokuzynjy asyrda Daoistler tarapyndan derman, melhem ýasamak niýeti bilen oýlap tapylýar. We tapylanyndan bäri hem ýanyjy güýjüniň bardygy bilinýär. Ýöne ýarag niýetine ulanylmaýar.Indiki asyryň, ýagny onunjy asyryň başlarynda 904-nji ýylda harby sebäp bilen ulanylandygy bellige alynýar. Ýöne bu döwürlerde-de däriniň partlaýyş güýji däl-de diňe ýanyjylygy ulanylýar.
Gysgaça aýtsak däriden täze bir ýarag ýasamak ýerine peýkamyň okuna baglap otly ok edip ulanypdyrlar.Ondan soňky asyrlarda bombalar, raketa şekilli taýaklar(fire lance) we ahyry tüpeň(gun) ýagny däri bilen doldurulan turbaly ýaraglar ýüze çykypdyr.
Däriniň ýarag şekline girip uruşlarda möhüm täsire eýe bolmagy Harariniň pikiriçe alty asyr alypdyr. Kämil ýarag bolmagyndan öňki barlaglary täsirli hasap eden ýagdaýymyzda-da 3-4 asyr geçipdir.
Eger üstünde oturup pikirlenilsedi tüpeňleri we toplary emele getirjek tehnologiýa Hytaýda dokuzynjy asyrda-da bardy. Ýöne adamlar ünslerini bu ugurda jemlemänlikleri sebäpli ýaragyň kämilleşmegi alty asyr aldy.
Has başgarak mysal edip bugly işleýän mehanikany alyp bileris. Oduň ulanylmagy, suwuň gaýnadylmagy adamzadyň taryhynda juda gadymy waka bolup durýar. Ýöne şonça müň ýyllyk taryhynda adamzat bugy birinji gezek iň sada, ösmedik görnüşinde birinji asyrda ulanypdyr. Birinji asyrda Rim Müsüründe Alexandrialy Heron tarapyndan.
Mundan epesli wagt soň 16njy asyrda bu gezek Osmanly Müsüründe Taky al-Din tarapyndan bugly galdyrgyç hemem bugly turbina işlenip düzülipdir.
Birinji bugly nasos 17nji asyrda Angliýada Thomas Savery tarapyndan ýasalypdyr. Ýagny buguň kämillige ýetmegi däriniňkiden has uzaga çekipdir.Güýjüň ugrukdurylmagy hemişe beýle haýal bolup geçenok elbetde. 20nji asyra seretsek has çalt kämillige ýeten mysaly hem bar. Atom ýadrosyndan energiýa alyp boljagy 1930-njy ýyllarda alymlar tarapyndan ýüze çykarylýar.
Edil indiki on ýyllykda 1945nji ýylda birinji Atom bombasy ulanylýar. Ýöne bu pajygaly ýagdaýa gynansakda güýc ugrukdurmak diýesim gelenok. Bu ýalňyş ulanyşyň yz ýanyndan, ýagny soňky on ýyllygyň başlarynda birinji atom elektrik stansiýalary gurlup başlanylýar. Şeýlelikde adamzat atom energiýasyny ugrukdurmagy 20-30 ýylyň içinde kämilleşdirmegi başarýar.
Bu makalany ýazmagymyň asyl sebäbi şeýleräk. Eger adamlar öz pikirlerini, güýçlerini birikdirip bir däriniň üstünde işlesedi tüpeň ýa-da top 20-30 ýylda ýasalyp bilinerdi. Eger buguň üstünde işleseler ony hem 20-30 ýylda nasosa getirip bilerdiler. 1nji asyryň Alexandriasynda-da 9njy asyryň Hytaýynda-da galyba demir guýup biljek tehnologiýa bardy.
Asyrlar boýy ugrukdyrylmadyk güýç buguňky ýa-da däriniňki däl-de pikirleriňkidi. Adamlar pikirlerini bu taraba ugrukdurmandylar. Eger ikinji jahan urşy ýaly elhenç bir ýagdaý bolmasady belki atom ýadrosyndan çykjak energiýa hem asyrlar boýy ugrukdyrylman bilerdi. Elhenç sebäpler elhenç netijeler berdi, köp gan döküldi. Ýöne adamzat ünsüni jemlän ýagdaýynda asyrlary 20-30 ýyla sygdyryp biljegine göz ýetirdi.
Salgylanma:
1)https://en.m.wikipedia.org/wiki/Gunpowder#CITEREFAndrade2016
2)https://en.m.wikipedia.org/wiki/History_of_the_steam_engine#:~:text=The%20first%20steam%20engine%20to,the%20practicality%20of%20the%20design.
3)https://en.m.wikipedia.org/wiki/History_of_nuclear_weapons
4)https://en.m.wikipedia.org/wiki/Nuclear_power_plant
Ýazan: Galamkesh
0 Teswir