Aýna aýna aýt sen maňa… Aýna aýna aýt sen maňa… gurrun nun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Aýnalar, aýnalar… Oýlap tapylanyndan bäri biziň durmuşymyzda öz kiçi bolmadyk orunlaryny eýeläpdirler. Ýöne her haçan hem bize öz tasirini ýetiren zat onuň bizi nähili görkezenligi dälde biziň özümizi nähili görenligimiz boldumyka diýýän. Kähalatlar aşyklar ony ýaryna “saňa senden owadan sowgat tapmadym” diýmek üçin ullanypdyrlar. Aşyklara bu sözlemi aýtmaga kuwwat berýän zat öz ýarlarynyň owadanlygyndan beter köp adamlaryň özlerini bolşundan has owadan görýändikleri bolsa gerek.

Owadan bolmak, hatda özüňi owadan görmek erbet zat däl elbetde. Yöne oňa buýsanmak azajyk howply bolup bilermi, ýa-da nä derejede manyly. Durmuşda bize degişli bolan zatlaryň köpüsini özümiz saýlap alýarys, yöne belkem has köpüsi biziň saýlap almadyk zatlarymyzdan ybarat.

Haçan doguljagymyzy, haýsy maşgalanyň (ýagny baý, garyp, gowy erbet) agzasy boljakdygymyzy, haýsy milletden boljagymyzy, doganlarymyzyň sanyny, daşky görkümiziň aglaba böleginiň nähili boljakdygyny (aglaba bölegini diýýärin sebäbi bedeniňe sport arkaly şekil bermek we şuňa meňzeş aýawlar arkaly belli derejede owadanlaşdyrylyp bilner), özümiz saýlamadyk. Ne owadan adamlar ne-de betnyşan adamlar şekillerini özleri saýlamadylar.

Elbetde bu ýagdaýa maýyplyk hem degişli. Nesibämizde bolan zat arkaly öwünmek ýa-da kemsinmegiň nä derejede manylydygyny pikirlenmegi size goýýaryn. Sarpa mynasyp bolan zat yhlasmy ýa nesibemi.

Öz şahsy durmuşymda owadanlygymy(görmegeýligimi) kemsiden adam bolmady. Ýöne başga saýlamadyk zatlarym arkaly kemsidilmäge çalyşyldym. Ýöne elbetde bu hakykada göz ýetirenligim sebäpli kemsinmekden öte, birbirini kemsitmäge çalyşýan adamlaryň halyna gynandym. Belki bir-biregiň göwnüne degmek üçin sarp edýän azabymyzy has peýdaly zatlara beren bolsadyk, belki aýnalara seredip öz owadanlygymyzy soraman, adamlara seredip olaryň ýürekleriniň owadandygyny görüp bilerdik. Belki aýnalardan aljak lezzetimizden has köp bolardy adamlardan aljagymyz.

Eziz okyjylar, bu tema diňe bir saýlamadyk owadanlygymyza degip geçenok. Bu tema saýlamadyk obamyza, saýlamadyk şäherimize-de degişli. Sen maryly sen aşgabatly ýa-da sen gumly, dagly düzli diýmegiň ýerine öz saýlap alan zatlarymyz barada gürrüň etsek has hakly bolmazmydyk. Goý biz buýsanymyzda-da gabananymyzda-da öz şahsy gazançlarymyz arkasyndan buýsanaly, gabanaly, söýeli.

“Aýna aýna aýt sen maňa menden owadany barmy bu dünýäde” diýmäli.

“Aýna aýna aýt sen hemmä hiçkim hiçkimiň göwnüne degmesinle şu dünýäde. ” diýeli.

Ýazan: Galamkesh


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir