Napolýon Hilden bäş söz! Napolýon Hilden bäş söz! gurrun

Näme üçin käbir adamlar üstünlik gazanyp, käbirleri şowsyz bolýar? Napolýon Hil bu soraga siziň üçin jogap berýär. Şowsuzlyk we üstünligiň arasyndaky inçe tapawut ine şu:

1. Erbet taryh!

Käwagt käbir zady düzetmek üçin elimizden hiç zat gelmez. Emma muny beýin güýji bilen ýeňip bileris.

2. Dogry saýlanylmadyk maksat!

Belkide üstünlige barýan ýolda bize ýeke böwet şoldyr.

3. Adaty bolmazlykdan gorkmak!

Eger iller näme diýer diýýän bolsak, onda üstünlik gazanmak barada pikir hem etmäň.

4. Bilimiň pesligi!

Bu meseläni çözmek aňsat, eliňe kitap alyp okamaly. Has gowusy hem bu doly bize bagly.

5. Prinsipsizlik!

Özüňizi diňe özüňiz dolandyryň. Durmuşymyzyň dolandyryjysy özümiz bolmasak, onda hiç wagt üstünlik gazanyp bilmeris.

6. Saglygyň pes bolmagy!

Sagdyn beýin sagdyn bedende bolýar.

7. Çagalygymyzdaky dürli täsirler!

Çagalygymyzdaky bize bagly bolmadyk durmuş şertleri bize täsir edýär. Emma mydama olary bahanalap bolmaz.

8. Ertir ederin!

Bu endikden halas bolmasak hiç wagt üstünlik gazanmarys.

9. Ýykylansoň turup bilmek!

Bir işim şowuna bolmady diýip, hemme işiňi taşlamaly däl.

10. Erbet häsiýetlerimiz!

Töweregiň ýigrenjini gazanyp ösüp bolmaz.

11. Jynsy duýgularyň dolandyryp bilmezlik!

Jynsy duýgularyň dolandyrmagy başarmaly. Ýogsam köp meselede ýalňyşyp bilersiňiz.

12. Hiç zat ýitirmezden, köp zat utmak arzuwy!

Humar oýnamak muňa mysal bolup biler. Munuň ýaly zatlar adamy üstünlikden uzaklaşdyrýar.

13. Gorky!

Ýersiz gorkular bize zyýan berýän esasy zatlardyr.

14. Ýalňyş maşgala durmuşy!

Jübüdiňizi ýalňyş saýlan bolsaňyz, bu sizi üstünlige ýetmekden saklap galar.

15. Aşa ätiýaçly bolmak!

Durmuşyň tagamyny riske girmezden alyp bolmaz. Elbetde beýle diýilse humarda risk etmeli däl.

16. Ýalňyş şärik saýlamak!

Bir işe bile başlajak adamyňyzy dogry saýlaň.

17. Biderek yrymlar!

Yrymlar jahyllygyň önümidir.

18. Ýalňyş işde işlemek!

Üstünlikden saklap galýan esasy sebäp hem şudyr.

19. Zähmetden gaçmak!

Hemme zähmetimizi bir maksada gönükdirmek gerek.

20. Puly biderek sowmak!

Beýle adamlar az puly hem bolsa, şony biderek zada sowarlar. Üstünlige ýetjek bolsaňyz puly dolandyrmagy öwreniň.

21. Isleg ýetmezçiligi!

Näme isleýändigimizi belli bir derejede töweregimiz kesgitleýär. Şol sebäpli töweregiňizde üstünlikli adamlary jemläň. Olar bilen ýakyndan gatnaşyň.

22. Toleranssyzlyk!

Din, milleýetçilik, syýasy meselelerde toleransly boluň.

23. Deňagramly hereket etmek!

Islendik zatda aşa bolmak zyýanlydyr. Beýle etmek bilen üstünlige ýetip bolmaz.

24. Işi maslahatlaşyp etmezlik!

Beýleki adamlaryň maslahatlary örän ähmiýetlidir. Elbetde siz ýenede öz diýeniňiz boluň, emma beýleki adamlaryň pikirlerini diňläp, pikirleriňizi täzeden gözden geçiriň.

25. Aldawçylyk!

Aldawçylyk bilen käbir adam üstünlik gazanan ýaly görnüp biler, emma olar keselli adamlardyr. Dogryjyllygyň taýy ýokdyr. Bu siziň ruhy saglygyňyz üçin gerek.

Çeşme: kisiselbasari.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir