Näme üçin pikirler gerek? Näme üçin pikirler gerek? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Hemme gowy pikirler buwagta alnandyr.

Dr. Seuss ýazýarka çagalar üçin on müňlerçe kitap bardy. Indi millionlarçasy bar. Muňa kino senariýolary, aýdymlar, romanlar hem degişli.

Goşup biljek goşandymyz ýok ýaly görünýär. Döwür bizden geçdi we… indi edip biljek, döredip biljek zadymyz galmady.

“Aý bolanok, gowy pikrim ýok” diýmegiň ýerine “Muny edip gutardym, indi ýene üstünde işläp gowulaşdyraýyn” diýmek saňa has peýdaly. Ýa-da “Muny edip gutardym, mundan gowysyny hem edip bolmaýar, ýöne indi men täze zadyň üstünde işlemäge taýýar sebäbi, seret munça öwrenen zadyma.”

Bu her bir adamzat inowasiýasynyň hekaýasy.

Bu her bir gowy ideýanyň, hemme täze proýektiň, hemme aýdymyň, hemme romanyň hekaýasy.

Bir erbet pikir bardy. Soňam biraz gowusy.

Eger senem gowy pikrim ýok diyip zeýrenýän bolsaň, onda gaýrat et-de başda maňa ýaman pikirleriňi görkez.

Ýaman pikirler seniň duşmanyň däl. Olar bilen näçe tiz dostlaşsaň şonça gowy bolar. Olar gowy pikre barýan ýolda hökman bolaýmaly.

Iň kiçi elýeterli oýlap tapyş

Anna Karenina eseriniň bir paragrafyny täzeden ýazyp soňam ony Tolstoýyň ýazyşyndan gowy edip bilersiňmi?

Awatar üçin ýene bir sahypa senarýo ýazyp bilersiňmi?

Diňe bir nota bilen gowy saz çalyp bilersiňmi?

Iň gowy esere ünsüňi bereniňden, sora özüňe, saňa ýetdirjek iň kiçi birlik näme?

Dünýäni üýtgetmegiň aladasyny etme.

Öňünçä paýlaşmaga laýyk bir zat döret. Kiçi bolsa bolsun, ýöne öz buýsanjak zadyň bolsun.

1972-de Herbi Flawers sessiýa sazandasydy. Gurallary bilen barýardy we diýilen zady edýärdi.

Dawid Bowi Flawers bilen “Space Oddity” aýdymynda işläpdi. Haçanda Lou Rid ondan maslahat soranda ol ikisini tanyşdyrdy.

Rid Flowersa çalmaga bir bölek berdi. Şol wagt Herbi Loudan täze bir zatlar barlap görsem bolarmy diýip sorady. Ol artykmaçlyk etmek isledi, 10 nota ýokary çykdy. Dogrusy, bu onuň eýýäm ýazga geçiren sazydy.

Netije: “Take On A Wild Side” aýdymynyň sazy.

20 minutda Herbi Flawers Lou Ridiň kariýerasyny düýpgöter üýtgetdi. Ýöne elbetde, bu 20 minutdan köp wagt aldy. Ol 10 ýyllap üstünde işlemegiň, görmek hem diňlemegiň netijesidi.

“Muny nädip has gowy edip bilerin?” bilen “Muny nädip ederin?” tapawutly.

Biziň medeniýetimiz şeýle. Bir işi üýşüp ýazgarmak aňsat. Bir zady özi etjek adam tapmak welin gaty kyn.

Biz ýazgarýanlaň, ýamanlaýanlaň, hemem peseltýänleň jemagaty. Sebäbi ýönekeý: Ol howpsuz. Ýazgarýany ýazgarýan juda seýrek. Üsti-üstüne hem pyçgyny ulanmak has kyn. Ýa-da eliňe galam alyp planyňy düzmek.

Indiki edilmeli zat: Galam al.

Ine şu zat seýrek. Plan düzjek adamlar. Öňünçä başlajak adamlar.

“Gowy” näme diýmek?

Hiçkimiň dereksiz iş edesi gelenok. Herkim “gowyň” hemem “ajaýybyň” gözleginde.

Ýöne biz öz işimize nähili baha berýäris? Işiň gowy ýa däldigini birinden (ýa-da özüňden) soramak bir duzak bolup biler. Ol bir duzak sebäbi sen oňa maddy tarapdan baha berip bilýän bolup bilersiň. Ýa-da ýoluňy ýapýanlaryň pikrine görä.

Garri Potter eserini 12 sany neşirýadyň biri hem kabul etmedik wagty gowy däldimi? Ol birdenem dünýä belli bolanda gowy boldumy? Nädip bir kitap şol bir wagtyň özünde hem gowy hem erbet bolup bilýär?

Gowy diýilýän zadyň nämedigi sen işiňe başlamankaň kesgitlenmeli. Ol näme üçin we kim üçin? Eger etmeli zadyny etse, onda ol gowy. Etmese, seň ýa bagtyňdan, ýa ýalňyş edensiň, belki-de etjek bolan zadyňy eden dälsiň.

Hawa, “gowy” bilen “mümkin boldugyça gowy”, bularyň arasynda menziller bar. Ol menzil hiç geçilmejek ýaly.

Ajaýyp pikriňi goramak.
Entek görülmedik, bilinmeýän bir zadyň saňa geljekdigini bilmek saňa nä derejede kömek edýär?

Bu seň ýekeje mümkinçiligiň däl. Pikirler gutarmaz. Ajaýyp pikir diýlen zat ýok, ol diňe seň entek durmuşa geçirmedik zadyň.

  • Hiçkim seni wideoňy internete ýüklemekden saklanok.
  • Нiçkim seni her gün makala ýazmakdan saklanok.
  • Hiçkim seniň eseriňi sergä çykarmakdan saklanok.

Ýollary geçmegiň ýeke ýoly ädimleri ätmek.

Set Godiniň  “The Practice: Shipping Creative Work” kitabyndan.

Çeşme: ideas.ted.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir