Üstünlükli telekeçiler dynç nähili geçirýärler Üstünlükli telekeçiler dynç nähili geçirýärler gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Telekeçiler üçin dynç günleri beýleki adamlaryňky ýaly däl. Iş günleri (hepdäniň birinji gününden bäşinji ýa-da altynjy gününe çenli) iş üçin, dynç günleri (hepdäniň altynjy güni ýa-da ýedinji güni) dynç almak üçin. Şeýle-de bolsa telekeçiler mydama hereketde bolýar, dynç günleri hem olar üçin iş günleri diýmek, köpsi ol günlerde dynç almaga wagt hem sarp edenoklar. Emma bu hem gowy zat däl elbetde, belli bir wagtdan soň bu hereket saňa peýda däl-de zyýan berýär.

Ýyllaryň telekeçisi Saýmon Beýli özüniň we beýleki üstünlikli telekeçi tanyşlarynyň dynç günlerini nähili geçirýändigini paýlaşýar.

1. Uklamak

Arianna Huffingtonyň The Sleep Revolution (“Uky Rewolusiýasy”) atly kitaby professionallar üçin ukynyň nähili möhümdigini düşündirýär – kitapda ukysyzlygyň çilimkeşlik ýalydygy aýdylýar! – bu bolsa telekeçilere esasanam degişli.

Biznes ýöretjek bolýan bolsaň ukysyzlyk uzyn möhletde seniň üstünligiňe kynçylyklar döreder. Näme üçin? Beýniň öz işini gowy edip bilmeýär. Işleriňi edýän bolup bilersiň emma ukysyzlyk seniň iş durmuşyňda kreatiw bolmagyňy kynlaşdyrýar.

2. Dostlar we maşgala bilen wagt geçirmek

Söýýän adamlaryň bilen wagt geçireniňde beýniň üýtgeşik ýerlerini ulanýarsyň. Sosiallaşmak we söýgi seniň kreatiw prosesiň üçin örän möhüm iýmit. Şonuň üçin iş günlerinde energiýaly bolaryň ýaly seniň ýeňişleriňe begenýän adamlar bilen gürrüňdeş bolmak peýdaly.

3. Biznes bilen baglanyşykly bir zat okamak

Saýmon muňa beýin üçin süýji diýýär. Bu seniň kreatiw tarapyňy ösdürip biljek zatlaryň biri bolsun, roman okamak, janly aýdym diňlemäge gitmek ýa-da hekaýa diňlemek ýaly zatlar. “Ýakynda çagalarym bilen Alladin seretdik, we olar dürli zatlary göz öňünde janlandyryp başladylar . Diňe şunuň özi beýnimiziň mydam ulanmaýan ýerlerimizi ulanmagymyza sebäp boldy” diýýär Beýli.

4. Fiziki bir zatlara güýmenmek.

Wagt çäkli bir zat, emma energiýany artdyryp bolýar. Telekeçilerde näçe energiýa bolsa şonça gowy, ol güýjüň bir çeşmesi. Fiziki zatlar bolsa energiýaly bolmagyň iň gowy ýollarynyň biri. Hökman sport zalyna gitmeli diýen zat ýok. Ýöreýşe çyk, gezmele, tans oýna, golf oýna. Energiýaňy köpeldip biljek hereket kän ahyry.

5. Nahar bişirmek

Fiziki hereket ýaly nahar hem bedeniň ýangyjy we energiýaňy artdyrýar. Hemem bu kreatiw bir zat. Özüňizi dynç günüňizde läliksirediň we bu kreatiw işden lezzet alyň. Internetde her býujet, her diýeta we herkim üçin aňsat reseptleriň bolan dürli websaýtlar bar (gurrun.com ýaly), şolardan peýdalanyp bilersiňiz.

Muny söýýän adamlaryňyz bilen etseňiz has hem gyzykly, bu sanawdaky zatlaryň ikisini etdigiňiz bolar. Hem-de ekrana seretmekden biraz gözüňiz dynç alar.

6. Ýuwaşla

Oturmak üçin wagt aýyr we sessizlikde otur. Pikirlen. Dem al. Näme etseňem seniň beýniň hepdäniň dowamynda bolup geçen zatlary proses etmegi gerek. Mydama galmagalyň we sesiň içinde gezeniňde beýniňe täze pikirleriň gelmegi kyn bolýar. Biziň ýaşaýan döwrümizde köp zatlar ünsümizi çekjek bolýar, telekeçiler üçin has hem beter. Diňe 15 minut sessizligiň özi hem siziň kreatiw prosesiňize örän peýdaly bolar.

Iki günläp doly dynç almasaňyz hem şu zatlar bilen ýangyjyňyzy dolduryp durmagyňyz özüňiz we işiňiz üçin peýdaly.

Çeşme: www.success.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir