WAGT WAGT gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Tümlükdi, ysgynsyz, ýerde süýnmekden başga zada halym ýok ýalydy. Munça gurby nirä sarp edenimi bilemok. Birdenem aýagymdan birzadyñ çekip barýanyny duýdum. Şuwagta çenli ünsüm nirededikä?! Adam süýreler-de, bilmezmi? Nämä üns berdimde beýle akyl huşum göçdükä? Megerem şol üns beren zadym bar ysgynymy alan bolmaly. Birdenem agyrylarym duýlup ugrady. Gowy ýerde hä süýrelemok ýaly.
Endam janym gara gan. Käwagt gyçaklaryñ inçe ýiti agyrysy käwagtam közüñ gyzyl gyzgyny bedenimi sypalap barýardy. Ýok, ýok, bular bu ýolda hemişelik duran ýalyla. Olar meni däl, men olary sypalap barýan. Olar dälde men geçip barýan. Şuwagta çenli aýagymdan süýräp barýany duýmaýşymy diýsene.
Garşy çykjagam bolmandyryn. Belkem huşumy ýitirmezden öñ garşy çykmagyñ manysyzdygyna düşünendirn. Belki şondan gorkup ýitirendirn huşumam. Hawala, akmak adam üçin iñ gowy çözgüt galanja aklyñam ýitirmek dälmi eýsem. Ýene ýitirmäkäm pikirleneýin. Hökman bir çözgüdi bolaýmaly ahyry. Gürleşjek bolup görsem bolmazmyka? Zordan galanja mejalymy jemläp sesimi cykarjak boldum. Ýöne bar elimden gelen çalaja pyşyrdap bilmek boldy.
“Siz” diýdim, “Meni nirä alyp barýañyz?” Alan jogabym gaty üýtgeşikdi: “Eger kynçylygyñ manysyna düşünseñ, her kyn ýoluñ soñuna eltip barýan seni” diýdi. “Ýöne ýene huşuñy ýitirmegi göz öñüne tutýan bolsañ, ol öz islegiñ”. Kynçylygyñ manysyna düşünýänler kimlerdikä? Meñ şuwagta çenli duşan adamlarymyñ hiçisiniñ çekýän kynçylyklarynyñ manysy ýokdy. Ýada men şuwagta çenli beýle adama duşmandym.
Belki duşsamam oña däli diýip geçendirin. Belkem tebigatdan jogap taparn umydy bilen öñki okanja zatlarymy gözden geçirdim. Tohumyñ daş ýaranyndan soñ miwe berşini aýtjak boldumyka süýreýjim, ýa suwuñ ýagmak üçin ýanyp ýanyp göge galşyny? Şowagt gyssagly tapyp başaran iñ manyly kynçylygym şolar bolupdy. Bu gyçaga, köze meýletin döş germekdimikä çözgüt?
Beýlede bir çözgüt bolarmy diýp pikir etdim. Huşumy ýitirenim has gowy ýaly gelýärdi. Iñ bolmanda süýreýji jogap beripdi. Nirä barýanymyzy görjek boldum, ýöne gaty garañky görünýärdi. Ýada entäk doly açylyp bilmän, özüme gelip bilmän, görüp bilemokdym öýtýän. Soñam başga alaç ýok bolsa menem tohum ýaly meýletin çekern diýp pikir etdim. Hamala has köp gyçaga degsem şonça gowy ýaly elimi doly açyp döşümi ýere berdim.
Gözümiñ gapylgylygy çyndanam huşumy ýitirenim üçin eken. Gyçak yzyna getiren bolmaly. Ýuwaş ýuwaşdan dünýe ýagtylyp ugrady. Öwrenşenimdenmi ýa miwe berjegime şeýle özümi ynandyrypdyrnmy bilemok, gyçakdyr közler göwnüme bolmasa keýp berýän ýalydy. Ýuwaş ýuwaş sesimiñ öñküligne gelenini duýdum. Indi sorag soramak has ýeñil düşjek ýalydy. Esasy sorajagmy sorapdym. Ýöne şonda da ýene içim gyjyklap goýmady.
“Ýetemzokmy?” diýdim gyşarylyp. “Miwe berjegiñe göwnüñ ýetýär öýtýän” diýdi. Dogry aýtýardy. Ýetmäkäk miwe bermäne taýýar bolmagym gerekdi. Gyçakda dogranmaly, közde bişmelidim. Süýreýjiýmiñ jogaby meni ejir çekmäne hasam höweslendiripdi. Hamala diýersiñ ugrunda ylgamak, wi süýrenmek miwä ýetmekden has möhüm görünýärdi.
Çyndanam, hiç bir tohumyñ elinden ýekeje miwäniñ gelip bilmejegni pikirlendim. Olar diñe içinde ýazylan maglumatlary okap diýleni edýärdiler. Soñ diýdim “Islegim şu boldugyça nirä süýreseñem barmana taýýar”. “Gaty haýal öwrenýäñ” diýdi ýüzüme seretdi-de. ” Onda-da öwrenseñ bolýar, indi hä ýetibem barýas”. “Mümkin bolsa adyñy aýdaýsañ?” diýip mylaýymlyk bilen soradym.
Indi nämüçindir süýrelmek beýle agyr degenokdy. Şo sebäplem oña gaty bir ýigrenç duýup baramokdym. Ýöne ýetmäkäm adyny bilip galsam gowy boljakdy. “Meniñ adym” diýdi yzyna bakdy-da “WAGT”.
Ýazan: Galamkesh
0 Teswir