Jogapkärçilik Jogapkärçilik gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Jogapkärçilik. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Jogapkärçilik Jogapkärçilik

Hanha bir garynjajyk ýüküni egnine atyp ýöräp barýar. Häzir hinjagazyna barar-da öz işini bitirenligiñ buýsanjy bilen ýüküni ýazdyrar, hasabatyny berer. Kim bilýä belki hasapçy garynjadan öwgi sözi hem alyp biler. Men bolsa öz kiçijek penjiramiñ bärsinden ony synlap ýatyryn. Ol öz taýpajygyna wepasyny görkezýär, jogapkärçiligini ýerine ýetirýär.
Onuñ üçin şol jemgyýetde bolmagyñ boýnuna asan mejburiýetleri bar. Men bolsa özüm barada bu zatlaryñ küýüni hem etmän ýatyryn. Garynjalaryñ öz agramyndan ýigrimi bäş esse agyr ýükleri göterip bilýändigini okapdym. Menden bolsa hiçkim onça ýüki galdyrmagymy islänok.

Aslynda eneñ-atañ, käbir saýlama mugallymlaryñ bolaýmasa senden şeýle zada garaşýas diýýänem ýok. Millete şeýle ýük getirseñ peýdadyr, şuny etmek zerurdyr diýip bilýän adamlaryñ sanynyñ näçedigini hudaý bilýär. Bu mejburiýetleri bilýänä azdyr welin, diline alyp bilýän ondanam az ýaly.

Ýa bu ýükleri çekmegiñ uly bir mätäçlikdigini ýatlamak aýypmykan? Ejizligiñ barlygy dälde onun barlygyny duýmak erbetmikän? Hemişe bu mätäçlikleri görmediksiräp hemme zat güläle-güllük diýmek çözgütmikän?

Iliñ ündewiniñ barlygyna ýoklugyna sereden bolýan welin, özüñ düşünýän bolsañ ündew nämä gerek. Ündeýän ýok diýip ýüki öz üstümden atjak bolýan öýtýän. Şol garynjajygy hem biri bar ýük getir diýip ugratdymyka, ýa özi men wepamy subut etjek diýip döş gerdimikä?

Birgün agramlyja azyk getirip ilimiñ öñüne taşlabilmesem menden hasap sorajagyñ şu döwrüñ adamlary bolmajagyna gözüm ýetip dur. Indiki nesiller belki meni bu sebäpli agras bir kazynyñ öñünde dik duruzmaklyklary ahmal.

Ýok, ýok bu ýatyşym bilen dik duruba bolmaz, başym öñe egiler durar. Diñe men däl ine bu döwürdeşlerim hem mençe ýük getireni ýok diýip ili günäläp hem bilmen.

Adamyñ köplügi günäni azaltmaly däl ahyry. Gaýta şunça adam bolup birijigiñ aklyna aýlanmadymy, wyždany çatmadymy diýseler dymyp oturarynda. Ili hem özüm bilen deñäp ýük getirmezlikde aýyplap otyryn, adam özi nähili bolsa ile-de şeýledir öýder eken. Menden başga beýdip garynja seredip ýatanam ýokdurla. Hamana köp ýaşajak ýaly indiki nesiller diýenem bolýan. Ýöne ölüp gidiberseñem kazydan dynma ýok.

Allatagalla “Geç gulum bagyşlaýan” diýäýende-de bu ýola baş goýanlaryñ ýüzüne-de seredip bilmek gerek. Togrul beg bilen Çagry beg dagy öñümden çykyp “Ýigit sen bir aýda ýatanyñy biz ömrümizde ýatmadyk” diýse näme diýerkäm? Magtymguly çykyp “Iki setir okaman, üç setir ýazýañ. Men kitaplar düñderip ýazdyma o şygyrlary” diýse.

Üýşüp “Git zaññar, senden musulmanam bolmady türkmenem” diýseler. Tonna tonna ruhy azyk getirip halkyma diýip basyp goýan ägirdiñ sany sajagy ýokdur, döwür dowam edip gidiberse nesildenem çykjagy kändir. Elimizde owuntujagymyz bilen olañ öñünde gyzaryp oturjagam biz bolaýjakmykak?

Egnime beýle ýükler atjagyñy bilsem, ýüküñe nazar saljak dälä eziz garynja. Şonda-da gözümi açanyñ üçin sagbol. Ýene-de gapylmanka men gidip owuntujak gözläýin.

Ýazan: Galamkesh


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir