Optimist bolmak üçin… Optimist bolmak üçin… gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Mekdepde, ofisde ýa-da köpçülikleýin ýerlerde hemmeleriň energiýasyny ýokarlandyrýan, optimist, pozitiw adamlar bar. Şeýle pozitiw adam bolmak üçin şoňa laýyk häsiýet gerek. Bu adamlar durmuşda käbir zatlara üns berip, kiçi detallary uly ýaly edip görýärler. Positiw we optimist bolmak üçin aşakdakylary ýerine ýetirmek maslahat berilýär:
1. Şahsy jogapkärçilikleriňize eýe çykyň!
Durmuşyňyzy gözden geçiriň. Şu meň jogapkärçiligimde diýýän zatlaryňyzy belläp alyň. Eger jogapkärçilikleriňiz beter az bolsa, köpeldiň. Şeýlelikde töweregiňizdäki adamlaryň aladalaryny azaldarsyňyz. Eger etmeli zatlaryňyz köp bolsa kömek soraň.
2. Buýruk berýän sözleri ulanmaň!
Siz näzik adam bolsaňyz, töweregiňizdäki adamlar hem şeýle hereket eder. Bu ýagdaý siziň pozitiw duýmagyňyza itergi berer. Üstesinede buýruk beriji gürleseňiz, aýdan zadyňyzy adamlar islegsiz ýerine ýetirer.
3. Hakykatlary kabul ediň!
Ilki bilen özüňiz hakda hakykatlary doly kabul ediň. Arzuwlar diýaryndan çykyň. Ukyply we ukybyňyz bolmaýan zatlary belläň. Özüňiziň kemçilikleriňizi özleşdirjek boluň. Emma unutmaň! Kemçilikleriňiz köp bolsa gynanmaň. Olary bir-birden özleşdiriň!
4. Başarmadyk zatlaryňyzy çözmek üçin täze usullar ulanyň!
Mydama başaryp bolanok. Başarmadym diýip umytdan düşmeli däl. Özüňizi dürli usullar bilen motiwirlendiriň.
5. Özüňizi söýüň!
Gerek ýerinde kemçilikleriňizi bilip, özüňizi tankytlaň! Emma özüňizi hem söýüň. Gerek bolsa gowy taraplaryňyzy kagyza ýazyň.
6. Bolmajak zatlary arzuw etmäň!
Käwagt durmuşdan köp zada garaşýas. Şol sebäpli otrisatel zatlary görmezden gelýäris. Bolmajak arzuwlaryň yzyndan ylganyňdan, boljak işleri wagtynda bitiriň.
7. Tankytlanan wagtyňyz gynanmaň!
Eger sizi çynlakaý tankytlaýan bolsalar gynanmaň. Peýdaly tankyt mydama gerekli. Emma öz üstüňizden güldürmäň!
8. Köp zatlara üns beriň!
Özüňizi gyzyklandyrýan zatlara üns beriň. Şeýlelikde gyzykly durmuş ýaşarsyňyz.
9. Gatnaşyklaryňyzy güýçlendiriň!
Täze tanyşan adamlaryňyzy bilen aşa ýakyn ýa-da aşa uzak gatnaşyk saklamaň.
10. Özüňizi günsaýyn ösdüriň!
Eger täzelige we kämilleşmäge taýýar däl bolsaňyz, öz ýeriňizden hiç üýtgemersiňiz. “Ýedisinde näme bolsa, ýetmişinde hem şol” diýen nakyla laýyk bolarsyňyz.
11. Irden ir turmak üçin bir bahanaňyz bolsun!
Eger irden höwes bilen turmak üçin bir bahanaňyz ýok bolsa, onda siz üstünlikden uzakda ýaşaýarsyňyz. Günde ir bilen turmak size uly motiwasiýa berer.
Çeşme: ceotudent.com
0 Teswir