Energiýa içgileriniň zyýanlary Energiýa içgileriniň zyýanlary gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Energiýa içgileri adyndanam belli bolşy ýaly energiýaňyzy artdyryp, ünsüňizi bermäge kömek etmeli. Emma onuň içindäkiler saglyga ýaramaz täsir edip bilýär. Ine nähili:
Lauren Popeck, Orlando Health-däki dietolog, energiýa içgilerinde köplenç gabat gelýän zatlar diýip şulary belläp geçýär:
- Kafein
- Şeker
- B witaminleri
- Tagam üçin ženşen we imbir ýaly otlar
- Aminokislotadan emele gelen zatlaryň käbiri
Popecke görä bu içgiler energiýany artdyryp bilýär, ýöne şol bir wagtda-da ýürek urşuny çaltlandyrma, gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly saglyga zeper ýetirip biljek zatlar hem bolup bilýär. Şeýle-de köp mukdarda içilen ýagdaýynda ýaňky belläp geçilen zatlardan başgada ol kelleagry we alada döredip bilýär.
Energiýa içgileri ýürek üçin erbet täsirli
Ünsi artdyryp bilýänligi üçin kafein energiýa içgilerinde ulanylýar. Kafein eger-de günde 400 milligramdan köp sarp edilen ýagdaýynda ol şu zatlara eltip bilýär;
- Ýürek titremesi
- Gan basyşynyň ýokarlanmagy
- Ýürek urşynyň çaltlanmagy
- Ýürek ritminiň bozulmagy
Köp energiýa içgileriniň düzüminde 70-240mg aralygynda, bir bulgur kofede bolsa 100mg töweregi kafein bolýar. ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligine (FDA) görä uly ýaşlylaryň günlük kafein limiti 400mg. Amerikan çaga lukmançylygy akademiýasy çagalara kafein sarp etmegi maslahat berenok we 12-18 ýaş aralygyndaky ýetginjeklere 100mg ýa-da ondan az mukdarlarda sarp etmegi maslahat berýär.
2016-njy ýylda geçirilen bir barlagda 900 gram töweregi energiýa içgileriniň içilmegi ýürek QT interwalynyň ýokarlanmagyna getirýär, ol hem duýdansyz ölüm bilen baglanyşdyrylýar. Ýagny gysga wagtda birnäçe energiýa içgileriniň içilmegi uly saglyk risklerini döredip bilýär.
Şeýle-de energiýa içgilerinde maslahat berilýänden adatça 3 esse köp şeker bolýar (maslahat berilýän 25gr, energiýa içgilerinde her 220gr 27-31gr şeker bolýar).
Köp mukdarda şekeriň sarp edilmegi bolsa rak keseli, ýürek we süýji kesellerine getirip bilýär. Çendenaşa şeker mundan başga-da semizlik we alkogolsyz bagyr keseline eltip bilýär.
Energiýa içgileriniň has köp içmäge getirmek ähtimallygy uly bolany üçin olary alkogol bilen garyp içmek maslahat berilmeýär.
Umuman energiýa içgileri saglyk ýagdaýlary erbet bolmadyk adamlar tarapyndan az mukdarda içilse erbet bolman biler. Emma ony saglyga peýdaly we energiýany artdyryp biljek iýmitler bolan alma, gara şokolad ýaly iýmitler we hemmämize peýdalydygy mälim bolan ýeterlik uky we dowamly hereketde bolmak ýaly zatlar bilen çalyşmak has peýdaly we dogry.
Çeşme: www.insider.com
0 Teswir