Motiwasiýanyň atasy barada maslahatlar Motiwasiýanyň atasy barada maslahatlar gurrun
Bazarlaýjy we dolandyryjy bolup birnäçe firmada işlän Zig Ziglar köpler tarapyndan motiwasiýanyň atasy hökmünde tanalýar. 2010-njy ýylda aradan çykýança köpsanly döwletlerde motiwasiýa we kämillige ýetmek meselesinde maslahatlar berýän Zig Ziglar potansiýalyňyzy orta çykarmak üçin maslahatlar berdi. Biz hem bu maslahatlary siziň üçin 3 bölümde jemledik.
1. Maksadyňyz detally bolsun!
“Öý gurmak üçin plan gerekli. Edil şonuň ýaly hem durmuş bina etmek üçin plan we maksat gerekdir”
Ziglariň ilkinji maslahaty, maksat goýmak. Çünki maksat biziň ünsümizi bir zada jemlemäge kömek edýär. Ziglar maksatlary şeýle toparlara bölýär:
Uly maksatlar: Tolgundyrýan we size motiwasiýa berýän maksatlar. Haçanda özüňize göwnüňiz ýetmän, lapykeç bolup başlasaňyz, bu maksatlar täzeden oýanmaga kömek eder.
Uzak möhletleýin maksatlar: bular aýlyk, ýyllyk maksatlary öz içine alyp biler.
Gündelik maksatlar: uzak möhletleýin maksadyňyza ýetmek üçin gündelik maksatlar hökman gerek.
Maksatlaryňyzy ýazanyňyzdan soň, olary nähili durmuşa geçirerin diýip oýlanyň. Haýsy böwetler sizi maksadyňyza ýetmekden saklar belläň. Olary geçmek üçin näme serişdeler gerekligini hem belläň.
Wagtyň geçmegi bilen käbir maksatlaryňyzy we planlaryňyzy üýtgedip bilersiňiz.
2. Maksatlaryňyzy anyklaň!
“Maksadyňyza ýetmek isleýän bolsaňyz, ony görmeli, ysgamaly, ellemeli we dadyp bilmeli, ony göz öňüne getirmeli”
Hyýalymyz biziň elimizdäki serişde. Bu serişdäni dogry ulanmak arkaly üstünlige ýetip bolar. Şol sebäpli rahatlamak, beýniňizi tämizlemek, hakykatdan ýaşamak isleýän durmuşyňy göz öňüne getirmek üçin birki minudyňyza hyýal dünýäsine aýyryň. Islän zadyňyzy arzuw ediň. Hyýalyňyz hakykat bolan bolsa nähili hereket edersiňiz. Şol hereketleri durmuşa ornaşdyryň.
Maksatlaryňyzy anyklap, göz öňüne getirmek, oňa barýan ýolda size itergi berer. Şeýlelik bilen maksada tiz ýetersiňiz.
3. Irden ilki bilen günüňizi planlaň!
“Her gün irden etjek işleriňizi oýlanyň. Güni planlan wagtyňyz sizi tolgurdyrýan zatlar hakda oýlanmak, bedeniňizi täzelär we energiýaňyzy ýokarlandyrar”
Gündelik maksatlaryňyza ýetmegiň iň aňsat usuly, ir bilen günüňizi planlamakdyr. Sessiz oturyp, bugün etjek işleriňizi we nähili etjekdigiňiz barada oýlanyň. Şeýle etmek bilen wagtyňyzy tygşytly peýdalanyp, şol günki etmeli işlere energiýa taparsyňyz.
4. Üstünlige ýetirjek endikler gazanyň!
“Motiwasiýa öňe girmäge kömek eder, endikler üstünlige ýetirer”
Ziglar motiwasiýanyň ömürlik däldigini, emma endikleriň ömürlikdigini nygtaýar. Elbetde ilki başlamak kyn, emma öwrenişensoň öz-özi gaýtalanyp durar.
Üstünlige ýetmek üçin erbet endikleri gowylary bilen çalşyň. Meselem irden ir turyp, güni planlap, 1-2 sagat işläp bilersiňiz. Unutmaň bir zady 21 gün gaýtalansoň, endige öwrülýär.
5. Başarjakdygyňyza ynanyň!
“Maksatlara ýetmezden ozal, edip biljekdigiňiz ýa-da edip bilmejekdigiňiz hakda pikir etseňiz, köplenç siziňki dogry bolup çykar”
Eger özüňiz, içiňizden maksadyňyza ýetip bilmerin diýip ynanýan bolsaňyz, asla olara ýetip bilmersiňiz. Şol sebäpli ukyplaryňyza ynanyp, maksatlara ýetmek üçin özüňize goldaw bermegiňiz gerek. Haçanda özüňiz hakda şüphelensiňiz, bu pikiriň sizi dolandyrmagyna rugsat bermäň. Onuň deregine ünsüňizi maksatlaryňyza jemläp, motiwasiýaňyzy ýokarda tutyň.
6. Pikirleriňizi täzäläp duruň!
“Unutma, aňynda bolýan zatlar üçin sen şu ýerde. Aňdakylary üýtgedip, nirde, näme üçin durandygyňy hem üýtgedip bilersiň”
Ulaldygymyzça beýnimize serhetler çekiler. Adamlar beýleki adamlaryň hem özleri ýaly pikir etmegini isleýär. Beýniňize serhet çekdirmäň. Negatiw düşünjelerden daşlaşyň. Öz-özüňize oňyn goltgy berip, ruhuňyzy belentde tutyň.
Çeşme: ceotudent.com
Ay gyzyklyja ekeni,yone innikide has gowy temalar gelsin
Köp Sagboluň, pikiriňizi dykgata alarys!