Şalykdaky toý däpleri düzgünleri Şalykdaky toý däpleri düzgünleri gurrun Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Şa toýlary diýlende näme kellä gelýär? Giýew medallardan we nyşanlardan doly formasyny geýýär. Toý köýnegi iňlis tikinçisiniň elinden bolmaly. Köşgüň töweregindäki mähelle şa jübütini begendirýär. Hawa, bu şa toýlarynyň iň ýönekeý. Emma, taryhdan bäri şeýle bir däp-dessurlar bar welin, geň galmazlyk mümkin däl. Geliň, Şa toýlarynyň adaty bolmadyk däplerine has içgin seredeliň.
1. Myhmanlaryň sanawy
Şa toýuna gatnaşjak myhmanlaryň sanawyny we bu adamlaryň oturmaly ýerleriniň meýilnamasyny taýýarlamak, dabaranyň iň möhüm meselelerinden biridir. Taryh boýunça ortaça 2000 adam şa toýlaryna çagyrylardy. Oturmak meýilnamasy adamlaryň ähmiýetine görä düzülerdi. Örän möhüm adamlar öň hatarda, möhümlilik ähmiýeti peselýän tertibi görnüşde öz ornuny tapardylar.
Şa toýlarynyň hemmesi häzirki wagtda görşümiz ýaly uly şowhun-şagalaň bilen bellenilmeýärdi. Käbir nikalar şeýle bir gizlin bolupdyr welin, häzirki wagtda olaryň näwagt we nirede bolandygyny hiç kim bilenok.
2. Toý köýnekleriniň däbi
Şa toýlarynda geýilýän ak toý köýnegi entek gaty täze däp. XIX asyryň başlaryna çenli, gelin islän reňkinde toý köýnegini geýip bilýärdi. Esasanam gök we gara reňkler has ileri tutulýardy. Şeýle-de bolsa, şa aýal Wiktoriýanyň toýunda toý geýimi däbi düýbünden üýtgedi. Wiktoriýa toý dabarasynda ak toý köýnek geýmegi saýlady. Şeýlelikde, ak toý köýnek tendensiýasy (trendi) onuň bilen başlandy.
3. Toý dabarasy: Agşamlyk nahary we banket (Banket – belli bir adamyň hormatyna berilýän günortanlyk/agşamlyk nahary)
Şalyk toýlary ýyllaryň geçmegi bilen örän üýtgedi . Patyşa toýlary ýyllaryň dowamynda köp üýtgedi. Şeýle-de bolsa, toý dabaralary elmydama ajaýypdy. Sebäbi bu banketler güýç we baýlygyň iň möhüm görkezijisidi. Myhmanlaryň nahary altyn çaýylan tabaklarda berilýärdi. Sugun eti we badam ýagy menýudanky iň möhüm tagamlardy. Et iýmeklik erkek adamy güýçlendirýändigine , aýal adamyň bolsa önelgesine ýardam berýändigine ynanylýardy. Şonuň üçin hem öýlenýän oglan we durmuşa çykýan gyz sugun etini we balyk etini köp iýýär. Şa aşpezleri, toý dabarasynda libidony (Libido-adamyň özüni alyp barşynyň esasyny emele getirýän jyns instinkti) oýarjy tagamlar taýýarlaýar.
4. Şa nikasyny tamamlamak: Düşek dabarasy
Ajaýyp we uzyn toý dabarasyndan soň myhmanlar şa jübütini otaglaryna alyp barardylar. Bu däp aslynda “düşek dabarasy” diýilýän ýörite çäräniň köpçülige açylmagydy. Jynsy şowsuzlyk, şa jübüti üçin uly netijelere getirip biler. Mysal üçin, syýasy tolgunyşyklar ýüze çykyp biler, hat-da gozgalaň hem turyp biler. Şonuň üçin kazyýet agzalaryny we maşgala agzalaryny jynsy gatnaşyklaryň kanagatlanarly ýerine ýetirilendigine ynandyrmak zerurdy. Gelin bilen ýigidiň şahsy durmuşy ýokdy. Olaryň her bir hereketine uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýär. Munuň sebäbi, şalygyň her bir jikme-jigi döwlete degişlidir diýen pikirdi.
5. Başga milletden birine öýlenmek/durmuşa çykmak
Däp bolşy ýaly, şa maşgalalarynyň arasyndaky nika halkara bileleşiklerini berkitmegiň iň täsirli usullaryndan biri hökmünde görülýär. Mysal üçin VIII. Genriň Aragonly Katrin bilen durmuş gurmagy Angliýa güýçli bir Ispan ýarany getirdi. Şol sebäpli esasanam şalygyň erkek agzalary “daşary ýurtly” aýala öýlenýärler, şeýlelik-de , asyrlarboýy dowam edip gelýän bu däp-dessur döredildi.
Çeşme: listelist.com
0 Teswir