Rich Dad Poor Dad” Rich Dad Poor Dad” gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. Onun için, veýa, onun
Google-da “iň gowy finans kitaplary” ýa-da “pul barada iň gowy kitaplar” diýip gözletseňiz çykan netijeleriň iň başynda hökman Robert Kiyosaki-niň şu kitabyny görersiňiz. Ol biznesmen, inwestor we höweslendiriji spiker. Onuň takmynan 150 million dollary bar. Emma ol başlangyçda baý däldi.
Kitabynda-da belläp geçişi ýaly, onuň iki sany kaka ornunda görýän adamy bardy. Ikisi hem bütin ömrüni işläp geçirýär, ikisi hem üstünlikli we gazançlary kän. Emma olaryň biri (Robert-iň asyl kakasy) finans tarapdan kösenýärdi, beýlekisi bolsa Gawai-däki iň baý adamlaryň biri bolup ýetişdi.
Ol bularyň hereketlerinde we düşünjelerindäki tapawutlary şu meşhur kitabynda gürrüň berýär.
“Mekdepde biz ýalňyşmagyň erbet zatdygyny öwrenýäris we ýalňyşan wagtymyz jezalandyrylýarys. Emma adamlaryň gurluşyna seretsek, adam ýalňyşyp öwrenýär. Ýöremegi ýykylyp öwrenýäris. Eger hiç ýykylmaýan bolsak hiç wagt ýöremezdik.”
“Puly söýmek ähli erbetlikleriň çeşmesi däl.
Pulsuzlyk ähli erbetlikleriň çeşmesi.”
“Biziň iň uly barlygymyz aňymyzdyr. Eger dogry öwredilse ol bize ummasyz baýlyklary gazandyryp biler.”
“Men adamlaryň iň uly baýlyklary bolan bilim we aňlaryna däl-de pula üns berýändikleri aladalandyrýar. Eger adamlar erkin we açyk aň-düşünjä eýe bolsalar hem öwrenseler, olar has hem baýarlar.
Eger pul ähli meseleleri çözer diýen pikirde bolsalar onda olara kynçylyk garaşýar. Meseleleri akyl çözýär we puly akyl gazandyrýar. Pul temasynda akylsyz bolup puluň bolmagy diýmek puluň gitdi diýmek.”
“Köplenç kösenýän, köp işleýän adamlara gabat gelýärin. Olar diňe öňki pikirlerinde gezýärler. Ähli zadyň öňküsi ýaly bolmagyny isleýärler, üýtgemekden, täzelikden gorkýarlar.
Işini ýa-da öýüni ýitiren adamlary tanaýaryn. Olar ekonomikany, tehnologiýany ýa-da başlyklaryny günäkärleýärler. Gynansakda asyl problema özleri bolup biler. Köne düşünjeler olaryň iň uly ýitgisi. Ol ýitgi sebäbi şol pikirler düýn olara gazandyran hem bolsa indi bolmaýar. Düýn geçip gitdi sebäbi.”
“Pulsuz bolmak bilen garyp bolmagyň arasynda tapawut bar. Pulsuz bolmak wagtlaýyn. Ol bir material. Garyp bolmak soňsuz. Sebäbi ol aň-düşünjede.”
“Meni günäkärlemegi bes ediň. Bes ediň problemanyň mendigimi pikir etmegi. Eger problema men diýip pikir edýän bolsaňyz meni üýtgetmeli bolýaňyz. Eger problemanyň özüňdigine düşünseň özüňi üýtgedip bilersiň, bir zat öwrenip akyllanyp bilersiň. Köp adam başgalaryny üýtgetjek bolýar. Emma başgalary üýtgetmekden özüňi üýtgetmek has aňsat hem peýdaly.”
“ ‘Oňa pulum ýetmeýär’ sözi beýniňi ýapýar. Hem-de bu sözlem gynanç we çäresizlik duýgusyny getirýär.
‘Oňa nädip ýetip bilerin?’ beýniňi açýar. Ony pikirlenmäge we jogap gözläp tapmaga iterýär. Hem-de bu sorag mümkinçilikleri, tolgunmagy we arzuwlary oýarýar. Ol has ýiti zehin we ynamly ruh döredýär.”
“Garyplar we orta gatlak pul üçin işleýär. Baýlaryň özleri üçin işleýän pullary bar.”
Çeşme: goodreads.com
0 Teswir