Ruh adamyň niresinde ýerleşýär? Ruh adamyň niresinde ýerleşýär? gurrun
Adam ruhunyň nirededigi barada ylym tarapyndan gözleg geçirildi. Şoňa laýyklykda adam ruhy beýniniň öýjüklerindäki mikrotubulalar diýilýän gurluşlaryň içinde ýerleşýär.
Ruh sözi, latynça anima sözünden gelip çykyp, dürli filosofiki, dini däp-dessurlara we dürli garaýyşlara görä ähli janly-jandarlarda duş gelinýän maddy bolmadyk zat diýmekligi aňladýar.
Ruhyň aýratynlygy we bu aýratynlyklaryň düşündirilmegi dürli däp-dessurlara we garaýyşlara görä üýtgeýär.
Eger-de adamlaryň ruhynyň bardygyna ynanýan bolsaňyz, onda ony adam fiziologiýasynda tapyp boljak bir usul barmy? Judeo-Hristian dini däplerine görä ruh, janly-jandarlarda hereketiň esasy kesgitleýjisi. Bu adalga köp medeni we dini toparlaryň antropologiki görnüşlerine-de girýär. Häzirki döwürde “ruh” adalgasy köplenç dini manyda ulanylýar.
Bu ynançlara görä, ynsan ruhy adam bolmak üçin esas bolup durýar. Adam bolmagyň hili bedeniň bolmagyna esaslanmaýar. Talap edilýän ruhdyr. Platon, ruhy, adamyň iň möhüm ölçegi hökmünde görüpdir. Ol käwagt ruh hakynda gürrüň edende ony bedende duzaga düşen ýaly diýip aýtýardy.
Ilkinji filosoflar adamyň ruhy hakda ýazanlaryndan müňlerçe ýyl soň, iki alym ahyrsoňy ruhy “ýerleşdirendiklerine” ynanýarlar.
Arizona uniwersitetiniň Anesteziologiýa we Psihologiýa kafedralarynyň we aň-düşünjäni öwreniş merkeziniň müdiri StuartHameroffyň we Iňlis fizigi Sir Rojer Penroseň pikiriçe, adam ruhunyň düýbi beýniniň mikrotubula öýjüklerinde ýerleşýär.
Obýektiw azaltmagyň (Orch-OR) adam tezisine esaslanýan nazaryýetine görä, bu mikrotubulalar kwant agyrlyk güýjüniň göni netijesidir.
Alymlaryň pikiriçe, “aň” beýnimizdäki “kwant kompýuter” tarapyndan ulanylýan we ölümden soň hem älemde dowam edýän programma hökmünde görülip bilner.
Jedelli teoriýa görä, ölüme ýakyn bolan tejribeden alnan maglumatlarda, mikrotubulalar kwant ýagdaýyny ýitirýärler we adamyň nerw ulgamyndan çykýarlar. Şeýle-de bolsa, olaryň içindäki maglumatlar ýitip gitmeýär.
Materiýa ruh üçin päsgelçilik däl.
Alymlar bu ugurda ýüzlerçe synag geçirdiler. Germaniýada geçirilen synagda ölmegine az wagt galan bir adamy açyk aýnadan ýasalan gutuda synladylar. Guty doly möhürlenendir.
Ruh bedenden çyksa, gutudan nädip çykyp biljekdigini görmek islediler. Ruhy ele almak isleýän alymlar, ruh bedenden çykanda bedeniň agramynyň ýeňilleşmelidigini öňe sürdüler. Şonuň üçin bedeni mümkin boldugyça takyk ölçediler.
Emma, adamyň ölmegi bilen aýna gutudan hiç zat çykmady. Sebäbi materiýa ruh üçin päsgelçilik däldi. Edil rentgen şöhleleriniň bedene girip bilşi we beden onuň öňüni alyp bilmeýişi ýaly. Rentgen alynýarka, rentgen şöhleleriniň bedene girýändigi duýulmaýar.
Ruh hasam arassalanan iň soňky yşykdyr. Şonuň üçin bedenden çykanda görünmeýär. Adamyň özi muny görüp bilmese, daşarky synçylaryň muny görmegi mümkin däl.
Ölen adamyň agramyny ýene çekip gördüler we Ol şol bir agramda boldy. Materialist alym üçin bu synag, ruhuň ýoklugynyň iň uly subutnamasydyr. Şeýle-de bolsa, ruhuň barlygyna ynanýan alymlar üçin bu ruhuň agramynyň ýokdugyny aňladýar.
Alymlar muny şeýle düşündirýärler: “Şem ýakylanda we öçürilende edil şol bir agramda boluşy ýaly. Ýagtylygy ölçemäge synanyşanyňyzda agramyny alyp bilmersiňiz. Agramy ýok, ýöne bu ýagtylygyň ýokdugyny görkezmeýär.
Çeşme: beyinsizler.net
0 Teswir