Herkime dynç almagyň görnüşi Herkime dynç almagyň görnüşi gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Dowamly ýok bolan energiýaňyzy köp uklap ýetirjek bolanyňyzda gaýtam özüňizi has ýadaw duýan wagtyňyz boldumy? Eger bolan bolsa saňa bir syr bereýin: uky bilen dynç bir zat däl. Emma biz olary bulaşdyrýarys.
Durmuşymyza ýeterlik uky alanlygymyz sebäpli dynç alandyrys öýdüp dowam edýäris. Hakykatda bolsa bize beýleki dynç alyşyň görnüşleri ýetenok. Biz dynç defisitinden kösenýäris sebäbi dynç almagyň hakyky güýjüni bilemzok.
Dynç almak durmuşyň 7 ýerinde dikeltmä deň bolmaly:
Fiziki dynç alyş
Birinjisi fiziki dynç. Ol passiw we aktiw şeklinde bolýar. Passiw dynç alyş uklamak ýa-da irkilmekdir. Aktiw dynç alyş bolsa ýoga, massaž, germek, gerinmek ýaly hereketler bolýar.
Akyl (mental) dynç alyş
Her gün işe kofe içip başlaýan işdeşiňiz barmy? Ol mydama gaharjaň ýa-da ýatdan çykaryjydyr we işine doly ünsüni berip bilmeýändir. Ol ukusyny gowy alyp bilýän däldir we alaýsa-da ýadawdyr. Onda mental dynç alyş defisiti bar.
Muny düzetmek üçin işden çykyp dynç alyşa gitmek gerek däl. Her iki sagatdan arakesme berseňiz bolar. Ýatýan ýeriňiziň ýanynda kelläňize gelýän zatlary ýazmak üçin depder hem goýup bilersiňiz.
Sensordan dynç alyş
Ýagty yşyklar, kompýuter ekranlarymyz, arka plandaky sesler we edilýän birnäçe gürrüňler biziň duýgylarymyzyň ýadamagyna getirip bilýär. Muňa garşy bir minut gözüňi ýummak ýaly ýönekeýje zatlary etseňiz bolýar. Elektroniki enjamlardan daşlaşmak hem elbetde gerekli.
Kreatiw dynç alyş
Bu görnüş dynç alyş esasanam mydama meseleleri çözmeli ýa-da mydama täze pikirleriň gözleginde bolan adamlara gerek. Kreatiw dynç almak içimizdäki haýran galmak duýgusyny oýarýar. Ilkinji gezek daga gideniň ýadyňa düşýärmi? Tebigatda wagt geçirmek (parka gitmek bolsun ýa-da howla çykmak bolsun) saňa kreatiw dynç berýär.
Emma kreatiw dynç alyş diňe tebigata haýran bolmak däl-de sungatdan hem lezzet almakdyr. Işleýän ýeriňizi halaýan ýerleriňizden suratlar ýa-da göwnüňize ýaran sungat eserleri bilen bezäň.
Emosional dynç alyş
Indi ýene bir adamy pikir edeliň – herkimiň tanaýan iň gowy adam diýip pikir edýän dosty. Bu herkimiň bagly bolan adamy, kyn wagtyňda ýa-da işiň düşende jaň edip bir zat soranyňda mydama “bor” diýýän adam. Ýöne bu adam ýeke wagty gadry bilinmeýän ýaly we beýlekiler özüni ulanýan ýaly duýýar.
Bu adama emosional dynç alyş gerek, ýagny duýgularyny arkaýyn beýan etmäge wagt we ýer berilmegi. Emosional dynç alan adam “Ýagdaýlaň nähili?” soragyna dogruçyl “Gowy däl” diýen jogaby berip we soňundanam aýdylmaýan kyn zatlary paýlaşyp bilýär.
Sosial dynç alyş
Eger size emosional dynç alyş gerek bolsa sizde sosial dynç alyşa-da gerekçilik duýulýan bolmagy ahmal. Bu haçanda biz özümizi ýadadýan gatnaşyklardan bizi janlandyrýan gatnaşyklary tapawutlandyryp bilmeýän wagtlarymyzda bolýar. Sosial dynç alyş üçin daş-töweregiňde positiw we sizi goldaýan adamlar bolsun.
Ruhy dynç alyş
Fiziki we akyl tarapdan ýokarda degişli bolmak, söýgi, kabul edilmek we maksadyň bolmagy duýgusydyr. Muny etmek üçin günlük işleriňize meditasiýa, dileg ýa-da jemgyýetdäki işlere kömek etmek ýaly zatlary goşup bilersiňiz.
Görşüňiz ýaly diňe ukynyň özi bize energiýadan doly bolmagy hödürläp bilmeýän ekeni. Şonuň üçin bize dogry bolan dynç alyşa üns bereliň.
Bellik: ýadawlyk dürli saglyk meselelerine bagly bolup bilýär, eger dowam edýän bolsa lukmana ýüz tutmaklyk maslahat berilýär.
Çeşme: blog.ed.ted.com
0 Teswir