Stres Stres gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa. Veya için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Bu döwrüň gidişi we kynçylyklary her bir adamda stres bilen baş alyp çykmak gerekçiligi döretdi.

Stresiňize gözegçilik etmek üçin ilki bilen triggerleriňizi bilmeli. Nämeler siziň gaharly, dartgynly, ýa-da aladaly duýmagyňyza sebäp bolýar? Ýygy-ýygydan lukmançylyk ýagdaýy bolmazdan kelle agyry ýa-da garynda agyry döreýärmi?

Käbir stresa sebäp bolýan zatlary, iş ýa-da gatnaşyk meseleleri hem-de finans aladalary ýaly, anyklamak aňsat. Emma uzyn nobatda durmak, ýygnaga gijä galmak ýaly günlük kynçylyklar we talaplar hem siziň stres derejäňizi artdyryp bilýär.

Stres

Hatda toý etmek, jaý almak ýaly positiw zatlar hem stresli bolup bilýär. Durmuşyňyzda islendik üýtgeşiklik stresa ýol açyp bilýär.

Stresa nämäniň sebäp bolýandygyny anyklanyňyzdan soň olar bilen baş alyp çykmagyň strategiýalaryny pikirleniň. Nämäni kontrol edip bilýändigiňizi bilmek gowy zat. Meselem eger stres sebäpli gije uklap bilmeýän bolsaňyz, onuň çözgüdi ýatýan otagyňyzdan telewizory ýa-da kompýuteri aýyrmak ýaly aňsat bir zat bolup biler.

Beýleki wagtlarda bolsa, meselem işdäki uly talaplar ýa-da ýakyn adamyňyzyň kesellän ýagdaýynda, siz diňe reaksiýaňyzy üýtgedip bilmegiňiz mümkin.

Bu zatlara özüňiz düşünmeli diýen düşünjede bolmak hökman däl. Sizi diňlemek, çagalara gözegçilik etmek ýa-da maşynyňyzy bejerdip ýörkäňiz sizi işe düşürmek üçin dostlaryňyzdan we maşgala agzalaryňyzdan goldaw gözläň. 

Köp adam uludan dem almak, tai çi, ýoga, meditasiýa ýa-da tebigatda bolmak ýaly zatlardan hem uly ýeňillik duýýarlar. Özüňize wagt aýryň. Massaž etdiriň, köpürjikli suwa düşüň, tans oýnaň, aýdym diňläň, komediýa kinolaryny ýa-da standuplary görüň. Garaz sizde näme arkaýynlyk döretjek bolsa ediň.

Stres

Sagdyn durmuşda ýaşamak size stresi saklamaga kömek eder. Saglyga peýdaly, ýokumly iýmitlerden iýiň, dowamly maşk ediň we ýeterlik uky alyň. Ekranyň başynda geçirilýän wagty mümkin boldugyndan azaldyň. Dynç almak üçin wagtlary bolsa artdyryň.

Stres diýilýän zat durmuşyňyzdan hiç wagt çykyp gitmeýär. Stres bilen baş alyp çykmak dowamly işdir. Emma sizde nämäniň stres döredýändigine üns bermek we dynç alyş usullaryny ýerine ýetirseňiz, siz onuň erbet täsirlerinden goranyp kynçylyklardan baş alyp çykmak ukybyňyzy artdyryp bilersiňiz.

Çeşme: www.mayoclinic.org


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir