Seni maksadyňa ýetmekden saklaýan motiwasiýa mifleri Seni maksadyňa ýetmekden saklaýan motiwasiýa mifleri gurrun . Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Hemmämiz näme edip ýörenimize gowy düşünýändiris öýdýäris. Emma hakykatda bolsa biz üstünligimize we beýleki zatlarymyza goşant goşýan faktorlardan habarsyz. Ylmy barlaglar adamlaryň özlerini nämeleriň bagtly etjekdigini bilmekde juda ýalňyşýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, maksada ýetmek üçin edilmeli zatlara hem kembaha garaýandyklaryny görkezdi. Sen hem bu motiwasiýa miflerine ynanýarsyňmy?
Iň uly motiwasiýa pul
Pul elbetde gowy motiwasiýa bolup bilýär. Emma käbir adamlar pula çendenaşa köp ähmiýet berýärler we olar üstünlige täsir edýän beýleki faktorlary görmeýärler.
Eger gowy aýlyk berýän bir işe girseň, emma ol erbet ýerde ýerleşýän bolsa we işiň seni maşgalaň bilen wagt geçirmekden alyp galýan bolsa, şol işde işläniňe degýärmi?
Barlaglara görä esasy maksady pul bolan adamlar akyl saglygy meseleleri bilen has ýygy gabat gelýärler.
Akylly bolsaň motiwasiýa gerek däl
Adamlar köplenç akylly bolmak üstünligi garantiýalaýar diýip pikir edýärler. Emma barlaglaryň dowamly görkezýän netijesi bolsa akyl mydama üstünlige eltenok. Sen akylly bolup bilersiň, emma ol üstünligiň üçin motiwasiýa hiç hili rol oýnamaz diýmek däl.
Üstünligi göz öňüne getirmek arzuwlaryňy durmuşa geçirer
Üstünlik gurulary, käbir awtorlar üstünligi göz öňüne getirmegiň güýjüniň ähmiýetiniň ulydygyny aýdýarlar. Olaryň aýdyşyna görä göz öňüne getirmek üstünlige ýetmegiňize kömek edýär.
Psihologiki barlaglara görä bolsa gaýtam käbir wagtlarda bu tersine bolup bilýär. Eger özüňi üstünlikli göz öňüne getirseň ol seniň işlemäge bolsan höwesiňi gaçyryp bilýär. Ondan gowy hereket netijäni däl-de ädimleri göz öňüne getirmek bolup biler.
Eger horlanmak isleýän bolsaňyz, öňüňizi hor görnüşde däl-de peýdaly iýmitleri iýip maşk edýäniňizi göz öňüne getiriň.
Uly baýraklar motiwasiýanyň ýokary bolmagyna getirýär
Eger birniň bir işi etmegini isleýän bolsaň oňa uly baýrak berseň hökman ol işi ýerine ýetirer şeýle dälmi? Şeýle bir mesele bar, barlagçylar bu baýraklaryň islenilýän netijäniň tersine sebäp bolup biljekdigini tapdylar.
Eger bir adam eýýäm ol işi etmäge höwesli bolsa, sen hem oňa baýrak goýsaň, netije motiwasiýanyň peselmegi bolup bilýär. Baýraklar hakykatdanam adama gerek bolan wagty kömek edip bilýär, emma ony dogry ulanmaly.
Gorky motiwasiýany artdyrýar
Jeza ýaly zatlar iş etmäge elbetde kömek edip bilýär, emma ol gysga wagt üçin. Şonuň üçin hem eger adamlary ýa-da özüňi gorkuzyp netijä ýetjek bolýan bolsaňyz, taktikany gowy netijäniň peýdalaryna öwürmegi barlap görüň.
Barlap görmek ýetik
Soňky gezek kyn bir zady barlap göreniňi ýadyňa sal. Sahna çykmazdan öň, meýdança ýa-da ýygnagyň bolýan otagyna girmeziňden öň biri ýanyňa gelip “eliňden gelenini et” diýendir. Bu sözlem adamlara motiwasiýa berýändir öýdülýär. Emma barlaglar onuň gaýtam ortaça netijeleri berjekdigini görkezýär. Goýan maksadyň kesgitli we kynrak bolmaly, şeýle bolanda ony başarmaga motiwasiýa we performans artýar.
Tagallany däl-de talanty alkyşlamaly
Psiholog Carol Dweck-iň aýtmagyna görä tagalla däl-de berlen talanta üns bermek motiwasiýany peseldýär. Eger talanta gereginden artyk baha berseňiz, sizde nähili işlesemem ýokary derejä ýetip bilmerin diýen düşünje (“gytçylyk düşünjesi”) dörär.
Adamlaryň tagalla etmekleri bilen özlerini ösdürip biljekdigine ynanmak sizde höwesi artdyrar.
Maksadyňa ýetmek üçin diňe erk gerek
Köp adam maksada ýetmek üçin hemmezat erke baglymyka diýýär. Amerikan Psihologiýa Assosiasiýasynyň ýyllyk geçirýän “Amerikada Stress” barlagynda gatnaşyjylar öz maksatlaryna ýetmekden saklaýan zadyň diňe erkdigini aýtdy.
Elbetde, erk maksatlarymyz üçin möhüm faktor, emma ol iň esasy zat däl. Maksatlaryňa ýetmäge bolan höwesimiz, ýolumyzda gabat geljek bökdençlikler hem kritiki zatlar. Plan eden wagtyňyzda diňe erkiňize bil baglamagyň ýerine şol faktorlary hem göz öňüne tutyň.
Motiwasiýanyň gelmegine garaşmaly
Käwagt şansly bolýaň we ylham edil dogry wagtda gelýär. Beýle pursatlar elbetde gowy, emma onuň gelmegine garaşmak uly ýalňyşlyk. Käwagt motiwasiýanyň bolmagy üçin işlemeli bolýar.
Ýazyjy Mark Mansonyň “Bir Zat Et Ýörelgesi” (“Do-Something Principle) hem şony düşündirýär. Mydama höweslenmäge garaşyp bolmaýar, sebäbi islendik zada-da her gün höwesiň bolmaýar. Şonuň üçin höweslenmäge garaşmaly däl-de 5 minut hem bolsa etmeli zadyňy etmeli. Başlamankaň höwesiň bolmaýar, höwes işe başlanyňdan soň döreýär.
Maksatlaryňy ýazmak olara ýetmek üçin iň gerekli zat
Ýazmak elbetde örän peýdaly zat. Emma diňe ýazyp hereket etmezlik saňa hiçbir netijäni bermeýär. Käbir spikerler we awtorlar maksadyňy ýazmagyň sende höwes döredýändigini aýdýarlar. Emma muny subut etýän barlag ýok.
Mydama maksatlaryňy ýazyp ýörmegiň deregine edýän tagallalaryňy ýazmak sizi işiňize dowam etmäge höweslendirip biler. Şeýle bolanda sizde “hä boljak eken-ä” düşünjesi bolar.
Çeşme: www.verywellmind.com
0 Teswir