Özüňi ösdürmäge baglanmak Özüňi ösdürmäge baglanmak gurrun. Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya. Onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Özüňi ösdürmek durmuşymyzy gowulaşdyrýan zat hökmünde örän ajaýyp bolup bilýär. Deň-duşlaryň bilen aýakdaş gitmegi, peýdaly işlere wagt sarp edip netijeli durmuş ýaşamak we manyly durmuş ýaşamak islegi tebigy. Emma olar ýaly bolup bilmezlik ýa-da edip bilmezlik gorkusy bizde özümizi ösdürmäge bolan uly islegi döredip biler.
Biz daş-töweregimize seredenimizde beýleki adamlaryň edýän zatlaryna üns berip biz hem şolar ýaly işler bilen meşgullanmaly diýen pikri ýöredýäris. Özüňi ösdürmek reklamalaryny şahsylaşdyrýarys we özümize degişli diýip kabul edýäris. Munça zadyň arasynda özüňi ýitirmek aňsat, ýöne näçe wagt özümizi ösdürmäge sarp etsek hem ýeterlik iş etmeýän ýaly duýýarys.
Durmuşyňa seredip birnäçe arealarda özüňi kämilleşdiresiň gelýän bolup biler. Özüňi ösdürmek pudagynyň şeýle uly bolanyny göz öňünde tutup, bu ýagdaýda ýeke özüň däldigiňe arkaýyn bolup bilersiň. Özüňi kämilleşdirmek temasynda köplenç gabat gelýän esasy 5 ugurlar şular:
- Saglyk we fitness: horlanmak, has köp maşk etmek, gan basyşyny peseltmek
- Özüňe seretmek: netijeliligi ýokarlandyrmak, işiňi soňa goýmagy azaltmak, meditasiýa
- Akyl saglygy: minnetdarlyk duýgusy, aladany azaltmak, ünsli bolmak
- Gatnaşyklar: tanyşlyk, aýralyklaryň üstesinden gelmek, söýgini tapmak
- Bilim we kariýera: iş gözlenmek, ýokary wezipelere bellenmek.
Bu arealaryň hersinde biziň özümizi ösdürmäge berlen mysallardan has çuňňur we kän idealar bar. Her gezeginde biz nähili gowy zatlary edip biljekdigimiz barada habarlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Nädip has gowy etmeli we has gowy bolmaly? Nädip gowy zatlary artdyrmaly we erbet zatlary azaltmaly?
Özgermegi islemek erbet zat däl
- Kämilleşmäge bolan isleg erbet däl. Dogrusy biz ösmek we öwrenmek üçin dizaýn edildik, özem gabrymyza gidýänçäk şeýle. Ösmän duran ýeriňde durmak biziň durgun, sosial tarapdan yzagalak we çetleşdirilen ýaly duýmagymyza getirip bilýär. Adamzat şol gorkularyň hakykata öwrülmeginiň öňüne geçjek bolýar. Özüňi ösdürmek sürä goşulmak, hatda süriniň öňünde bolmak ýaly duýlup biler.
Meseläniň alamatlary
- Özüňi ösdürmegiň ugrunda bolmagyň seniň durmuşyňda meseleleri döredýändiginiň görkezijisi bolup biljek birnäçe alamatlar bar. Bular:
Wagt
- Özüňi ösdürmek üçin sarp edilen wagt onuň çendenaşa kän bolandygynyň iň esasy görkezijileriň biri bolup bilýär. Eger özüňi ösdürmäge giderilýän wagt boş wagtyň köp bölegini tutýan bolsa, meselem öýdäki ýa-da işdäki jogapkärçilikleriňden saklaýan bolsa, ol çendenaşa köp bolup bilýär.
Üns ýetmezçiligi
- Eger maksatsyz görnüşde bir areadan beýlekä böküp ýören bolsaňyz ol elden çykyp barýar diýmek bolmagy mümkin.
Impulsly karar bermek
- Beýleki endikler ýaly özüňi kämilleşdirmek hem seniň tolgunmagyňa getirip bilýär. Häzirki döwürde tälim bermek programmalary, ýükläp bolýan programmalar, webinarlar, sapaklar we soňy gelmeýän zatlar bar. Bularyň hemmesini alyp, registrasiýa edip, ýazlyşyp ýören bolsak bu eýýäm bize zyýan hem edýän bolup biler.
Hiç kanagatlanmazlyk
- Ünsümizi ösdürip biljek zatlarymyza berenimizde, “mende gowy zat bir barmy” düşünjesi döreýär, sebäbi hemmezady gowulaşdyryp bolýar. Bu bolsa biziň diňe ýadamagymyza getirmän, eýsem umytdan gaçmagymyza-da getirip bilýär, şeýdibem hiçbir maksadymyza ýetmän galyp bileris.
Utanç
- Biri seniň düzetmeli ähli zadyňy aýdanda näme bolýar? Biz özümizden utanyp başlaýarys we ol adamy gynandyrýarys diýip düşünýäs.
- Özüňi ösdürmäge sarp edilýän çendenaşa wagt hem şolar ýaly. Ol saňa mydama “şunyňy düzet” diýip aýdýar. Saňa berlen talanta we edýän gowy işleriňe guwanmak diýilýän zat ýok.
Baglanan bolup bilersiňmi?
Kämilleşmäge üns berýänligiň seniň baglanandygyňy aňlatmaýar. Akyl saglygy hünärmeni Dr. Gregory Jantz, Ph.D baglylygyň elementlerini anyklajak bolsak şu soraglar göz öňünde tutulmaly diýýär:
- Bu hereket meniň durmuşymdaky beýleki möhüm zatlaryň ýerini alýarmy?
- Bu zatlary etmek meniň gowy duýmagyma getirýärmi ýa-da kontrolda ýaly duýmagymyza?
- Bu zatlary etmezlik meniň erbet duýmagyma ýa-da kontrolsyz duýmagyma getirýärmi?
- Bu herekedi edenimde wagty ýatdan çykarýarynmy?
- Bu herekede planymdakydan kän wagt sarp edýärinmi?
- Bu zatlary etmänimde özümi birahat ýa-da aladaly duýýarynmy?
- Bu hereket meniň durmuşymy ýa-da gatnaşyklarymy bozdumy?
- Näçe azaltjak ýa-da goýjak bolsamam aýlanyp-aýlanyp ýene şu herekete gelýärinmi?
Bu soraglar bilen biz başga hereketlere hem ornaşdyryp boljak baglylygyň umumy elementlerine seredýäris. Bular bilen özüňizi kämilleşdirmek tagallalaryňyzy anyklap bilseňiz, belki-de bu zatlary pikirlenmeli wagtyňyz gelendir?
Indiki ädimler
Eger özüňizi “ösdürmek” durmuşyňyzy eliňizden alyp barýan bolsa näme edip bolar?
- Ýuwaşla
- Özüňi kabul et
- Şu wagtda ýaşa
- Şükürli bol
- Güýçli taraplaryňy gözden sypdyrma
Çeşme: www.verywellmind.com
0 Teswir