Aýlygyň ýokarlananda näme etmeli? Aýlygyň ýokarlananda näme etmeli? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Bu bir ýakymly problema. Eger aýlygyň ýokarlananyna birki aý bolan bolsa we sen hem ol puluň nirä gidenini bilmän galan bolsaň şu maglumatlary indiki gezekler üçin ýatda sakla.
Ilki bilen bellenip geçilmeli zat: eger “gyssagly pul gaznasy” (emergency fund) sizde ýok bolsa, onda siziň hemme zatdan ileri tutýan zadyňyz şol bolmaly. Hawa, goýumdan we hatda bergileriňi bermezden öň. Amerikanlaryň 62%-niň adatdan daşary/gyssagly ýagdaýlar üçin ýygnalan 1000$-dan az puly bar (Amerikada iň pes töleg bir sagada 7.25$).
Dogrusy, eger ýygnan pullaryňyz 3 aýdan köp wagta ýetmejek bolsa puluňyzyň HÖKMAN gitmeli ýeri şol. Eger haýsy-da bir mesele ýüze çyksa, meselem saglyk bilen baglanyşykly, şu sizi şol ekonomiki zyýandan halas edip biler.
Eger ol meseläňiz ýok bolsa, ýeterlik ýygnalan puluňyz bar bolsa, onda şulary göz öňünde tutuň. Soň bolsa haýsynyň şuwagt size iň gowy göçümdigine karar beriň.
1-nji alternatiw: “erkinlik” gaznaňyza pul goýuň
Dogrusy “býudjet” we “ýygnalan hasap” ýaly sözler gulaga hoş eşidilenok. Emma näme üçin ýygnaýanyňy bileniňde tygşytlamak we gapdala pul aýyrmak aňsatlaşýar – aladalardan we hasaplaşyklardan soň boýun bükmekden erkinligiňi (şuwagt we geljekde) almak.
Bu alternatiwy saýlamak seniň gysga möhletleýin maksatlaryňa ýetmegiňe goldaw berer. Belki seniň maksadyň şu ýyl bergiden çykmakdyr – ine şoňa erkinlik diýilýär! Ýa-da belki islegiň maddy tarapdan erkin bolmakdyr.
Nähili bolanda-da, ol puly ýygnaň. Ýogsa ýene-de bir gezek ol puluň nirä gideninem bilmän galarsyňyz we puly sowan zadyňyzyň lezzeti bolmaz.
2-nji alternatiw: goýum goýmak
Birinji alternatiw ýaly bu alternatiw hem özüňi geljekde sylaglandyrmaga degişli. Her tölenen wagtyň onuň belli bir mukdaryny ýygna, soň bolsa üýşürip goýum goý. Şeýle edeniňde wagtyň geçmegi bilen sen pul üçin däl-de pul seniň üçin işläp başlar.
Aýlygyň ýokarlanmagy “Ertir Köpräk Ýygna” strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin hem ajaýyp pursat. Nobel baýragynyň eýesi Richard Thaler we “hereket ekonomikasy” (поведенческая экономика) profesory Shlomo Benartziniň öňe süren pikri bolan bu strategiýa, ol işleýän adamlaryň gazanjynyň 3%-nji pensiýa hasabyna awtomatiki ýatyrylmagyna diýilýär. Sen hem puly almanlygyň sebäpli özüňi bir zat ýitiren ýaly duýmaýaň. Şunlukda sen birnäçe gezek aýlygyň ýokarlananda geljegiň üçin az bolmadyk mukdarda pul aýyrýarsyň.
3-nji alternatiw:”bukjalaryňa” bölüşdirmek
“Howpsuzlyk bukjasy” – howpsuzlyk üçin pul ýygnamak we goýum goýmak, bu “pyşdyl” düşünjesi. Ýuwaşja we dowamly giden ýeňýär, emma bärde ýeňmek ýygnan pullaryňy ýitirmezlik manysynda. Eger bu bukja maşyn bolsady bu birnäçe ýol geçen Toyota Corolla ýaly maşgala maşyny bolardy. Elbetde herkim maşyna haýranlyk bilen seretmez, emma barmaly ýeriňize bararsyňyz.
“Risk/ösüş bukjasy” – riskli we şol bir wagtda-da ösüşe ýetirip biljek goýumlar. Ýatda saklamaly zadyňyz bu bukja goýýan puluňyzy ýitirmäge taýýar boluň.
“Arzuwlar bukjasy” – bu diňe hezil etmek bilen baglanyşykly, näme edesiň gelýär? Nireleri göresiň gelýär? Näme alasyň gelýär?
Puly şu 3 bukja bölmek siziň geljegiňize gowy, hem-de gazanan puluňyzdan şuwagt lezzet alyp bilýärsiňiz.
4-nji alternatiw: hemmesini “arzuwlar bukjasyna” goýmak
Eger “gyssagly pul gaznaň” bar bolsa, bergiň ýok bolsa, pensiýa hem geljegiň üçin puluň ýerinde bolsa şu alternatiw seniň üçin bolup biler. Bu hem siziň keýpiňizi göterýänligi sebäpli işleriňizi has netijeli etmegiňize getirip bilýär.
Sadaka bermek
Soňky aýdylmaly zat: puluňyzy sowmak üçin haýsy ýoly saýlasaňyz hem kiçiräk bölegini hem bolsa sadaka bermegi göz öňüne tutuň. Beýle etmek bilen hem özüňizi gowy duýarsyňyz hem-de başga adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirersiňiz. Netijede “ýaşamak bermek diýmek”.
Çeşme: www.tonyrobbins.com
0 Teswir