Azatlyk näme? Azatlyk näme? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Azatlyk näme? O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,

Azatlyk – özygtyýarlylyk, erkinlik, hak hukuklylyk.
Azatlyk diýmek çäklendirmelere bagly bolmazdan ygtyýaryňy, erkiňi ulanyp saýlaw edip bilmek, hem şol sanda edilen saýlaw ugrunda hereket edip bilmek diýmek.

Bu syýasy bir söz ýaly görünse-de arkaýyn boluň, makala syýasy makala däl. Azatlyk düşünjesine has içgin garamak maksatly bir oýlanma.

Bütinleý, absolýut azatlyk mümkinmi?

Çäksiz azatlyk diýilen zat barmy? “Meniň azatlygym, seniň azatlygyň başlanýan ýerinde gutarýar.” sözüni eşiden bolsaňyz gerek. Adamogly irki döwürlerden başlap kiçi ýa-da uly bir toparyň, jemgyýetiň içinde ýaşap gelýär. Jemgyýetiň içinde ýaşamak diýmek erkinligi, azatlygy bölüşmek diýmek. Toparyň düzümindäki adamlar amanlygyň we güýjüň artmagy üçin öz ygtyýaryndaky zatlary ýagny azatlyklaryny birleşdirýärler. Ýöne jemgyýet sazlaşygy talap edýänligi sebäpli kanunlar arkaly azatlygy çäklendirmäge mejbur bolýarlar. Jemgyýet ygtyýarynyň köpelmegi ugrunda şahsy azatlygyň belli bir bölegi pida edilýär, ýagny çäklendirilýär.

Diýeli amanlyga bolan mätäçlik ýok. Azatlygymyzy jemgyýet bilen bölüşmedik. Absolýut azatlyga ýetmek mümkinmi? Azatlygyň aňyry başyndaky esasy çägi görüp bilýärismi? Bir guş ýaly uçup asmana galyp bilýärismi? Ýa bir balyk ýaly ummanyň düýbüne çümüp bilýärismi? Asyl çägimiz – ukyplarymyz. Ukybymyzy kämilleşdirip bilýäris, ýöne çäksizleşdirip bilemzok. Jemgyýet hemme zat etmäge doly ygtyýar beräýen ýagdaýynda-da azatlygymyz ukybymyzyň çäklerinden ötä geçip bilenok.

Pikir azatlygynyň çägi barmy?

Hereket azatlygynyň çäklerine azajygam bolsa göz ýetiren bolsak pikir azatlygyna geçip bileris. Pikir azatlygy daşky gurşaw tarapyndan çäklendirilmegi has kynyrak bolan azatlyk. Kynyrak diýýän sebäbi belli bir derejede çäklendirilmegi mümkin. Hiçkim birzatlar barada pikir etmegimizi gadagan edip bizi çäklendirip bilmez. Islän wagtyňyz sizi çäklendirmäge çalyşan adamynyň ýoklugy barada pikir edip, yzyndan gadagan edilen pikire dowam edip bilersiňiz. Ýöne daşky täsir, biziň ünsümizi has dar bölege gönükdirmek arkaly pikirimizi çäklendirip biler. Ömründe hiçhili uçýan zat görmedik adamyň pikiri uçmak düşünjesine ýetmän biler. Sebäbi pikirlerimiz, bar bolmak hem-de ýol almak üçin fundamental maglumata mätäçlik duýýar. Bu, pikir azatlygynyň daşky gurşaw tarapyndan bilkastlaýyn çäklendirilmegine mysal.

Hiçbir zadyň täsiri bolmadyk ýagdaýynda pikir erkinliginiň çägi barmy, bar bolsa nädip bilip bolar? Biziň ýetip bilmeýän pikirimize başga biri ýetip bilýän bolsa eger, diýmek pikir azatlygymyzyň hem bir çägi bar.

Wagt faktory.

Azatlygyň islendik görnüşine hatda iň giň çäklere eýe bolan pikir azatlygyna-da çäk bolup durýan ýene bir faktor bolsa wagtdyr. Mahluklaryň wagtyň täsirinden sypyp, gutulyp bilmeýändikleri aýratyn bir makala bolup biljek tema. Ýöne şuwagtlykça gysgaça azatlygyň çäkleri arasynda agzap geçsek bolar. Iň ýokary derejede azatlyga ýetmegi başaran hiçbir mahluk, wagtdan doly azat bolmagy başaryp bilen däldir. Wagt islendik iş üçin gerekli bolup durýan ilkinji guraldyr.

Absolýut azatlygyň ýokdugyny subut etmäge çalyşmagymyzyň asyl sebäbi, durmuşdaky maksadymyzyň absolýut azatlyga ýetmäge çalyşmak däldigini düşündirmek. Elbetde has köp azatlyk has köp güýç diýmek, ýöne durmuşdaky ýeke-täk maksat güýjüň mukdary däl. Azatlygyň we güýjüň mukdaryny manyly edýän zat onuň ugry.

Elleriňiz, aýaklaryňyz bagly ýa-da ysmaz ýagdaýynda gözüňiz hakykata seredip bilýärmi? Hatda gözüňizem daňdylar, diliňiz hakykaty aýdyp bilýärmi? Hereket edýän hemme agzalaryňyzy çäklendirenlerinde pikiriňiz dogryny gözläp bilermi?
Eger şeýle bolsa onda siziň darajyk azatlygyňyz ägirt many ummanyny içine sygdyryp biler. Beýle manyly azatlygyň çäkleriniň giňelmegi üçin yhlas edeniňe deger. Içi manydan doldurulup bilinmedik azatlyk näçe giň hem bolsa boşdur.

Ýazan: Galamkesh


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir