Bolçulyk Bolçulyk gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Durmuşdan has köp isleýäňmi? Dogry. Köpimiz isleýäs. Has köp pul, has gowy sagdynlyk, abraý hemem tanymallyk, has köp tanyşlar, has köp dostlar, has köp wagt, has köp erkinlik – näme bolanda-da.
Nämäň “has köpüni” isleýänligiň seň şahsy zadyň. Emma oňa ýetmegiň diňe bir ýoly bar – iň bolmanda şoňa mümkinçilik döredip biljek ýol – ol hem bolçulyk düşünjesinde bolmak.
Köpimiz “gytçylyk” düşünjesi bilen hereket edýäris. Ol hem biz has kiçi ýaşaýarys diýmek bolýar, özümize mümkinçilik döretmegiň ýerine limitler goýýarys. Şeýlelikde “bolsady” ýolunda gezýäris.
Gowy görýän işim bolsady, girdejim köpräk bolsady, maşynym/ýahtam/dikuçarym bolsady, söýgülim bolsady, özüne çekiji bedenim bolsady. Şonda durmuşym ajaýyp bolardy.
Emma gytçylyk düşünjesi bize peýdasyz, sebäbi ýeterlik zadymyz ýa-da başarnygymyz ýok, ondanam beteri, biziň özümiz “ýeterlik” adam däl diýen pikirde bolmak bilen biz aşak düşmesek ýokary galamyzok. Bu bolsa biziň başga biriniň zatlaryna göz gyzdyrmagymyza, göripçilige we çäresizlige getirýär. Ol hem biz hiçwagt asuda, arkaýyn ýaşamaýarys diýmek bolýar.
Bolçulyk düşünjesi siziň durmuşyňyzy baýlaşdyrar.
“Uly pikirlen. Limitleri unut. Mümkinçilikleriň soňsuzdygyna ynan… ol seniň durmuşyňy üýtgeder.”
- Marianne Williamson
“Bolluk düşünjesi” terminini biznesmen we awtor Stephen Covey tarapyndan girizildi. Manysy: seni üstünlige eltýän düşünje. Haçanda uly pikir edeniňde (bolçulyk) limitler ýok bolýar; haçanda kiçi pikir edeniňde (gytçylyk) saýlap biljek zatlaryň azalýar.
Bol pikirlenmek çydamlylygy hem güýçlendirýär: Ol seni gaýgy-aladadan we gorkup hereket etmekden biraz daşda saklaýar.
Gytçylyk düşünjesinden çykyp uly pikirlenip başlamak eşidilşi ýaly gaty aňsat hem däl. Ony etmek üçin täze mümkinçiliklere ýol açyp biljek hemem durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip biljek endikleri, eger dowamly ýerine ýetirilen ýagdaýynda, durmuşyňyza ornaşdyrmaly.
Nädip bolluk düşünjesine geçmeli.
1. Zatlaryňyzy beriň.
Kösenýänçäňiz, aç galýançaňyz ýa-da, ……… (ýalaňaç galýançaňyz däl elbetde). Emma birine kömek edip biljek bolsaňyz, ediň. Köpimize eýe bolan zatlarymyzyň ählisi zerur däl. Biz aňsatlyk bilen biraz pulumyzy, satyn alan zatlarymyzy, eşiklerimizi ýa-da wagtymyzy beýlekiler üçin sarp edip bileris. Özüňe beýlekilere kömek berip bilýän ýagdaýdadygyňy ýatlatmak seni baý, hatda erkin duýmagyňa getirer.
2. Bar bolan zatlaryňyzdan BILIP lezzet alyň.
Şükürli bolmak barada hemmämiz bilýäris – teoriýada. Emma nämelere şükür edýänligiňi bir kagyza ýazmak muny has hem gowy görmegiňize kömek eder. Isleseňiz muny sosial mediada hem paýlaşyp bilersiňiz, ýöne ýatdan çykarmaň, beýleki adamlar seniň zatlaryňy sen ýaly gowy görmän bilerler. Ýene bir ýatda saklanmaly zatlaryň biri hem şükürli bolmak durmuşdan hiç zat islemezlik diýmek däldir.
3. Beýlekileri arkaýyn öwüň we olaryň üstünliklerinden lezzet alyň.
Birileri üstünlik gazananda çetdäki Grinç bolmaň. Ol zady özüňe islemek adaty zat, emma ony görüň we bir gapdala aýryň. Eger siziň dünýäňizdäki adamlar ýeňiş gazanýan bolsalar sizem olara goşulyň. Belläň. Ýuwuň. Eger senem arzuwlaryň üçin işleýän bolsaň seniň hem wagtyň geler, ýanyňda hem mynasyp, gowy adamlar bolar.
4. Beýlekileriň zatlaryna ýetjek bolmagyň ýerine öz maksatlaryňy özüň goý.
Beýlekileriň maksatlaryny göçürmäň, beýlekileriň zatlaryna ýetjek bolmak seni bagtly etmez. Olaryň indiki zatlaryna ýetişjek bolup gezer ýörersiň. Ol hem original däl, içgysgynç (hemem gymmat). Onda öz ylgawyňy ylga. Saňa lezzet berýän we seni begendirýän zatlaryň nämedigi barada pikirlen we maksatlaryňy şoňa görä goý.
5. Näme isleýänligiňi bil, emma biraz giň bol.
Işden we durmuşdan näme isleýänligiňi bilmek örän möhüm (eger bilmeýän bolsaň hiç wagt oňä ýetip hem bilmersiň) emma oňa dogry çemeleşmek gerek. Eger sen “diňe şol” diýen düşünjede bolsaň sende alada, ikirjiňlenme köp bolar, ýykylmakdan mydama gorkup gezersiň. Ol ýagdaýda bolan wagtyň hem eliňden geleniniň iň gowusyny edip bolmaýar. Maksadyňa tarap mydama hereketde bol, emma olary biraz ýeňilräk saklaň.
6. Eýýäm maksadyňa ýeten ýaly hereket et.
Bolan Ýaly Hereket Etmek ozaldan bäri bilinýän psihologiki maslahat sebäbi ol hakykatdanam peýdaly. Meselem, eger has arkaýyn bolasyň gelýän bolsa beden diliňizi arkaýyn adamyňka geçiriň. Eger işiňizde hakykatdanam beýik bolasyňyz gelýän bolsa eýýäm siz şeýle ýaly hereket ediň. Şeýlelikde görkezýän ynamlylygyňyz size gaýdyp geler.
7. Gowy zatlara laýykdygyňy bil.
Özüňe negatif geplemek seni öňe alyp gitmez. Özüňe şol zatlara laýykdygyňy, akyllydygyňy ýatladyp dur. Hem, bilýäňmi näme, sen şol zatlara laýyk, hereketde bolmaga dowam et, özger. Şol zatlaryň hem wagty geler.
Çeşme: medium.com
0 Teswir