Çagalardan öýkelemäň! Çagalardan öýkelemäň! gurrun
Geçen günlerimiziň birinde, bir anketa taýýarlandy. Ene-atalara “Çagaňyz sizi şeýle bir gaharlandyranda, aýdanyňyzy etmedik wagty nähili garşylyk berýärsiňiz” diýip soraldy. Olaryň köpsi ýagny 74 göterimi gygyrýandyklaryny ýa-da urýandyklaryny aýtdylar.
Olardan käbiri bolsa öýkelemek arkaly çagany köşeşdirýändiklerini aýtdy. Bu usulyň hem 41 göterim peýda berýändigini nygtadylar. Eýsem çagalardan öýkelemek arkaly, olary tertipleşdirip ýa-da köşeşdirip bolarmy?
Öýkelemegiň berýän zyýany urmagyň we gygyrmagyň berýän zyýanyndan az däl. Ene-atasy öýkelän çagada depressiýa, okuwynda pes baha almak, özüne göwni ýetmezlik ýaly ýagdaýlar döräp bilýär.
Çaga ene-atasynyň özünden öýkelemegi bilen günäkärlik duýar. Şeýlelikde özi hem beýleki adamlara ynanyp bilmän gezer.
Çagada disiplin düşünjesi hem pes bolar. Ýetginjek ýaşa ýetenlerinde bolsa özlerini aşa agressiw alyp bararlar. Ene-atasyndan öwrenen öýkelemek usulyny bir iş bitirjek bolanlarynda hem ulanjak bolarlar.
Ene-atanyň öýkeläp çagany ýetişdirmekleri, çaganyň özüni gadyrsyz duýmagyna getirýär. Ejäniň çagasyndan öýkelemegi çagasy bilen nähili gatnaşyk gurmalydygyny bilmezliginden gözbaş alýar. Netijede çaga depressiýa uçrap biler. Çaga depressiýasy çaga örän uly zeper berýär. Onuň alamatyny çaganyň enesini ýa atasyny görmezden gelmegi bilen bilnip bilner.
Umuman çagaňyz siziň gaharyňyz getiren wagty ondan öýkelemek arkaly meseläni çözjek bolmaň. Elbetde şeýle etseňiz meseläni çözen ýaly bolup bilersiňiz, emma bu uly meseleleriň döremegine getirip biler.
Ýazan: Elif Zahide Gök
Çeşme: www.doktortakvimi.com
0 Teswir