Diňe suw içseň näme bolýar? Diňe suw içseň näme bolýar? gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Suw adama iň gerekli zatlaryň biri; onuň tagamy ýok we birnäçe ýerlerde ulanylýar. Ol bize ýaşamak üçin, eşiklerimizi ýuwmak üçin, nahar bişirmek üçin gerekli. Uly adamlaryň bedeni 60% suwdyr; ol öýjüklerden zyýanly maddalary aýyrýar, öýjüklere ýokumly maddalary getirýär, bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrýar we iýmit siňdirmäge kömek edýär.
Beýleki alkogolsyz içgilerde belli bir mukdarda suw bolsa-da olara reňklendirijiler, süýjedijiler we beýleki zatlar goşulýar. Hemme süýji we dürli görnüşdäki içgileri arassa suw bilen çalyşsaňyz näme bolar diýip pikir edipmidiňiz?
Metabolizmaňyzy çaltlandyrarsyňyz
Ýatan wagtymyzda bedenimiz belli bir mukdarda suw ýitirýär. Şonuň üçinem irden turamyzda özümizi gury, suwsan duýýas. Şol sebäpden hem irden turamyzda ilkinji etmeli zadymyz suw içmek bolmaly. Irden içilen diňe 0,5 L suwuň özi metabolizmaňyzy 24% güýçlendirýär! Biziň metabolшzmamyz bedendäki ýagyň ýanmasy we siňdirme ýaly proseslere jogapkär. Horlanasy gelýän adamlar güýçlenen metabolizmadan peýdalanýarlar, ol hem siziň energiýaňyzy güýçlendirýär. Siňdirmäge kömek eder ýaly we tagamy bolmagyny isleseňiz suwa limon goşup görüň.
Beýniňiz funksiýasyny gowy eder
Beýin bedeniň iň esasy bölekleriniň biri bolmak bilen ol mydama ulanyşda. Onuň 85%-i suw. Ünssizlik, kelle agry, ýatkeşlik problemalaryna kömek etmek üçin her bir sagatdan ýa-da 45 minutdan suw içmek maslahat berilýär.
Bedeniňizi zyýanly toksinlerden arassalarsyňyz
Ýeterlik derejede suw içýän bolsaňyz organlaryňyz funksiýalaryny etmekleri üçin gerekli bolan suwuklyklar bilen üpjün ediler. Esasy prosesleriniň biri hem zyýanly toksinlerden we patogenlerden arassalamak. Meselem sistit ýüze çykan ýagdaýynda lukman size organlary bakteriýalardan ýuwar ýaly kän suw içmegi maslahat berer.
Az iýersiňiz
Köp suw içýän adamlaryň köplenç işdäsi pesräk bolar. Nahardan öň içilen 2 stakan suw siziň gaty kän iýmezligiňize kömek eder. Bu hasam horlanmak isleýän adamlara peýdaly.
Deriňiz has ýumşak we arassa bolar
Suw derimize-de täsir edýär we haçanda ýeterlik mukdarda suw içen wagtymyz derimiz arassa görner. Suw belki-de garramaga garşy önümleriň iň arzanydyr. Ol deriniň has az ýygrykly görünmegine getirýär.
Çeşme: www.cleverly.me
0 Teswir