Dogry iýmitlenmekde dogry hasaplanýan ýalňyşlar: Dogry iýmitlenmekde dogry hasaplanýan ýalňyşlar: gurrun
1. Ýalňyş: hamyr önümlerini iýmeli däl
Çörek, iň esasy iýmit çeşmelerinden biridir. Onuň düzüminde B toparyna degişli witaminler bar. Dogry saýlanan we ýeterli mukdarda çörek önümleri iýilmelidir. Hakyky däneden ýasalan çörekler tebigy beloga baý. Üstüsine peýdaly çörekler dok saklaýar. 100 gram peýdaly çörek 200-250 kaloriýa eýe. Günde näçe mukdarda iýmelidigi adama görä üýtgeýär.
2. Ýalňyş: agşam 18:00-dan soň çörek iýilmeli däl
Nahar iýýän wagtlarymyz durmuş şertlerimize görä üýtgeýär. Şol sebäpli agşam naharyny ýatmazdan iki sagat öň iýmeli diýmek has laýyk bolar. Gije ýatmazdan 2 sagat öň nahar edinmek, irden aşa aç bolup oýanmakdan sizi gorar.
3. Ýalňyş: Çaý, Kofe we kola ýaly içgiler suwuň deregine içilip bilner.
Munuň ýaly içgilerde kafein barlygy sebäpli diuretiki täsir döredýär. Ýagny bedenden suwuň çykarylmagyna itergi berýär. Kola, kofe we çaý ýaly içgiler hiç wagt suwuň deregine içilmeli däl. Kolany durmuşymyzdan çykaryp, deregine suw içmegi endik edineliň. Günlük içmeli suw mukdaryňyzy agramyňyza 33 gramy köpeldip bilersiňiz. Ýagny 33 gram*(siziň agramyňyz).
4. Ýalňyş: Horlanmak üçin her gün hökman sport bilen meşgul bolmaly.
Aslynda beter ýalňyş däl. Her gün sport bilen meşgul bolsaňyz elbetde horlanarsyňyz. Emma bedenimiziň sport bilen meşgul bolmaga öwrenişensoň, mydama şeýle dowam etmegini islär. Eger az wagtlyk taşlansa, çalt semredip biler. şol sebäpli sport bilen meşgullanmak hem dogry iýmitlenmek ýaly durmuş endigine öwrülmelidir.
5. Ýalňyş: Zeýtunýagy semretmeýär.
Zeýtunýagy ýürek we damar keselleri üçin peýdaly bolsada, kaloriýa tarapdan beýleki ýaglar bilen deňdir. Hemme ýaglaryň bir çaý çemçesi 45 kaloriýa barabardyr. Zeýtunýagy hem köp iýmek semremegimize itergi berýär.
6. Ýalňyş: Gazly içgiler, mineral içgiler bilen meňzeş.
Gazly içgiler adaty suwuň içine gaz goýbermek arkaly ýasalýar. Mineral suwlar bolsa tebigy çeşmelerden alynýar.
7. Ýalňyş: Aç garnyna gyzgyn limonly suw içmek ýaglary eredýär.
Hiç bir iýmit ýag ýakmaýar. Gyzgyn suw, sowuk suwa garanyňda aşgazany giç terk edýär. Şol sebäpli wagtlaýyn dokluk emele getirýär. Iň gowusy oýanan wagtyňyz 2 bulgur arassa suw içiň we metabolizmaňyzyň gowy işlemegine itergi beriň.
8. Ýalňyş: Bir wagtyna iýsem horlanaryn.
Wagtly wagtly dogry iýmitlenmek örän ähmiýetlidir. Eger agşamyna iýmän aç ýatsak, onda indiki günde beden iýmit ýygnamak bilen bolýar. Ýagny indiki açlyga özüni taýýarlaýar. Bu bolsa bir wagtyna iýlende aşa köp iýilmegine getirýär. Iň gowusy wagtly wagtynda dogry iýmitlenmekdir.
Çeşme: www.doktortakvimi.com
0 Teswir