Gaharly ýagdaýyndaky adamy nädip köşeşdirmeli?

Çekeleşiklerde gaharlanman özümize erk edip bilmegimiz örän ähmiýetlidir. 

Gahary psihologiýa taýdan iki söz bilen düşündirsek bolar: Energiýanyň artmagy.

Bu psihologik ýagdaý, fiziki  sahnada adamy özüne mahsus bolan hereketleri etmeklige itýär.

Damarlaryň çişmekligi, sesiň gyrylmagy, bedeniň titräp başlamagy, uzak wagtlap aýallaryň süýtleriniň kesilmekligi ýaly ýagdaýa getirip biler.

Bu alamatlaryň iň köp emele gelýän wagty, adamyň özüni howpda duýýan wagtydyr.

Öňki psihologlar muny “gysga wagtly dälilik” diýip atlandyrypdyrlar. Adam özüni howpsuz duýýan wagty gaharyň alamatlary ýitýär. Bu bolsa adamyň tolgunmaklygynyň ýokary tapgyrydyr.

Şeýlelikde bu maglumatlar maňa näme peýda getirer?

Ýolda, öýde, işde we birnäçe şunuň ýaly sosial gurşawlarda gan basyşynyň ýokarlanan wagty ýanyňyzdaky adamlarda şunuň ýaly alamatlary görüp bilersiňiz we siziň üstünligi ele almagyňyz aňsat  bolar.

Nähili?

Aýdyşym ýaly, eger bir dawada hakykatdanam siziň aýdýanyňyz dogry bolsa we garşyňyzdaky adamda ýokarda agzalyp geçilen alamatlary görseňiz, gözegçiligi ele almak tutuşlygyna siziň erkiňize baglydyr. Wyždanlyk duýgusyny ýitiren gaharly bir adam, siziň bilen dawalaşýan wagty ýüzüňizdäki arkaýynlyk zerarly size hiç wagt gödek çemeleşip bilmez.

Adam özünde hiç bir meseläniň ýoklugyny duýanda özüni ynamly duýýär we gazabynyň täsirinden halas bolýar. Siziň arkaýynlygyňyz zerarly  garşy tarapdaky adamyň soraglaryna oýlanşykly jogap berip ony razy edip onuň duýgy partlamalaryna sebäp bolup bilersiňiz. Duýgy partlamalaryna mysal hökmünde aglamaklygy alyp bileris.

Duýgy partlamalaryna sebäp bolmagymyz garşymyzdaky adamyň beýnisine gidýän ganyň azalmagy sebäpli, aýtýan zatlarymyza doly düşünip bilmeýänligi üçindir.

Şeýlelikde gysgaça aýdyp geçsek, iň gaharly ýagdaýdaky adamlaryň garşysynda hem, özüňize erk edip her hili dawadan (dogry bolan ýagdaýda) üstünlikli çykyp bilersiňiz.

Ýeketäk etmeli zadyňyz özüňize erk etmek.

Gaharly ýagdaýyndaky adamy nädip köşeşdirmeli?


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir