Göçürilmeýän ylham: nädip original işiňi ýasamaly Göçürilmeýän ylham: nädip original işiňi ýasamaly gurrun onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. onun için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Ylham diýilýäni bir geň zat. Bir görseň ol bar, soň bolsa gidýär, sende çyn bir zada öwrüp bolmajak yzlary goýup gidýär. Ençeme döredijilikli adamlar bu duýgy bilen tanyş – oňa bir düýş ýaly ýagdaý diýseň hem boljak. Haçanda bir zat döretmek islegi güýçli bolanda, ondan ýüz öwürmek kyn bolýar.
Ylham diýilyän zat sözler bilen düşündirmesi kyn bolan düýş ýaly bir zat. Kelläň pikirler, düşünjeler hemem fantaziýalardan doly. Kelläňde onuň gurluşy, görnüşi, duýgusy, hemme zady bar… ol eýýäm doly şekillenen we ol… jadyly.
Indiki ädim bolsa şu gaty gowy şekillenen kelläňdäki pikri kelläňden alyp durmuşa geçirmek. Bir tarapdan seretseň şu zat döredijilik prosesiniň iň kyn ýeri. Ylham bar, ýöne ony hakyky bir zada öwürmek biraz başgarak.
Hemme zat bir zadyň göçürmesiniň göçürmesi…
Ylhamyň bir aýratynlygy, ol mydama seniňki däl. Beýik Chuck Palahniukyň hem Fight Clubda aýdyşy ýaly, hemmezat bir zadyň göçürmesiniň, göçürmesiniň, göçürmesiniň… göçürmesidir. Ynhda-da sen, bir hekaýa, bir surat, bir animasiýa ýa bolmasa bir wideo kelläňde eýýäm düzülen. Dogrusy, bu pikir seniň şu wagta çenli sereden kinolaryň, okan kitaplaryň hem-de gören-eşiden zatlaryň jemi. Ol doly seniňki hem däl, ýöne ol tutuşlygyna başga biriniňki hem däl. Elementlar seniň ýatlamalaryňdan, duýgylaryňdan, hemem dürli wizuallardan alnan. Indi soralmaly sorag bolsa, “Bu originalmy?”
Munuň jogaby şeýle bir çylşyrymly däl. Onuň iki tarapy(bölegi) bar. Birinjisi – ýok, döretýän hiçbir zadyň dolulygyna original däl. Ýöne ikinji tarapdan bolsa, munuň beýle bolmagy seniň pikir edişiň ýaly möhüm hem däl. Biz sungat eserini originallyk üçin edemizok. Her bir zat hökman bir ýerde bir görnüşde hökman gaýtalanýar we bolmalysy hem şeýle.
Seniň işiň adamlara nähili duýgyny berýär?
Eger sen bir sungat işgäri hökmünde dünýäniň hiç görmedik bir zadyny döretjek bolýan bolsaň, biderek ýere kösenýäň. Bir tarapdan seretseň ol hiç bolmajak bir zat bolaýmasa, eger edesiň gelýän zat doly original zat döretmek bolsa.
Özüňe sora, “Döredýän eserim görýan adama originallyk duýgusyny berermi?”
Özüňe soralmaly iň esasy sorag , “Döredýän eserim görýän adama originallyk duýgusyny berermi?” Dogrusy, şu göz oňüne tutulmaly iň esasy zatlaryň biri. Eger-de jogabyň “hawa” bolsa, onda döreden zadyň diňleýjide/ tomaşaçyda/ okyjyda ozal gören, okan zadyndan üýtgeşik duýgy döreder, soňam, hawa, seniň döreden zadyň original.
Originallyk seniň öz tejribäňden döreýär.
Sen döreden zadyňy söküp bilmersiň, ol bolmaýar. Ylham beýle hereket edenok. Elbetde, käbir elementlere bölüp bolar, ýöne bulary goşaňda asyl bolmaly zat bolmaýar-da. Işiň originallygy seniň öz şahsy tejribäňden gelýär – başga hiçkimiňki hem däl. Ol seniň ýüregiňden, kelläňden, günuň geçişinden, geçenki tomusdaky ýatlamalaryňdan, iň halaýan kinoňdaky gowy bir bölekden, 12 ýaşyňda gowy gören gyzyňdan, toýlardaky seçgileri tutup bilmeýşiňden, we ş.m. gelýär.
Sungat eseri döretmegiň ýollary kän… Originallyk seniň özüňden gelýär, ýeketäk adam hökmünde.
Eger sen bir zat döretseň, ol hem, diýeli, 10 zadyň jemi bolsa, onuň original bolma ähtimallygy güýçli. Käbir elementleri başga adamlaryň eserlerine meňzeýändir, stili, bir bölegi, bir usuly ýaly. Şonda-da şeýledäki bir zat hakykatdanam original bolar sebabi, ony sen döretdiň – başga hiçkim däl. Umuman aýdanyňda, Originallyk ýeketäk adam hökmünde seniň özüňden gelýär.
Birdenem işiň başga biriniň eseri bilen meňzeşleşýändigini duýsaň, özüňe munuň haýsy elementlerdigini soramagyň gerek. Reňkimi ýa mowzugymy? Stilimi ýa-da esasy bölegimi? Meňzeşlikleri näme? Ýadyňda sakla, eser döretmegiň gaty köp ýollary bar. Diýjek bolýanym, originallygyň yzyndan ylgap ýörmegiň gerekçiligi ýok. Sungat eseri ýüzlerçe görnüşde döredilip bilner we nähili duýgulary emele getirjegi, hersini görýän adama bagly.
Sen eýýäm original.
Onda, indiki gezek bir zadyň üstünde işläp başlanyňda, kelläňde emele gelen pikir barka, durup pikirlenmekde peýda bar. Ýagny, esasy soralmaly sorag ýadyňda bolsun, “Men näme diýjek bolýaryn?”
Mümkin seniň aladaň deňi-taýy, hiç meňzeşi bolmadyk eser döretmekdir. Esasy etjek bolýan zadyň, şol kelläňdäki pikri alyp hakykada geçirmek. Ol hem originallygyň başlaýan ýeri. Galamyňy, kameraňy eliňe alaňda beýniňdäki öýjüklerden uçgunjyklar çykýar. Seniň pikriň edil şol wagt, şol ýerde özüni görkezýär – seniň ýeke-täk, owadan, ajaýyp pikriň. Ol eýýäm original sebäbi Sen. Original.
Çeşme: dribbble.com
0 Teswir