Guduz keseli adamy guduzlamak alamatlary näme? Guduz keseli adamy guduzlamak alamatlary näme? gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä dünýädäki iň ýokanç keselleriň biri bolan guduzlyk sebäpli her ýylda 59 müň adam ölýär. Guduzlama alamatlary näme, guduz keseli nädip ýokaşýar? Guduz sanjymy nähili bejerýär? Guduzlamanyň öňüni alyp bolarmy? Ine bu soraglara jogaplar:

Guduzlamak öý we wagşy haýwanlarda bolup geçýän zoonoz wiral kesel. Bu kesel adam bilen birlikde beýleki bütin süýdemdirijileriň merkezi nerw ulgamyna täsir edýär. 28-nji sentýabr Dünýä guduz keseli güni diýip yglan edildi. Muňa garşy göreşi güýçlendirmek üçin 2007-nji ýylda ýörite gurama döredildi. Ilkinji guduz waksinasyny oýlap tapan Louis Pasteuryň hatyrasyna 28-nji sentýabr ýörite saýlanyp alyndy.

Guduz näme we nähili ýokaşýar?

Guduz wirusy ýokaşan haýwanyň tüýküligi arkaly başga bir jandara, dişlemek, ýalamak arkaly ýokaşýar. Itler wirusyň iň köp ýaýran çeşmesidir we adam guduzlygynyň 95 göteriminden gowragy üçin jogapkärdir. Öý haýwanlaryndan ýa-da ýabany tebigatdan ýokaşma howpuny azaltmak, hem-de bu ölüm howply keseliň öňüni almak üçin iň gowy çäre sanjymdyr.

Guduzlama alamatlary näme?

Keseliň alamatlary ýüze çykandan soň, kesel haýwanlar üçinem, adamlar üçinem ölüme sebäp bolýar. Kliniki gözegçilikleriň esasynda guduz keselini anyklamak kyn we diagnoz köplenç ygtybarly däl. Haýwanlarda guduzlygyň iň ygtybarly alamatlary, özüni alyp barşyň üýtgemegi we düşündirilmedik progressiw ysmazdyr. Kesel haýwanlarda agressiw özüni alyp barşyň we ysmaz alamatlaryny görkezip biler.

Guduzlyk haýwanlardan adamlara ýokaşyp bilýär

Adamlarda guduzlygyň ilkinji alamatlary kelle agyry, gyzzyrma, garynjalanma we dişlenýän ýeriň golaýynda titremek ýa-da aşa duýgurlyk bolup biler. Köp adamlar gözbäbekleriň ulalmagy, ses we ýagtylyga üýtgeşik duýgurlygy, bedeniň temperaturasynyň üýtgemegini, tutgaýlygy, galýusinasiýalary we gidrofobiýany başdan geçirýärler.

Guduz adamlarda we haýwanlarda ilki ysmaza, soňra komada ýatmaga, netijede bolsa ölüme sebäp bolýar.

Guduzlamalarda irki anyklaýyş möhümdir!

Haýwanyňyz dişlände ýada şuňa meňzeş ýagdaýda guduz keselinden şübhelenýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. Sebäbi bu keselde irki anyklaýyş örän ähmiýetli. Ilki bilen ýarany derrew bejermeli: ýarany köp suw we sabyn ýa-da ýuwujy serişde bilen 15 minut töweregi ýuwuň. Soňra 70 göterim alkogol /etanol, ýa-da ýod çalyň. Ýarany mümkin boldugyça tikmegi gijikdiriň.

Derrew lukman bilen maslahatlaşyň. Lukman, adamda guduzlygyň döremeginiň öňüni almak üçin täsirden soňky profilaktika ýa-da öňüni alyş bejergisi barada bejergi berer.

Weterinarlar bu hem bu meselede size kömek edip biler.

Guduz sanjymy sizi gorar!

Guduz keseline garşy waksina arkaly ölümleri azaldyp bolar. Bu kesel esasanam Aziýa we Afrikada has ýaýrandyr.

Çeşme: www.cnnturk.com


0 Teswir

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir