Her bir ýetginjegiň okamaly kitaby Momo Her bir ýetginjegiň okamaly kitaby Momo gurrun .Onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Veya için, veýa,. onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Olmak onun için, veýa, onun için, veýa, onun için, veýa. Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa, Ruya onun için, veýa. Onun için, veýa, onun için, veýa. Oýle onun için, veýa, onun için. veýa, onun için, veýa, olmaz onun için. Veya, onun için, veýa, onun için, veýa. O zaman onun için, veya, onun için, veýa, onun için, veýa,
Wagt durmuşyň özüdir we durmuşyň ýeri hem ýürekdir.
Bu makalamda her bir ýetginjegiň okamaly kitaby barada gürrüň etmek isleýärin. Maýkl Endiniň bu kitabyny ilki ýetginjekler okamaly, soňra bolsa çagalara görelde bolar ýaly okap bermeli.
Bu kitapda eseriň baş gahrymany Momo. Ol köp adamda ýok bolan, aslynda ýönekeý ukyba eýe. Eýsem ukyp näme? DIŇLEMEK
Hiç kimiň birek-biregi diňlemeýän döwrümizde Momo bize nähili diňleýiji bolmalydygyny öwredýär. Diňlemegiň diňlenýän üçin nähili duýgulary berýändigini bize görkezýär.
Kitapda Momonyň nähili diňleýijidigi şeýle beýan edilýär:
“Az adam gowy diňlemegi başarýar. Diňlemek meselesinde Momonyň deňi taýy ýok. Ol hemme zady diňleýärdi. Mör-möjekleri, otlary, ýagyşy, hatda agaçlaryň arasynda aýlanýan şemaly. Her biri oňa öz dilinde bir zatlar aýdýardy.”
Hawa, diňlemek düşünmegiň ilkinji ädimi. Düşünmek üçin gowy diňlemek gerek. Diňe beýleki adamlary däl, öz içki sesimizi hem diňlemeli. Emma häzirki döwürde bar bolan işlilik bizde, wagtyň azlygyny getirýär. Adam durmuşy mydama ylgawda geçýär. Başgalarany diňlemäge wagtymyzyň bolmaýşy ýaly, özümizi diňlemäge hem wagt aýyramyzok.
Zir-zibilçi Beppo bolsa bize sapaklar berýän Momonyň ýakyn dosty. Ol mydama howlukmaç, kellesinde dürli işleri planlap ýören, işlere ýetişjek bolup özüni unudan, şol sebäpli hem bagtsyz ömri geçirýän adamlar barada, ýagny häzirki döwrüň adaty adamlary barada şeýle diýýär:
“Seret Momo. Käwagt öňüme uzyn ýol çykýar. Şeýle bir uzyn welin, soňy ýokdyr diýip pikir etmäge başlaýarsyň. Şol sebäpli soňuna ýetmek üçin howlugyp başlaýarsyň. Howlukdygyňça ýoluň azalmaýandygyna hem göz ýetirýärsiň. Uly yhlas bilen ylgap başlaýarsyň, emma sonuňda howa ýetmän başlaýar. Uzyn ýoluň entegem soňy görnenok. Ynsanogly ýoluň uzynlygyna seredip derrew netije çykarmaly däl. Her ädim üçin aýratyn pikirlenmeli. Ine şonda durmuş lezzetli bolar. Esasy işiňi hilli ýerine ýetirmekdir. Işiňi dogry ýerine ýetirseň, ýoluň gutarandygyny bilmänem galarsyň”.
Wagt….
Kitabyň esasy temasy. Häzirki döwürde köplenç tapmaýan wagtymyz. Kalendar öňe gitdikçe has çalt geçýän ýaly görünýän wagt. Mundan bir asyr öň 1 gün 24 sagat bolup, häzirki gün hamana azalan ýaly. Ösen lukmançylyk tehnologiýasy bilen adamyň ömür ýoly uzadylsada, wagt hiç kime ýetenok. Söýýän adamlarymyza, söýýän işlerimize boş wagt tapyp bilemizok. Başgalary diňlemäge, hatda özümizi diňlemäge hem wagt tapamyzok. Bu wagt ýetmezçilginiň içinde bir gün ýok bolup gidýäris. Elde mydama puşmanlyk galýar. Gynansakda geçen wagt hem yzyna dolanmaýar. Eserde “Ümür adamlar” bilen wagtymyzyň nähili elimizden alynýandygy görkezilýär. Elbetde bu metafora bize wagtyň nähili gymmatlydygyny, wagty nähili sarp edýändigimiz barada pikirlenmäge iterýär.
Wagtymyzy ogurlaýarlar eý doganlar! Mundan iň köp ejir çekýänem çagalar. Bu mesele babatda çagalar we Momo bize duýduryş berýär:
“Wagt: ony ölçemek üçin sagatlar, minutlar we kalendarlar düzüldi. Emma bular hiç zady aňladmaýar. Hemmeleriň bilşi ýaly käwagt bir sagat wagt hem ömür ýaly bolýar. Käwagt göz açyp ýumýançaň geçýär. Wagtyň bu gysgalygy ýa-da uzynlygy şol wagt edilen işe, bolan waka baglydyr. Çünki wagt durmuşyň özüdir. Durmuşyň ýeri bolsa ýürekdir.”
Kitapda wagty ogurlanan adamlar barada hem gürrüň edilýär. Olaryň uly depressiýany başdan geçirýändigi sada dilde beýan edilipdir.
Bu kitaby ilki ýetginjekler alyp okasyn, soňra bolsa çagalara okap bersin. Unutmaň! Töweregimizde biziň wagtymyzy ogurlamak isleýän örän köp zat bar. Wagtyň gadryny bilip, ony ogurlanmakdan goralyň.
Maýkl Endä hem bu kitaby ýazandygy üçin minnetdarlygymy bildirýärin…
Her bir sekundy manyly ýaşaň!
Ýazan: Reýhan Nuraý Duman (Psiholog, Maşgalara terapisti)
Çeşme: www.doktortakvimi.com
0 Teswir